Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SUWARYŞ [suworuş], iş ady. Suwarmak ýagdaýy. SUWARYŞMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SUWARYŞ [suworuş], iş ady. Suwarmak
ýagdaýy. SUWARYŞMAK [suworuşmok], işl. 1. Suwarmaga kömek etmek. Ol kakasyna kärende ýerini suwaryşdy. 2. Bilelikde suwarmak. Olar ýerlerini suwaryşyp ýör. SUWAŞDYRMAK [suwoşdurmok], işl. Birnäçe ýerini suwap çykmak. Haýatyň ýykylan ýerlerini suwaşdyrmak. SUWAŞMAK [suwoşmok], işl. 1. Birine suwamaga kömekleşmek. Jaýyň diwarlaryny suwaşmak. 2.Bilelikde suwamak. Adamlar jaýyň daşyny suwaşyp durdular. SUWATMAK [suwotmok], işl. Suwamak işini başga birine etdirmek. Indi jaýyň diwarlaryny suwatmak galdy. SUWAÝYŞ [suwoýuş], iş ady. Suwamak ýagdaýy. SUWBURÇY [suwvurçy], at. Dag eteklerinde we derýa ýakalarynda ösýän, dermanlyk ösümlik. SUWÇY, at. 1. Ýer suwarmak bilen meşgul bolýan adam. 2. gepl.d. Suw getirip berýän kömekçi. Esli wagt traktorçynyň suwçusy bolup işledim ( Edebiýat we sungat ). 3. gepl.d. Agyz suwuny getirip satýan adam. Bize-de suw getireweri, suwçy. SUWÇULYK [suwçuluk], at. Suw tutýanyň, suwçynyň käri, ýagdaýy. Men ýylyň başyndan aýagyna çenli suwçulyk edýärin. SUWGARMAK [suwğormok], işl. Goýy görnüşden suwuk hala geçmek, suwuk bolmak. SUWGUŞY [suwğuşy], at. Petekesi akja, uzyn inçe aýakly, suwda ýaşaýan guş. SUWJARMA [suwjormo], iş ady. Suwjarmak ýagdaýy. SUWJARMAK [suwjormok], işl. 1. Sähelçe suwuklyk, nem çykyp durmak. Ýarasy suwjaryp dur. 2. göç.m. Suwjuklyk etmek, batnyksyz bolmak. Uly adam suwjaryp dursa, gaty gelşiksiz görünýär. SUWJARMAKLYK [suwjormokluk], iş ady. Suwjarmak ýagdaýy. SUWJARMAZLYK [suwjormozluk], iş ady. Suwjaryp durmazlyk. SUWJARTMAK [suwjortmok], işl. Suwjuklyk, suwumsyzlyk etdirmek, batnyksyz boldurmak. Sen gürrüňiňi gaty bir suwjartmasana. SUWJARYBERMEK [suwjoruvermek], işl. Suwjaryp başlamak. SUWJARYLMAK [suwjorulmok], işl. Suwjuklyk, suwumsyzlyk edilmek, batnyksyz bolunmak. Suwjarylmak bilen işiň bitmeýändigini siz menden gowurak bilýänsiňiz. SUWJARYŞ [suwjoruş], iş ady. Suwjarmak ýagdaýy. SUWJUGRAK [suwjuğra:k], syp. Kilçigräk, batnyksyzrak. Suwjugrak söz. SUWJUK,syp. Kilçik, batnyksyz. Suwjuk geplemek. Suwjuk adam. SUWJUKLYK [suwjukluk], at. Suwjugyň ýagdaýy, suwumsyzlyk, kilçiklik. Onda ne galmagal bar, ne-de suwjuklyk ( Edebiýat we sungat ). SUWKESER, at. Gäminiň, uly gaýygyň baş tamazyna ýüzi ýukaldylyp, dik berkidilen tagta. SUWKÄDI [suwkä:di], at. Içine suw guýulýan kädi.Gadym wagtlarda gyzlar suwkädisini egnine göterip, suwa gider ekenler. SUWKÜÝZE [suwküýzö], at. Suw guýmak üçin ulanylýan uly bolmadyk küýze. Kerwenler üç günigeçirip, dördünji güni gitmekçi bolanlarynda, olaryň bir suwküýzeleriniň gulpy döwlüpdir ( Türkmen halk ertekileri ). SUWLABERMEK [suwla:vermek], işl. Suwlap başlamak, dowamly suwlamak. Eliňe bedräni al-da, gapyny suwlaber. SUWLAK [suwlok], at, kön.s.Suwly, çeşmeli ýer. Hem suwlagym, şikärgähim sen idiň ( Ýusup – Ahmet ). 288 SUWLAMA [suwlomo], iş ady. Suwlamak ýagdaýy. SUWLAMAK [suwlomok], işl. 1. Suw sepip öllemek, suw sepmek. Töweregi suwladyk. 2. şahyr. Suw içmek. Serhowuzdan suwlamadan galypsyň, Hasabyň bolupdyr demden, araby (Baýly şahyr). SUWLAMAKLYK [suwlomokluk], iş ady. Suwlamak ýagdaýy. SUWLAMAZLYK [suwlomozluk], iş ady. Suw sepip öllemezlik, suw sepmezlik. SUWLANMAK [suwlonmok], işl. 1. Suw sepip öllenmek, suw sepilmek. Gündizden suwlanyp, howlynyň meýdançasy arassalanypdyr. 2. göç.m. Birneme daýanmak, ýüzi reňkine gelmek. Onuň ýüzi suwlanana meňzeýär. 3. Suw içip ganmak, suw içmek. Aždarhadyr, marlarydyr güwlener, Aýrak, goç, ak maral munda suwlanar (Misgingylyç). Ýaz paslynda bezenersiň al-elwan, Suwlanar çeşmäňde ýüz dürli haýwan (Baýly şahyr). SUWLAŇ [suwloň], syp. 1. Suwuk (nahar hakda). Nahar suwlaň bolupdyr. 2. Heniz eti-gany berkäp ýetişmedik, suw ýaly (çaga hakda). Suwlaň çaga. SUWLAŇJA [suwloňjo], syp. Ýaşajyk, näzijek. Başy ýaglykly, garagözelek, suwlaňja gyza gözi düşdi ( Edebiýat we sungat ). SUWLAŇRAK [suwloňura:k], syp. Suwugrak (nahar hakda). SUWLAŞMAK [suwloşmok], işl. 1. Suwlamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup suwlamak. Gelinler daşaryny suwlaşyp ýörler. SUWLATMAK [suwlotmok], işl. Suwlamak işini başga birine etdirmek. Bagyň aşagyny suwlatmak. SUWLAÝYŞ [suwloýuş], iş ady. Suwlamak ýagdaýy. SUWLUGYBERMEK [suwluğuvermek], işl. Ýeriň üstki gatlagynyň içi bilen süýnüp gidibermek (azal, plug hakynda). SUWLUGYŞ [suwluğuş], iş ady. Suwlukmak ýagdaýy. SUWLUK I,syp. Suwy bol, suwy köp, bol suwly. Olaryň ýurdy suwluk ýurt. SUWLUK II, at. Uýanyň atyň agzyna salynýan halkaly demri, agyzzyryk. Meniň atymyň suwlugy çykypdyr ( Görogly ). SUWLUKMA [suwlukmo], iş ady. Suwlukmak ýagdaýy. SUWLUKMAK [suwlukmok], işl. Ýeriň üstki gatlagynyň içi bilen süýnüp, ýumlugyp gitmek (azal, plug hakynda). Suwlugyp barşyna, ýeri aňsatlyk bilen agdaryşyna guwandy. SUWLUKMAKLYK [suwlukmokluk], iş ady. Suwlukmak ýagdaýy. SUWLUKTORBA [suwlukto:rvo], at. Içine iýer- içer ýaly zatlar we ş.m. salnyp, ýanyň bilen göterilýän torba. SUWLUKÝOL [suwlukýo:l], at, gepl.d. Uzak ýola gidilende – suw içmek üçin düşlenýän iki düşelgäniň aralygyny aňladýan aralyk, uzaklygyň takmyn ölçegi. SUWLULANDYRMAK [suwlulonnurmok], işl. Ýap, howdan we ş.m. arkaly ýerlere suw eltmek, suw bermek, suw bilen üpjün etmek. Etraby suwlulandyrmak hakynda edilen iş bijaý köp. SUWLULANDYRMAZLYK [suwlulonnurmozluk], iş ady. Ýap, howdan we ş.m. arkaly ýerlere suw eltmezlik, suw bermezlik, suw bilen üpjün etmezlik. SUWLURAK [suwlura:k], syp. Düzüminde suwy köpräk. Şu almalaryň-a öňkülerden suwlurak. SUWLUŞ, iş ady. Suwulmak ýagdaýy. SUWLY, syp. 1. Düzümindaki suwy ýeterlik, ter. Hyýar örän ter, hem suwly bolýar. 2. göç.m. Sowuk ýarag we ş.m. ýasalandan soň gyzdyrylyp, berk bolmagy üçin gyzgynlygyna sowuk suwa, ýaga batyrylyp taplanan, suw berlen. ◊ Suwly äkidip, suwsuz getirmek hilegärlik etmek, mekirlik edip, gaty aldamak, aldap işiňi görmek. SUWOTY, at. Suwluk ýerlerde gögerýän uzyn inçe ýaprakly, başy seçelenip duran däneli ösümlik. SUWÖLÇEÝJI [suwölçöýjü], at. Harçlanýan suwuň mukdaryny ýa-da onuň akyş derejesini ölçemek üçin ulanylýan gural. SUWSABERMEK [suwsa:vermek], işl. Suwsap başlamak, suwsap ugramak. SUWSALMAK [suwsolmok], işl. Suw içesiň gelmek, suwsuzlygyň, teşneligiň duýulmak. SUWSAMA [suwsomo], iş ady. Suwsamak ýagdaýy. SUWSAMAK [suwsomok], işl. 1. Suw içesiň gelmek, suwsuzlygyňy duýmak, teşneligiňi duýmak. 2. Suwy kem bolmak, suw ýetmezlik etmek (ösümlik, ekin hakda). SUWSAMAKLYK [suwsomokluk], iş ady. Suwsamak ýagdaýy. SUWSAMAZLYK [suwsomozluk], iş ady. 1. Suw içesiň gelmezlik, suwsuzlygyňy duýmazlyk, teşneligiňi duýmazlyk. 2. Suwy kem bolmazlyk, suw ýetmezlik etmezlik (ösümlik, ekin hakynda). SUWSAŞMAK [suwsoşmok], işl. 1. Bile suwsamak. Olar meýdandan suwsaşyp geldiler. 2. Suwy kem bolmak, suw ýetmezlik etmek (ösümlikler, ekinler hakda). SUWSATMAK [suwsotmok], işl. 1. Suwsar ýaly etmek, suwsamak derejesine ýetirmek. Gawun- garpyz pazyllaryny düwünçege durmazyndan öň az- kem suwsatsaň, hasyly gowy bolýar. SUWSAÝYŞ [suwsoýuş], iş ady. Suwsamak ýagdaýy. SUW-SIL [suw-si:l], hal. Bütin töwerege ýaýraýan bol suw. Birdenem asman ähli suwuny döken ýaly, dünýäni suw-sil edip, çabga geldi... (Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer). Ýagan ýagyş töweregi suw-sil etdi. SUW-SÖL, at, gepl.d. Suw.Öýde suw-sölem ýok eken. SUWSURAMAK [suwsuromok], işl., ser. Suwsamak. Gawun pazyllary suwsurap, ýapraklaryny sallaşyp otyrlar. 289 SUWSUZ, syp. 1. Düzüminde suwy, şiresi az, ter däl. Suwsuz alma. 2. Suwsaýan, suw isleýän. Özüniň açdygyna, suwsuzdygyna garaman, ökjesi ýeňledi ( Edebiýat we sungat ). 3. Suw içmän, suwa ýakylman, teşne. Düýe bir hepdeläp suwsuz oňup bilýär. 4. Suw akmaýan, guran. Suwsuz ýap. Suwsuz guýy. SUWSUZLYK [suwsuzluk], at. Suw ýetmezlik, suwsamaklyk. SUWSUZRAK [suwsuzura:k], syp. Azda-kände suwsuz. SUWUDYLMAK [suwudulmok], işl. Goýy halyndan suwuk halyna getirilmek, suwly edilmek, suwgardylmak. SUWUDYŞ [suwuduş], iş ady. Suwutmak ýagdaýy. SUWUDYŞMAK [suwuduşmok], işl. Goýy halyndan suwuk halyna getirişmek, suw ýaly edişmek. SUWUGRAK [suwğura:k], syp. Иolmalysyndan suwy köpräk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling