Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SURATKEŞ [su:rotkeş], at. Galam ýa-da dürli  ýagly reňkler, akwarel we ş.m. bilen surat çekýän  adam. SURATKEŞLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet488/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   484   485   486   487   488   489   490   491   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SURATKEŞ [su:rotkeş], at. Galam ýa-da dürli 
ýagly reňkler, akwarel we ş.m. bilen surat çekýän 
adam.
SURATKEŞLIK [su:rotkeşlik], at1. Suratkeşiň 
käri, ýagdaýy. Köňül gözgüsine ýaryň adyny, 
Suratkeşlik edip çyzmaly boldum (Magtymguly). 2
Surat çekmek hünärine degişli. Suratkeşlik mekdebi
SURATLANDYRMA [su:rotlonnurmo], iş ady. 
Suratlandyrmak ýagdaýy. 
SURATLANDYRMAK [su:rotlonnurmok], işl. 
Çeper dil bilen suratyny çekmek, obrazly 
şekillendirmek. 
SURATLANDYRMAKLYK 
[su:rotlannurmokluk], 
iş ady. 
Suratlandyrmak 
ýagdaýy. 
SURATLANDYRMAZLYK 
[su:rotIonnurmozluk], iş ady. Çeper dil bilen 
suratyny çekmezlik, obrazly şekillendirmezlik; 
görkezmezlik. 
SURATLANDYRYBERMEK 
[su:rotlonnuruvermek], işl. Suratlandyryp, görkezip 
başlamak. 
SURATLANDYRYLMAK [su:rotlonnurulmok], 
işl. Çeper dil bilen suraty çekilmek, obrazly 
şekillendirilmek; 
görkezilmek. 
Bu 
hadysa 
Magtymgulynyň 
birnäçe 
goşgusynda 
aýdyň 
suratlandyrylýar (

Edebiýat we sungat

). 
SURATLANDYRYŞ [su:rotlonnuruş], iş ady. 
Suratlandyrmak ýagdaýy. 
SURAÝY [sura:ýy], at, k.d. Suw, şerap guýulýan 
uzyn bokurdakly owadan gap. Suraýy gerdende, 
bykynda, bilde (Kemine). 
SURNAÝ [surna:ý / surnoý], at. Turba görnüşli, 
ýogyn sesli, misden ýasalan saz guraly. Surnaý çalyp, 
nagra kakyp şadyýan, Dokuz gündür döwran sürdi 
köşgünde (Mollanepes). 
SURNAÝÇY [surna:ýçy / surnoýçy], at. Surnaý 
çalýan adam. Öňde barýan surnaýçy we deprekçi 
ýöriş sazyny çalýardy 
SURNUGYBERMEK [surnuğuvermek], işl. 
Surnugyp başlamak. 
SURNUGYŞ [surnuğuş], iş ady. Surnukmak 
ýagdaýy. 
SURNUGYŞMAK [surnuğuşmak], işl. Birnäçe 
adam surnukmak. Uzak ýoldan surnugyşyp gelmek.
SURNUKDYRMAK 
[surnukdurmok], 
işl. 
Surnukmak katdyna ýetirmek, surnukmaga mejbur 
etmek. Uzak ýol, ine-gana iýip-içip bilmezligimiz bizi 
gaty surnukdyrdy.
SURNUKDYRYJY [surnukdurujy], syp. Halys 
ediji, gaty ýadadyjy, güýçden gaçyrýan. 
SURNUKMA [surnukmo], iş ady. Surnukmak 
ýagdaýy. 
SURNUKMAK [surnukmok], işl. Aç-suwsuz 
halys bolmak. 
SURNUKMAKLYK [surnukmokluk], iş ady. 
Surnukmak ýagdaýy. 


286 
SURNUKMAZLYK [surnukmozluk], iş ady. 
Gaty ýadamazlyk, halys bolmazlyk. 
SUST, syp. 1. Göwnüçökgün, keýpsiz, gamgyn, 
tukat. Sen sust görünýärsiň. 2. göç.m. Sesini-üýnüni 
çykarman, ýuwaş, hiç zat täsir etmeýän görnüşde. Ol 
sust görünýärdi. 
Sustuň basylmak ruhy taýdan basyş astynda 
bolmak, gaty çekinmek. Köpçülikden susty basylany 
üçin, sesini çykarman otyrdyIşden sustuň basylmak.
SUSAK [susok], at. Söwüt, garagaç ýaly gaty 
agaçlardan ýonulyp ýasalýan uzyn saply, uly çemçe 
görnüşli gural (suwuk nahar guýmak, susup almak 
üçin ulanylýar). 
Susagyň sapy ýetmek bir zadyň hojaýyny 
bolmak, erk-ygtyýaryny eliňe almak. 
SUSAKLABERMEK [susokla:vermek], işl. 
Susak bilen susup alybermek, susak bilen susup 
guýubermek. 
SUSAKLAMA [susoklomo], iş ady. Susaklamak 
ýagdaýy. 
SUSAKLAMAK [susoklomok], işl. Susak bilen 
susup almak; susak bilen susup guýmak. Çemçeläp
ýygnanymy susaklap dökmeli boldy. 
SUSAKLAMAKLYK [susoklomokluk], iş ady. 
Susaklamak ýagdaýy. 
SUSAKLAŞMAK[susokloşmok], işl. Birnäçe 
bolup susaklap almak, susak bilen almak. 
SUSAKLATMAK [susoklotmok], işl. Susak 
bilen susup aldyrmak, susak bilen susup guýdurmak. 
Suwy susakladyp guýdurdym. 
SUSAKLAÝYŞ 
[susokloýuş], 
iş 
ady. 
Susaklamak ýagdaýy. 
SUSAWAÇ [susowa:ç], at, gepl.d., ser. Susguç
SUSDURMAK[sussurmok], işl. Susak, susguç 
bilen susup aldyrmak. 
SUSGUÇ [susğuç], at. 1. Galla, un ýaly zatlary 
susup almak üçin tüneke demirden agaç sap 
oturdylyp ýasalýan enjam. 2. teh. Her hili 
mehanizmlerde susup almak üçin uly gap. 
Ekskowatoryň susgujy
SUSGUÇLABERMEK [susğuşla:vermek], işl. 
Susguç bilen susup alybermek. 
SUSGUÇLAMA 
[susğuşlomo], 
iş 
ady. 
Susguçlamak ýagdaýy. 
SUSGUÇLAMAK [susğuşlomok], işl. Susguç 
bilen susup almak. 
SUSGUÇLAMAKLYK [susğuşlomokluk], iş 
ady. Susguçlamak ýagdaýy. 
SUSGUÇLAÝYŞ 
[susğuşloýuş], 
iş 
ady. 
Susguçlamak ýagdaýy. 
SUSLAÇ [susloç], syp. Birneme sus, keýpsiz 
görünýän, gamgyn, tukat. Ol suslaç seslendi. 
SUSLANMAK 
[suslonmok], 
işl. 
Çökgün 
göwünli bolmak, keýpsizlenmek, tukatlanmak. Ol 
suslandy.  
◊ Suslanan ýaly bolmak bar zadyň sesi galmak, 
dym-dyrslyk aralaşmak. Töwerek suslanan ýaly 
boldy. 
SUSLAŞMAK [susloşmok], işl. 1. Belli bir
derejede susluk aralaşmak, keýpiň gaçyp başlamak, 
tukatlyk aralaşmak. 2. göç.m. Ýuwaşap başlamak. 
Biraz suslaşan hereket gaýnap başlady. 
SUSLUK, at. Sus ýagdaýda bolmaklyk (sus 
sözüniň 1-nji, 2-nji manylary boýunça). 
SUSMA [susmo], iş ady. Susmak ýagdaýy. 
SUSMAK [susmok], işl. Susak, susguç bilen 
susup almak.
SUSMAKLYK 
[susmokluk], 
işl. 
Susmak 
ýagdaýy. 
SUSMAZLYK [susmozluk], iş ady. Susup 
almazlyk. 
SUSRAK [susura:k], syp. Birneme sus, azda-
kände sus. Göwnüme bolmasa, goýnumyz susrak 
görünýär. 
SUSSUPES, syp. Göwni çökgün, şähdaçyk däl, 
keýpsiz, gamgyn, tukat.
SUSSUPESLIK
at. 
Sussupes 
ýagdaýly 
bolmaklyk. Hiç mahal sussupeslik etmäň. 
SUSUBERMEK [susuvermek], işl. Susup 
ugramak, susup başlamak. 
SUSULMAK [susulmok], işl. Susak, susguç bilen 
susmak arkaly alynmak. Gazandan iki ýola susulyp 
alnan nahar jamy doldurdy. 
SUSUŞiş ady. Susmak ýagdaýy. 
SUSUŞMAK [susuşmok], işl. Birnäçe bolup 
susmak. 
SUW, at. 1. Wodorodyň we kislorodyň himiki 
birleşmesi, reňksiz dury suwuklyk. Suw akar, daş 
galar, ýat gider – garyndaş galar (Atalar sozi). 2
Gök önümlerden, miwelerden sykylyp alynýan 
suwuklyk. Alma suwy. Käşiriň suwy. Üzümiň suwy. 
Hyýaryň suwy. Şugundyryň suwy.  
Suwa girip, suwdan gury çykmak her bir 
zatdan baş alyp çykyp bilmek. Suwa salma etmek 
pugta ýençmek, urmak. Suwa söýenmek biderek 
adama bil baglamak, ynanmak. Suw bermek pyçak, 
gylyç ýaly sowuk ýaraglar ýasalanda, taplananda 
olaryň berk bolmagy üçin gyzdyryp suwa, ýaga 
taşlamak usuly. Suw içen ýaly ökde. Suw içim 
salym (wagt) örän az wagt, sähelçe wagt. Suw içim 
salym 
geçmänkä, 
yzymyza 
dolandyk. 
Suw 
ogurlamak ýara azyp, içine iriň ýygnanmak, 
beterlemek. Suw seňrikden agmak boljak iş 
bolmak, bolup gutarmak. Suw sepilen ýaly bolmak 
galmagal, gürrüň birden ýatmak. Suwuna degmek
1) birine pugta käýemek, birini ýençmek, urmak. Ol 
Geldiniň suwuna degdi. 2) seýislemek maksady bilen 
aty suwa ýakyp, uzak bolmadyk aralyga çapdyrmak. 
Suwuny almak öň suw berlip ýasalan zady otda 
gyzdyryp ýumşadyp, soň işlemek, bejermek. Suwy 
düzgün etmek suwy pellere, joýalara akar ýaly 
etmek. Suwy süýjemek bişip ugramak. Suwy süýjän 
üzüm. Suwy ters akdyrmak ökde, sowatly bolmak. 
Suw ýaly çaga örän ýaşajyk çaga. Suw ýaly 
okamak sakynman, örän gowy okap bilmek. Suw 
ýaly ýarag örän göni hem oňat atýan ýarag, hiç kemi 
bolmadyk ýarag. Üzümiň suwy ýaly serÜzüm
SUWABERMEK [suwa:vermek], işl. Suwap 
başlamak. 


287 
SUWAG [suwoğ], at. Saman, topur we ş.m. suw 
bilen garylyp, diwaryň ýüzüne çalynýan palçyk. 
Tama suwag çekdi. Gara suwag. Şire suwag. 
SUWAGÇY [suwoğçy], at. Suwag işi bilen 
meşgullanýan gurluşykçy ussa. 
SUWALMAK [suwolmok], işl. Diwaryň, jaýyň 
we ş.m. ýüzüne suwag çekilmek. 
SUWAMA [suwomo], iş ady. Suwamak ýagdaýy. 
SUWAMAK [suwomok] I , işl. Diwaryň, jaýyň 
we ş.m. ýüzüne suwag çekmek. Ussadiwary gilmala 
bilen suwaýar. 
SUWAMAK 
[suwomok] 
II
işl., 
ser. 
Suwgarmak. Suwuk ýagdaýa geçmek, goýulygyny 
ýitirmek. Ýarma suwapdyr. 
SUWAMAKLYK 
[suwomokluk], 
iş 
ady. 
Suwamak ýagdaýy. 
SUWAMAZLYK 
[suwomozluk], 
iş 
ady. 
Suwamak işi ýerine ýetirilmezlik. 
SUWARA [suwa:ra], syp. Gowy bilýän, ökde (dil 
hakynda).
SUWARMA [suwormo], iş ady. Suwarmak 
ýagdaýy. 
SUWARMAK [suwormok], işl. 1. Ýere, ekine 
suw tutmak, suw goýbermek, suwa ýakmak. 2
Polatdan gyzdyrylyp ýasalýan pyçak, päki, palta, teşe 
ýaly zatlar taýýar bolandan soň, ýüzi gaýtmazlyk 
üçin olary ýokary derejede gyzdyryp, sowuk suwa 
ýa-da ýaga salyp goýmak. 
SUWARMAKLYK [suwormokluk], iş ady. 
Suwarmak ýagdaýy. 
SUWARMAZLYK [suwormozluk], iş ady. 
Suwarmak işini ýerine ýetirmezlik. 
SUWARTMAK [suwortmok], işl. Suwarmak 
işini başga birine etdirmek. 
SUWARYBERMEK 
[suworuvermek], 
işl. 
Suwaryp başlamak. 
SUWARYLMAK [suworulmok], işl. Suw 
tutulmak, suw berilmek. Suwarylan ekin. Suwarylan 
joýa. 
SUWARYM [suworum], at. Suwa ýakylma, suw 
berilme, suw goýberilme (ýer hakynda). Şu tutýan 
suwuň gowaçanyň näçenji suwarymy? 
SUWARYMLY [suworumly], syp. Suwarylyp 
ekin ekilýän. Suwarymly ýerler. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   484   485   486   487   488   489   490   491   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling