284
gatnaşygynyň hem-de özgerişlikleriniň mukdar
görkezijilerini
işleýän
we
öwrenýän
ylym;
köpçülikleýin hadysalary mukdar taýdan hasaba alyş.
STATISTIK [ystati:stik],
syp. Statistika degişli,
statistikanyň kanunlaryndan gelip çykýan
. Statistik
maglumatlara salgylanmasaň hem ak mermerli
Aşgabadyň keşbini görüp, haýran galýarsyň
(Gurbanguly
Berdimuhamedow,
Garaşsyzlyga
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).
STATUS [ysta:tus],
at,
ser.
Hukuk: hukuk
ýagdaýy.
STIL [isti:l],
at, dil b. 1. Haýsydyr bir ýazyja,
edebi esere, ugra, žanra häsiýetli
bolan dil
serişdeleriniň ulanylyş tärleriniň, usullarynyň jemi,
uslyp.
Romantik
stil.
On dokuzynjy asyryň
ortalaryndaky rus romanlarynyň stili. 2. Edebi diliň
kadalaryna laýyklykda sözleýşiň gurluşy, söz
arkaly
beýan etmegiň usuly.
Ýokary stil. Aralyk stil. Pes
stil.
3. Edebi diliň funksional görnüşi.
Resmi-iş stili.
Gepleşik stili. Ylmy stil. Publisistik stil. 4. Bir işiň
usuly, täri, ugry.
Edaranyň ýolbaşçydynyň işleýiş
stili.
STOL [ysto:l],
at. Aýaklarynyň üstünde durýan
giňden tekiz tagta görnüşli mebel.
Dörtburç stol.
Tegelek stol. Nahar stoly.
Ýazuw stoly. Iş stoly. Stoluň
başyna geçmek. Stoluň başyndan turmak. Otaga
giren ýeriňde üsti ak örtgi ýapylan stol dur (A.
Gowşudow).
Ýigit dolanyp öýe girdi-de, stoluň
başynda ornaşykly oturdy (B. Soltannyýazow).
Onuň
gözüne ak mata bilen örtülgi tegelek stoluň üstünde
duran owadan güldandaky bir desse çemen seçelenip
göründi (N. Pomma).
STUL [ystu:l / ysdu:l ],
at. Bir adam oturar ýaly
dört aýakly we arkasy ýaplanar ýaly oturgyç, mebeliň
bir görnüşi.
Okuwçylaryň stuly.
Do'stlaringiz bilan baham: