SOPUÇYLYK [so:puçuluk], at. 1. ser. Sopulyk.
2. Yslam dini ýaýran ýurtlarda VIII asyrda dörän we
ahlak kadalaryny dogry berjaý etmek, ruhuňy
päklemek ýaly pikirleri öňe süren ugur, sufizm. Hoja
Ahmet Ýasawy sopuçylyk ideýalaryny ýokary derejä
ýetiren şahsyýetdir.
SOPULYK [so:puluk], at. Sopynyň ýagdaýy.
Sopulyk etjek, Soň Mekgä gitjek (R. Seýidow).
SOPUSYRAMAK [so:pusuromok], işl. Sopy
bolan bolmak, sopa mahsus häsiýetleri görkezmäge
çalyşmak.
SOPY [so:py], at. 1. Işana, ahuna, pire dini
taýdan gol beren adam. 2. Oglana dakylýan at
SORABERMEK [so:ra:vermek], işl. Bir zady
bilmek, anyklamak üçin sorap başlamak.
SORAG [so:roğ], at. 1. Jogap, düşündiriş talap
edilip berilýän sowal. 2. dil b. Soragy aňladýan,
soragy bildirýän düşünje. Sorag sözlemi. Sorag
çalyşmasy. Sorag belgisi.
◊ Sorag etmek bir zadyň anygyna ýetmek üçin
yzygiderli sorag bermek, jogapçydan soraşdyrmak..
SORAGÇY [so:roğçy], at. Bir zadyň anygyna
ýetmek üçin sorag berýän adam, sülçi. Ýeri, seni
soragçy goýdularmy, diýip, ol ýöwselläp ugrady (A.
Durdyýew).
SORAG-IDEG [so:roğ-i:değ], at. Birini ýa-da bir
zady soraşdyryp aňtama, habar tutma, ideme. Şekeriň
başyna nähili iş düşdi diýip, gören-bilenden sorag-
ideg etmelimi? (B. Kerbabaýew).
SORAG-JOGAP [so:roğ-joğa:p], at. Bir zady
anyklamak üçin berilýän sorag we alynýan jogap.
SORAGLABERMEK [so:roğla:vermek], işl.
Soraşdyryp
agtarybermek,
sorag-ideg
edip
gözläbermek.
SORAGLAMA [so:roğlomo], iş ady. Soraglamak
ýagdaýy.
SORAGLAMAK [so:roğlomok], işl. Soraşdyryp
agtarmak, sorag-ideg edip gözlemek, sorag salmak.
Günde biri gelýär seni soraglap (A. Kekilow).
Do'stlaringiz bilan baham: |