Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOLUBERMEK [soluvermek], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet474/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   470   471   472   473   474   475   476   477   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOLUBERMEK [soluvermek], işl. 1. Dura-bara 
reňki 
öçübermek. 
2
Terligi 
gaçybermek, 
sülleribermek (ösümlik, gök önüm hakynda). 
SOLUGRAK [soluğura:k], syp. Reňki öçügsi 
görünýän, ýagty däl. Solugrak reňk ony gamgyn 
görkezýär. 
SOLUGYŞ [soluğuş], iş ady. Solukmak ýagdaýy. 
SOLUGYŞMAK [soluğuşmok], işl. Kem-
kemden solup başlamak, ýuwaş-ýuwaşdan solmak. 
Mülki öňe ýörese-de, onuň ýüregi reňki solugyşan 
gapynyň aňyrsynda galdy (

Edebiýat we sungat

). 
SOLUK, syp., ser. Solgun. 3. göç.m. 
Ýarawsyzlyk we ş.m. sebäplere görä, ýüzüniň reňki 
öçuk, solgun, saralan. Ýüzüň-ä gaty soluk görünýär 
(

Edebiýat we sungat

).
SOLUKDYRMAK [solukdurmok]; işl. Reňkini 
kem-kemden soldurmak. 
SOLUKLYK [solukluk], at, ser. Soluk görnüşli 
bolmaklyk, solgunlyk. 
SOLUKMA [solukmo], iş ady. Solukmak 
ýagdaýy. 
SOLUKMAK [solukmok], işl. Reňki kem-
kemden öçmek, solup başlamak. Onuň gözel keşbi 
barha solugýan ýaly, tebigy dabarasy barha egsilýän 
ýaly duýulýardy (G. Kulyýew). 
SOLUKMAKLYK [solukmokluk], iş ady. 
Solukmak ýagdaýy. 
SOLUŞ, iş ady. Solmak ýagdaýy. 
SOLUŞMAK [soluşmok], işl. 1. Solmaga 
ýakynlamak, solaňkyrlamak, solaňlamak, solup 
barmak, reňki öçüşmek. Gülli ýaglygy solşupdyr. 2
Terligi gaçyşmak, süllerişmek (ösümlik hakynda). 
SOM [so:m], syp., kön.s. Tutuş. Agyr hylgat, müň 
tümenden şaýlaryn, Seniň süňňüň som gyzyldan 
eýlärin (Şabende). Eje, eger gyzlaryny som gyzyla 
çümdürip, iner ýüki şaý-sepi bilen berseler hem sen 
olara barma (A. Gowşudow). 
◊ Som kümüş bolup durmak köp sanly kümüş 
şaý-seplerini dakynmak. Üsti-başy som kümüş bolup 
duran gelin dähedem-dessemläp ýöräp barýardy.  
SOMALAK [somolok], syp. Dim-dik bolup 
somalyp duran, somalyp görünýän. Bä, ol somalak 
zatlar nämekä? (B. Kerbabaýew).
SOMALMA [somolmo], iş ady. Somalmak 
ýagdaýy. 
SOMALMAK [somolmok], işl. 1. Dik durmak, 
dikelip durmak. dim-dik bolup durmak, sömelmek. 
Soňra iç işikde somalyp duran ýaş ýigide çaý 
getirmegi tabşyrdy (G. Kulyýew). 2. Çykyp durmak. 
Garaňkynyň içinde çatmanyň böwründe somalyp 
duran zadyň nämedigini saýgarmady. 
SOMALMAZLYK [somolmozluk], iş ady. 1
Dik durmazlyk, dikelip durmazlyk, dim-dik bolup 
durmazlyk, sömelmezlik. Ýoldaşlarynyň öňünde 
somalmaz ýaly, öz işiňi wagtynda ýerine ýetirmeli. 2
Çykyp durmazlyk.  
SOMALTMAK [somoltmok], işl. Dim-dik edip, 
dikeldip goýmak, sömeltmek. Bir burçda hasasyny 
somaldyp, bir aksakgal otyrdy (A. Gowşudow). 
SOMALYBERMEK [somoluvermek], işl. Dim-
dik bolup durubermek, sömelibermek. Näme birden 
somalyberdiň-le, hany aşak otur . 
SOMALYŞ [somoluş], iş ady. Somalmak 
ýagdaýy. 
SOMALYŞMAK [somoluşmok], işl. Birnäçe 
adam ýa-da birden köp taýak, tagta bölegi we ş.m. 
süýri zatlar somalmak. Somalyşyp durmaň, işli-işiňiz 
bilen boluň. 
SOMLABERMEK [so:mla:vermek], işl. Somlap 
baslamak. Zadyň bolany bilenem, ony somlabermek 
gelşikli zat däl. 
SOMLAMA [so:mlomo], iş ady. Somlamak 
ýagdaýy. 
SOMLAMAK [so:mlomok], işl. Eliňdäki zady 

ine, gör

diýen manyda öňe tarap uzatmak, 
hödürlemek. 
SOMLAMAKLYK [so:mlomokluk], iş ady. 
Somlamak ýagdaýy. 
SOMLAŞMAK [so:mloşmok], işl. Bilelikde 
somlamak, birnäçe bolup somlamak. Oglanlar 
ellerindäki taýaklaryny somlaşyp durdular. 
SOMLATMAK [so:mlotmok], işl. Somlamaga 
mümkinçilik bermek; somlap durmaga mejbur etmek. 
Olara ellerindäki taýaklaryny somladyp durma-da, 


273 
kow ýanyňdan. Elimdäki zatlary somladyp goýaýdyň-
la, gaçyrmankam elimden alsana.
SOMLAÝYŞ [so:mloýuş], iş ady. Somlamak 
ýagdaýy. 
SOMSA [somso], at. Içine üwelen et, sogan we 
ş.m. hurş salnyp bişirilýän gutap. Düýn ejem 
tamdyrda somsa bişirdi (B. Seýtäkow).
SOM-SAÝAK [so:m-saýak], hal. Ibirtde-zibirt, 
biri-biriniň yzyndan pyýada, ulagly we ş.m. gitme. 
Gün gijikdi, bazarçylar som-saýak gaýdyşýarlar (H. 
Derýaýew). 
SONA [sono], at. 1. Mäkiýan ördek. Ýaşylbaş 
sonalar, gazlar garkyldar, Haly harap düşer, köli 
bolmasa (Magtymguly). 2. göç.m. Aýal-gyzlara 
ýüzlenilip aýdylýan hoşamaý söz. 3. Gyza dakylýan 
at. 
SONAR [sonor], at. 1. Ülpüllap oturan bol gök 
ot. 2. Gök otuň köp ýeri, otly ýer, otluk meýdan. 
Sonaryňy iýdirmek iň gowy iýmitler berip, 
hezzet-hormat etmek. Oňa sonarymy iýdirendirin, o 
zatlaryň gadyr-gymmaty bolarmyka? 
SONARLABERMEK [sonorla:vermek], işl. 
Sonarlykda ýerde, otluk-suwluk ýerde otlap ýörmek, 
sonarlap ugramak.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   470   471   472   473   474   475   476   477   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling