Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet492/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   488   489   490   491   492   493   494   495   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜMMÜLLEMEKLIK [sümmüllömöklükl, iş 
ady. Sümmüllemek ýagdaýy. 
SÜMMÜLLEMEZLIK |sümmüllömözlük|, iş 
ady. Sümmül almazlyk. 
SÜMMÜLLENMEK 
[sümmüllönmök], 
işl. 
Sümmül alynmak. Sümmüllenen garpyz. 
SÜMMÜLLETMEK 
[sümmüllötmök], 
işl. 
Sümmül aldyrmak. Garpyzy sümmülledip görmek. 
SÜMMÜLLEÝIŞ 
[sümmüllöýüş] 
iş 
ady. 
Sümmüllemek ýagdaýy. 
SÜMMÜLLÄBERMEK 
[sümmüllä:vermek], 
işl. Sümmülläp başlamak. 
SÜMMÜLSUWY, at, gepl.d. Bugdaýa berilýän 
iň soňky suw. Bugdaýyň sümmülsuwuny berdik. 
SÜMRE [sümrö]: sümre geýmek kellä geýilýän 
geýimi basyp, çümre geýmek. Ol telpegini sümre 
geýip, daş çykdy. 
SÜMRÜBERMEK [sümrüvermek], işl. Sümrüp 
başlamak. 
SÜMRÜLMEK [sümrülmök], işl. Açgözlük 
bilen çalt-çaltdan iýilmek. 
SÜMRÜŞiş ady. Sümürmek ýagdaýy. 
SÜMRÜŞMEK [sümrüşmök], işl. Köp bolup 
açgözlük bilen çalt-çaltdan iýilmek. 
SÜMSÜLDEMEK [sümsüllömök], işl., gepl.d., 
ser. Sümsünmek
SÜMSÜLE [sümsülö], at, zergärç. Uly gyzlaryň 
we ýaş gelinleriň tahýalarynyň ýa-da börükleriniň
etegine dakynýan uzynja şelpe ýapraklyja düzme 
bezeg şaýy. Sümsüleler jyňňyrdaşar. 
SÜMSÜNIBERMEK [sümsünüvermek], işl. 
Sümsünip başlamak. 
SÜMSÜNIŞ [sümsünüş], iş ady. Sümsünmek 
ýagdaýy. 
SÜMSÜNIŞMEK[sümsünüşmök], işl. Birnäçe 
bolup oslanmaýan ýerde ysyrganyp, kaňkap ýörmek .
SÜMSÜNME [sümsünmö], iş ady. Sümsünmek 
ýagdaýy. 
SÜMSÜNMEK 
[sümsünmök], 
işl. 
1
Oslanmaýan ýerde ysyrganyp, kaňkap ýörmek, 
sümüsgenmek. Nirde näme barka diýip sümsünip 
ýörme. 
SÜMSÜNMEKLIK [sümsünmöklük], iş ady. 
Sümsünmek ýagdaýy. 
SÜMSÜNMEZLIK[sümsünmözlük], iş ady. 
Sümsünip ýörmezlik. 
SÜMÜBERMEK [sümüvermek], işl. Sümüp 
başlamak. 
SÜMÜK, at. Burundan gelýän şepbeşik 
suwuklyk. 
SÜMÜKLI [sümüklü], syp. 1. Burundan sümügi 
akyp duran. Sümükli çaga. 2. göç.m. Özüni oňarman 
ýören, nalajedeýin, lellim (oglan hakda). Bu iş her 
bir sümükliniň elinden geljek zat däl. 
SÜMÜLMEK [sümülmök], işl. 1. Sümelgeden 
ýa-da bir deşikden, aralykdan ýapyrylyp, eglip 
geçmek. Ol sümelgeden sümlüp geçdi. 2. Bir zadyň 
içine girilmek, içinde ýerleşilmek, gizlenmek. 3. Bir 
ýere, işe aralaşmak. 
SÜMÜRME [sümürmö], iş ady. Sümürmek 
ýagdaýy. 
SÜMÜRMEK [sümürmök] Iişl. Açgözlük bilen 
symyşlap iýmek, sygnamak. Sümrüp oturmak. 
SÜMÜRMEK [sümürmök] II, işl. Başgaby 
çümre geýmek, üstünden basyp geýmek. Sowukdan 
ýaňa telpegini sümrüp geýipdir. 
SÜMÜRMEKLIK [sümürmöklük] I, II, iş ady. 
Sümürmek ýagdaýy. 
SÜMÜRMEZLIK [sümürmözlük] iş ady. 
Açgözlük bilen symyşlap iýmezlik. 
SÜMÜŞiş ady. Sümmek ýagdaýy. 
SÜMÜŞMEK [sümüşmök], işl. 1. Birnäçe bolup 
sümelgeden ýa-da bir deşikden, aralykdan ýapyrylyp, 
eglip geçip başlamak. 2. Bir zadyň içine yzly-yzyna 
sümmek. 
SÜNBÜL [sümmül], at. 1ser. Sümmül I2k.d., 
göç.m. Söýgüliniň saçy. 
SÜNÇMEK [sünçmök], işl., ser. Sançmak
SÜNJÜLMEK [sünjülmök], işl. 1. Sünjülip 
goýulmak, sanjylyp goýulmak. Iňňe ýumaga 
sünjülipdir2ÇümmekTiken sünjülmek. 
SÜNNET [sünnöt], at. 1. Däp-dessur, adat, 
düzgün; Muhammet pygamberden galan dini däp, 


292 
kada. Kyýamat gün güwämiz – sünnet bilen parz 
dälmi? (Magtymguly). Pygamber sünnetin berjaý 
Kylaýyn diýseň öýlengin 
(Magtymguly). 
2
Musulmanlarda ýaşajyk oglanlaryn erkeklik 
agzasynyň pürçügini kesip aýyrmak däbi. 
Sünnete ýatyrmak Yslam dinine eýerýän 
halklarda oglanyň ujudynyň pürçügini kesip 
aýyrmak. Oglany sünnete ýatyrdylar. Sünnet toýy 
çaganyň sünnete ýatyrylmagy mynasybetli geçirilýän 
toý. 
SÜNNETLEME 
[sünnötlömö], 
iş 
ady. 
Sünnetlemek ýagdaýy. 
SÜNNETLEMEK [sünnötlömök], işl., ser. 
Sünnet: sünnete ýatyrmak. 
SÜNNETLEMEKLIK [sünnötlömöklük], iş ady. 
Sünnetlemek ýagdaýy. 
SÜNNETLENMEK 
[sünnötlönmök], 
işl.
Sünnet edilmek, sünnete ýatyrylmak. 
SÜNNETLETMEK [sünnötlötmök], işl. Sünnet 
etdirmek, sünnete ýatyrtmak. 
SÜNNETLEÝIŞ 
[sünnötlöýüş], 
iş 
ady. 
Sünnetlemek ýagdaýy. 
SÜNNÄLEME [sünnä:leme], iş ady. Sünnälemek 
ýagdaýy. 
SÜNNÄLEMEK [sünnä:lemek], işl. Timarlap,
nepis bejermek, tikmek. Ol örän sünnäläp bejerilen 
akgaýma tahýady (

Edebiýat we sungat

). 
SÜNNÄLEMEKLIK [sünnä:lemeklik], iş ady. 
Sünnälemek ýagdaýy. 
SÜNNÄLEMEZLIK [sünnä:lemezlik], iş ady. 
Sünnäläp ýerine ýetirmezlik. 
SÜNNÄLETMEK [sünnä:letmek], işl. Sünnäli 
bolar ýaly, sünnälenen derejede bejertmek. 
SÜNNÄLEÝIŞ [sünnä:leýiş], iş ady. Sünnälemek 
ýagdaýy. 
SÜNNÄLÄBERMEK [sünnä:lä:vermek], işl. 
Sünnäläp ýerine ýetiribermek. 
SÜNNÄLI 
[sünnä:li], 
syp
Sünnälenen, 
sünnälenip bejerilen. Sünnäli iş
SÜNNI [sünnü], at. Yslam dininiň adybir 
mezhebiniň tarapdary, sünnülige eýerýän musulman. 
Bu hut Görogly sünniniň özüdir (

Görogly

). 
SÜŇI [süňü], at, kön.s.Naýza. 
SÜŇKat. 1. Adam, haýwan bedeniniň daşyna et 
ören gaty süýekleri. 2göç.m. Beden, göwre. 
Süňk başyiri süňkleri iri, süňklek, daýaw, 
berdaşly (adam hakynda). Gara öýüň ortasyndaky 
ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman 
oturan ýaşy elli çemesi, süňk başy iri, ýüzi nurana 
kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň ýakalaryny 
çekişdirip, 
syýyny 
ýygnap, 
has-da 
tijendi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer). 
Süňk getirmek malyň aýagy zarbygyp, ownuk 
süňklerine zyýan ýetip, süňk döremek. Süňk hossary 
adamyň ýakyn dogan-garyndaşlary. Süňklerinden 
torba asaýmaly örän hor, arryk düşen, süňkleri 
somalyşyp duran. Süňk tapan it ýaly bolmak bir 
zada begenmek, ýylgyrmak. Süňk (süňňüni) 
yzarlamak aslyna, gelip çykyşyna garamak. 
SÜŇKLEGRÄK [süňklöğürä:k], syp. Süňki 
iriräk. 
SÜŇKLEK [süňklök], syp. Süňki iri, daýaw, 
daýanykly, süňk başy iri. Ol süňklek oglandy. 
SÜŇKLI [süňklü], hal, syp. Süňki köpräk, eti 
azrak. Alan etiň süňkli eken 
SÜŇK-SAŇK, at. Süňkdür süňke meňzeş zatlar, 
süňk bölekleri. Şol taýda süňk-saňklary gemrip 
ýörkäm, töweregime üýşen aç itler meni dalady 
(

Myraly

). 
SÜŇKSÜZsyp. 1. Süňki bolmadyk. Süňksüz et. 
2. göç.m. Örän gowy häsiýetli, mylaýym gylykly, 
ýumşak. Süňksüz gowy adam. 
SÜŇKSÜZRÄK [süňksüzürä:k], syp. Süňki 
azrak. 
SÜŇ(Ň) [süň(ň)], at. 1. Adamyň bedeni, tutuş
durky (düýp söze birinji, ikinji we üçünji şahsyň 
goşulmasy goşulyp ulanylýar. Meselem: süňňüm, 
süňňüň, süňňi we ş.m.). 2göç.m. Asly, gelip çykyşy. 
Süňňi haramylar gaýtmaz raýyndan, Ýaşy gaýdyp, 
sakgal agarmak bilen (Zelili). 
Süňňi gagşamak bütin durkuň bilen titremek 
sandyramak. Şu ýerde süňňi gagşady. Süňňi gowşak 
aslynda, bedeninde bir hili gowşaklyk bolan. Süňňi 
sagat sagdyn bedenli, jany sag. Ol süňňi sagat adam. 
Süňňi ýeňil çalasyn hereket edýän, sagat. Enäniň 
süňňi 
ýeňildi. 
Süňňünden 
syzan 
perzent. 
Süňňüňden syzdyryp aýtmak tüýs ýürekden 
aýtmak. Süňňüň agarmak azap, ezýet, horluk 
görmek, zulum çekmek, halys bolmak. Süňňüň 
gowşamak bedeniňde bir hili gowşaklyk duýmak. 
Süňňüňi tutup bilmezlik sowukdan gahardan, 
gorkudan we ş.m. ýaňa özüňi asuda saklap bilmän 
titremek, galpyldy aralaşmak. Süňňüni tutup bilmän 
gagşady. Süňňüň syzmak nämedir bir zadyň 
boljaldygyny öňünden duýmak, aňmak. 
SÜŇŞÜK, at. Gaýma bilen ilki dörtden tutulyp, 
soň üç, iki, bir sanjylyp, aşakly-ýokarly gidýän tahýa 
we geýime salynýan nagyş. Tahýa salnan süňşük 
ýerbe-ýer düşüpdir. 
SÜŇÜLEMEK [süňülömök], işl., kön.s.Süňi 
(naýza) bilen urmak, süňi bilen sünçmek. Olony 
süňüledi (

Kitaby dedem Gorkut

). 
SÜŇÜLIK [süňülük], at, kön.s.Naýzanyň ujuna 
geýdirilýän demir. Süňüligi Depegözüň gözüne eýle 
basdy, kim Depegözüň gözi heläk oldy (

Kitaby 
dedem Gorkut

). 
SÜPLEME [süplömö], 1. iş ady. Süplemek 
ýagdaýy. 2ser. Süplük
SÜPLEMEK [süplömök], işl. 1. Syryp-süpürip, 
bir ýere üýşürmek, toplamak (ýandagyň dökülen 
pürleri we ş.m. çöp-çalam hakynda). 2. göç.m. 
Nebsewürlik bilen iýmek, syryp-süpürip almak. Bu 
günler sürüdäki goýunlar saman süpläp ýörenok. 
SÜPLEMEKLIK 
[süplömöklük], 
iş 
ady. 
Süplemek ýagdaýy. 
SÜPLEMEZLIK 
[süplömözlük], 
iş 
ady. 
Süplemek işini ýerine ýetirmezlik. 
SÜPLENMEK [süplönmök], işl. 1. Syryp-
süpürip bir ýere üýşürilmek, toplanmak. Süplenip 


293 
goýlan saman-sepiri towuklar aýaklary bilen 
peşeýärdiler. 2. Nebsewürlik bilen iýilmek; syryp-
süpürip alynmak. 
SÜPLEŞMEK [süplöşmök], işl. 1. Süplemäge 
kömek etmek. 2. Bile süplemek. Olar atylan 
harmanyň düýbünde galan harpyklary süpleşip 
ýördüler
SÜPLETMEK [süplötmök], işl. Süplemek işini 
başga birine etdirmek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   488   489   490   491   492   493   494   495   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling