Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SÜPLEÝIŞ [süplöýüş], iş ady. Süplemek ýagdaýy. SÜPLÄBERMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SÜPLEÝIŞ [süplöýüş], iş ady. Süplemek
ýagdaýy. SÜPLÄBERMEK [süplä:vermek], işl. Süpläp ugramak; süplemegi dowam etdirmek. SÜPLÜK, at. Süpürilip, toplanyp goýlan ownuk çöp-çalam, saman-sepir. Daş işigindäki ojaga süplük döküp ot berýär. Onuň aýaly süplükleri syryşdyryp ýördi. SÜP-SÜÝJI [süp-süýjü], syp. Örän süýji. SÜPÜGRÄK [süpüğürä:k], syp. Azda-kände süpük. SÜPÜK, syp., gepl.d. Araga ýa-da neşä özüni aldyran, arak içmän ýa-da nese etmän oňup bilmeýän. Süpük arakkeş. SÜPÜRIBERMEK [süpürüvermek], işl.Süpürip başlamak; süpürmegi dowam etdirmek. SÜPÜRILMEK [süpürülmök], işl. 1. Öýüň içi, daşary sübse bilen arassalanmak, tämizlenmek. Howlynyň içi suwlangy, süpürilgidi. 2. Der, ýaş ýaly zatlar syrylyp aýrylmak. SÜPÜRINMEK [süpürünmök], işl. Öz el-ýüzüňi, endamyňy we ş.m. süpürmek. SÜPÜRIŞ [süpürüş], iş ady. Süpürmek ýagdaýy. SÜPÜRIŞDIRMEK [süpürüşdürmök], işl. Birnäçe ýeri ýa-da birnäçe zady süpürip, tämizläp, arassalap çykmak, birnäçe gezek süpürmek. Içerini- daşaryny süpürişdirdi. SÜPÜRIŞMEK [süpürüşmök], işl. 1. Süpürmäge kömek etmek. Gyzy ejesine içerini süpürişdi. 2. Bile süpürmek. Iki jora daşaryny süpürişdirip ýör. SÜPÜRME [süpürmö], iş ady. Süpürmek ýagdaýy. SÜPÜRMEK [süpürmök], işl. 1. Öýüň içini- daşyny sübseläp arassalamak. Jaýyň içini süpürip çykdy. 2. Der, ýaş ýaly zatlarý syryp aýyrmak. Ol elýaglygy bilen gözlerini süpürdi. SÜPÜRMEKLIK [süpürmöklük], iş ady. Süpürmek ýagdaýy. SÜPÜRMEZLIK [süpürmözlük], iş ady. Süpürmek işini etmezlik. SÜPÜRTMEK [süpürtmök], işl. Süpürmek işini başga birine etdirmek. Howlyny süpürtmek. SÜRBE-SÜR [sürvö-sür], hal, gepl.d. Bir zadyň yzy bilen, yzysüre, bada-bat. Sürbe-sür onuň yzyna düşdi. SÜRÇEGRÄK [sürçöğrä:k], syp. Azda-kände sürçek. SÜRÇEK [sürçök], syp. 1. Gar eräp, ýagyş ýagyp doňan, taýgak, typançak (ýer). Ol aýagyny sürçek ýere basanda taýyp gitdi. 2. Ýylmanak, ýüzi aýna ýaly. Sürçek gara daş. ◊ Sürçegi çykmak ulanylyp, geýlip haýy gaçmak, ýylmanyp, sürlüp könelip gitmek. Sürçegi çykan teker. Sürçegi çykan köwüş. SÜRÇEKLIK [sürçöklük], at. Hemme ýer sürçek ýagdaýda bolmaklyk. SÜRDÜRMEK [sürdürmök], işl. 1. Sürmek işini başga birine etdirmek, sürmek üçin mümkinçilik bermek. Kaka, maşyny maňa sürdürseňem bolar, menem sürüjilik okuwyny okadym ahyry. 2. göç.m. Derman içip, içiňi ýörär ýaly etmek. Içiňi sürdürmek. SÜRE [sürö], at. Gurhanyň aýry-aýry bölekleri. SÜREK [sürök] I, at, gepl.d. Belli bir mukdardaky ölçegli wagt, ahyrky pelle, möhlet. Başlyklyk süregi doldy. ◊ Süregiňe ýetdirmek beren ähdiň, wadaň we ş.m. gutarmak. Ýalan sözläp, süreklerine ýetdirdiler. SÜREK [sürök] II, at. Bir ýerden ikinji bir ýere kireýine sürülýän satlyk mal, ownuk janly, dowar. SÜREKÇI [sürökçü], at. Bir ýerden ikinji bir ýere kireýine satlyk mal, ownuk janly sürüp barýan adam. Sürekçä näme berdiň? SÜREKÇILIK [sürökçülük], at. Sürekçiniň ýagdaýy, käri. SÜREN [sürön], at. 1. Tilki, şagal ýaly haýwanlaryň ýer gazyp ýaşaýan hini. Kerwenler hem hälki gulpy döwük küýzelerini tilkiniň süreniniň agzynda taşlap gidenler ( Türkmen halk ertekileri ). 2. göç.m. Ýasalýan öý, tünek. SÜRESOKMA [sürösokmo], syp. Gaty gür, ýazylýan harplar, tikilýän tikinler biri-birine ýakyn, üst-üste. SÜRGI [sürğü] I, at, ser. Sürgüç I. SÜRGI [sürğü] II, at. Iç sürýän derman. SÜRGI [sürğü] III, at. Guşlary (esasan, käkiligi) aldap tutmak üçin, ýüzüne dürli reňkli mata bölejikleri tikilen tuty, perde. Awçynyň sürgüsi. SÜRGÜÇ [sürğüç] I, at. Agaç ýonmak üçin boýy 70-80 sm. bolan ýörite gural, ýonguç, rende. SÜRGÜÇ [sürğüç] II, at. Aňsatlyk bilen ereýän we doňýan, möhür basmak, çüýşe ýapmak we ş.m. üçin ulanylýan reňkli şepbik madda. Möhürlemek üçin sürgüç taýýarlandy. SÜRGÜÇLEME [sürğüşlömö], iş ady. Sürgüçlemek ýagdaýy. SÜRGÜÇLEMEK [sürğüşlömök] I, işl. Sürgüç bilen ýonmak, ýylmamak, rendelemek. Piliň sapyny sürgüçläp ýylmamak. SÜRGÜÇLEMEK [sürğüşlömök] II, işl. Reňkli şepbik pisint jisimiň üstüne möhürçe basyp berkitmek. Hat bukjasynyň üç ýerinden sürgüçläp berkitdi. SÜRGÜÇLEMEZLIK [sürğuşlömözlük] I, iş ady.. Sürgüç bilen ýonmazlyk, ýylmamazlyk, rendelemezlik. SÜRGÜÇLEMEZLIK [sürğüşlömözlük] II, iş ady. Reňkli şepbik pisint jisimiň üstünden möhürçe basyp berkitmezlik. SÜRGÜÇLENMEK [sürğüşlönmök] I, işl. Sürgüç bilen ýonulmak, ýylmanmak, rendelenmek. 294 SÜRGÜÇLENMEK [sürğüşlönmök] II, işl. Sürgüçlemek işi amal edilmek. SÜRGÜÇLEŞMEK [sürğüşlöşmök] I, II, işl. 1. Sürgüçlemäge kömek etmek. 2. Bilelikde sürgüçlemek. SÜRGÜÇLETMEK [sürğüşlötmök] I, II, işl. Sürgüçlemek işini başga birine etdirmek. Pil sapyny sürgüçledip ýylmatmak. Bukjany sürgüçletmek. SÜRGÜÇLEÝIŞ [sürğüşlöýüş] I, II, iş ady. Sürgüçlemek ýagdaýy. SÜRGÜN [sürğün], at. Jezasyny çekdirmek üçin uzak ýere iberip, jeza möhletini geçirtmegiň bir görnüşi. ◊ Sürgün etmek sürgüne ibermek. SÜRGÜNÇI [sürğünçü], at. Sürgüne iberilen adam. SÜRGÜNÇILIK [sürğünçülük], at. Sürgünde geçirilen döwür; gürgündäki ýagdaý. SÜRI [sürü], at. Bile gezýän birmeňzeş haýwanlaryň, guşlaryň we ş.m. uly topary. Meniň hemme döwletimde bolan atlarymyň we hemme ýylky sürülerimiň ygtyýaryny seniň eliňe berdim ( Görogly ). ◊ Sürä goşmak idedip, terbiýeläp ulaltmak, adam hataryna goşmak. Bir süri (zat, adam)gepl.d. gaty köp (zat, adam). Ogluňa bir süri zat getiräýipsiň-le, ony gaty gowy görýäň öýdýän. Ýol bilen bir süri oglan geçip gitdi. SÜRI-SÜRI [sürü-sürü], syp. 1. Birnäçe sürüden ybarat. Ummasyz giň örülerde süri-süri goýunlarymyz bakylýar. 2. Topar-topar, toplum- toplüm. Guşlar sürisüri bolup uçýar. SÜRKEMEK [sürkömök], işl., ser. Sürtmek. SÜRLENDIRMEK [sürlönnürmök], işl. Bir ýere toplamak, üýşürmek, bir ýere jemlemek. SÜRLENIBERMEK [sürlönüvermek], işl. Bir ýere toplanybermek, üýşübermek, bir ýere jemlenibermek. SÜRLENIŞ [sürlönüş], iş ady. Sürlenmek ýagdaýy. SÜRLENIŞMEK [sürlönüşmök], işl. Bir ýere toplanyşmak, üýşüşmek, bir ýere jemlenişmek. Towuklar sürlenişip ýer peşeýärler. SÜRLENME [sürlönmö], iş ady. Sürlenmek ýagdaýy. SÜRLENMEK [sürlönmök], işl. Bir ýere toplanmak, üýşmek, bir ýere jemlenmek. Çöllerde köl döräp guşlar sürlendi ( Edebiýat we sungat ). SÜRLENMEKLIK [sürlönmöklük], iş ady. Sürlenmek ýagdaýy. SÜRME [sürmö] I, at. Deňziň has çuň ýerinde tor gurmak üçin ulanylýan enjam. SÜRME [sürmö] II, at. Gaşy, kirpigi we ş.m. reňklemek, garaltmak üçin boýag. Sürme çalyp gara göze, Bizden ki uýat eýleýir (Magtymguly). Gözüňe sürme ýaraşar, Biliňe tirme ýaraşar (Seýdi). ◊ Gözüne sürme çekilmek görüp durmaly zady görmäniňde, basmasyz zady basyp geçeniňde aýdylýan sögünç häsiýetli aňlatma. Gözüňe sürme çekildimi, demli çäýnegi ýykyp geçýäň. SÜRME [sürmö] III,iş ady. Sürmek ýagdaýy. SÜRMEK [sürmök], işl. 1. Ýöredip herekete getirmek (maşyn, uçar, otly, tigir we ş.m. hakynda). Maşyn sürmek. Otly sürmek. Tigir sürmek. 2. Sürüsi bilen bir ugra kowup alyp gitmek. Olar mallary sürüp äkitdiler. 3. Dogduk mekandan zorluk bilen alyp gitmek. Ikinji Jahan urşunda nemes basybalyjylary işe ýaraýan adamlary Germaniýa sürüpdirler. 4. Itip ýerine eltmek, itip süýşürmek; oklamak. Tüpeňe ok sürmek. 5. Ekin ekmek üçin topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş.m. bilen agdaryp ekişe taýýarlamak. Gowaça ekiljek ýerleriň hemmesini sürdüler. 6. gepl.d. Biri bolmajak nädogry zat aýdan ýagdaýynda ugra şu ýerden diýen manyda düýp işlik şekilinde ulanylýan söz (ser. Araba: arabaňy daşda sür (tigirle!). – Seni gözüm görmesin, sür! – Sürsene-aý, aýdýan zatlaryň ýapa degenok ahyry. SÜRMEKI [sürmökü], syp. Bir gezek berilýän tagt suwundan soň, sürlüp joýasyz ekilýän (esasan, gawun, garpyz hakynda). Sürmeki gawun. SÜRMEKLIK [sürmöklük], iş ady. Sürmek ýagdaýy. SÜRMELEME [sürmölömö], iş ady. Sürmelemek ýagdaýy. SÜRMELEMEK [sürmölömök], işl. Sürme bilen boýamak, reňklemek, sürme çalmak. Göz-gaşyňy sürmelemek. SÜRMELEMEKLIK [sürmölömöklük], iş ady. Sürmelemek ýagdaýy. SÜRMELENMEK [sürmölönmök], işl. Sürme bilen boýanmak, reňklenmek, sürme çalynmak. Sürmelenen gaş. SÜRMELEŞMEK [sürmölöşmök], işl. 1. Birine sürme çalyşmak. 2. Bilelikde sürmelemek. Ýaş gelinler gaşlaryny, kirpiklerini sürmeleşip otyrdylar. SÜRMELETMEK [sürmölötmök], işl. Sürme bilen boýatmak, reňkletmek, sürme çaldyrmak. Gytyk gaşyny sürmeletmäge oturany-da şoldy weli, bir gopgun turdy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling