SUBUT [suvu:t]: subut etmek bir zadyň dogry
ýa-da nädogrudygyny tassyklap görkezmek.
SUBUTNAMA [suvu:tna:ma], at. Bir zady
tassyklaýan esas, delil.
SUBUTSYZ [suvu:ssuz], syp. Esassyz, delilsiz.
SUBYTLY [suvuýtly / suwuýtly], syp., gepl.d.
Derekli, derde ýarar ýaly, oňly. Ýöne olaryň içinde
subytly zat ýok öýdýän.
SUBÝEKT [subýe:kit], at, filos., logika. 1. Belli
bir zada, ýagny obýekte göz ýetirýän, pikir edýän we
hereket edýän şahs; aň ýetirişiň obýekti bolan daşky
dünýä garşy durýan mahluk; özi hakynda haýsydyr
bir zat tassyklanýan ýa-da inkär edilýän predmet, zat,
pikir ýöredişiň predmeti. 2. Grammatikada sözlemiň
eýesi.
SUDANLY [suda:nly], at, ser. Sudanlylar.
SUDANLYLAR [suda:nlylar], at. Sudanyň
araplardan we beýleki milletlerden ybarat halky.
SUDUR [sudu:r], at. Bir zadyň çala görünýän daş
görnüşi, şekili. Günüň sudury görünmeýärdi.
SUGŞURMA [suğşurmo], iş ady. Sugşurmak
ýagdaýy.
SUGŞURMAK [suğşurmok], işl. 1. Gaba
salynýan zatlary biri-birine degrip, gysyşdyryp,
basyşdyryp, itişdirip goýmak. Zatlaryňy sugşuryp
salmasaň, çemedanyňa ýerleşmez. 2. Jaýdar söz
aýtmak. Sözlerini yzly-yzyna sugşurdy. 3. gepl.d.
Bedeniniň bir ýerine jaýdar urmak, ýelmemek.
Ýeňsesine sugşuryp goýbermek.
SUGŞURMAKLYK [suğşurmokluk], iş ady.
Sugşurmak ýagdaýy.
SUGŞURTMAK [suğşurtmok, işl. Biriniň
sugşurmagyna ýol bermek, mümkinçilik döretmek.
SUGŞURYBERMEK
[suğşuruvermek],
işl.
Sugşuryp başlamak.
SUGŞURYLMAK [suğşurulmok], işl. 1. Gaba
salynýan zatlar biri-birine degrilip, gysyşdyrylyp,
basyşdyrylyp, itişdirilip goýulmak. 2. Jaýdar söz
aýdylmak. Yzly-yzyna sugşurylyp aýdylýan sözler
onuň janyndan ötdi. 3. gepl.d. Bedeniniň bir ýerine
jaýdar urulmak, ýelmenmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |