Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜWMEN [süwmön], at, gepl.d. Ädigiň içinden  geýmek üçin ýukarak keçeden tikilen ädik şekilli  aýakgap. SÜWÜMSIZ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet496/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   492   493   494   495   496   497   498   499   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜWMEN [süwmön], at, gepl.d. Ädigiň içinden 
geýmek üçin ýukarak keçeden tikilen ädik şekilli 
aýakgap.
SÜWÜMSIZ 
[süwümsüz], 
syp
Ýokna 
ýokmadyk, ýoknasyz, edepsiz. Sen-ä bir tüýs 


297 
süwümsiziň biri ekeniň, hödür edilmänkä saçaga 
topulyp barýaň
SÜWÜMSIZLIK [süwümsüzlük], syp. Süwümsiz 
häsiýetlilik, 
süwümsiz 
gylykly 
bolmaklyk. 
Süwümsizlik edeniňi göräýmäýin
SÜWÜMSIZRAK 
[süwümsüzürä:k], 
syp
Birneme süwümsiz. Süwümsizräk çaga
SÜÝBEK [süývek], at. El degirmeniniň aşaky 
daşynyň ortasyndaky deşige kakylan we ýokarky 
daşyň jykyrjygynyň deşiginiň içinden geçýän barmak 
boýly agaç. Göz görnügi gabakda, Degirmen erki 
süýbekde (Nakyl). 
SÜÝDEMDIRIJILER, at. Çagalaryny öz 
süýtleri bilen emdirip ulaldýan oňurgaly haýwanlar 
topary. 
SÜÝDÜRMEK [süýdürmök], işl. Süýmek işini 
başga birine etdirmek. 
SÜÝEK [süýök], at, ser. Süňk. Bidöwlet, salpy 
aýagyň diýeni etinden ötüp, süýeginden ötüp, ýiligine 
ornady (

Görogly

). Süýeklerim lerzan urar 
sözünden, Jismimiň şährine talaň salan ýar (Mätäji). 
Süýegiň agarmak köp azap çekmek, horluk 
görmek. Bir ýere barýançaň agar süýegiň, Bikär 
durmaz eliň bilen aýagyň (Durdy Gylyç). 
SÜÝEM [süýöm]: süýem barmak başam barmak 
bilen orta barmagyň aralygyndaky barmak. Süýem 
barmak süýt getirer (Sanawaçdan). 
SÜÝGEŞIK [süýğöşük], syp. Süýgüp duran, 
goýy. Süýgeşik suwuklyk. 
SÜÝGEŞMEK [süýğöşmök], syp. Goýalyp 
süýgüp durmak. 
SÜÝGÜP-SARKMAK [süýğüp-sarkmak], işl., 
ser. Süýnüp-sarkmak
SÜÝJEME [süýjömö], iş ady. Süýjemek 
ýagdaýy. 
SÜÝJEMEK [süýjömök], işl. 1. Süýjüligi 
artmak; tagamy gowulanmak. Ýagşyň nepi ýetendir, 
kenaryň suwy birneme süýjäpdir. 2. göç.m. Bir zadyň 
gadyr-gymmaty artmak, gereklenmek. 
SÜÝJEMEKLIK 
[süýjömöklük], 
iş 
ady. 
Süýjemek ýagdaýy. 
SÜÝJEMEZLIK 
[süýjömözlük], 
iş 
ady. 
Süýjüligi artmazlyk. 
SÜÝJEŞMEK [süýjöşmök], işl. Dura-bara 
süýjemek. 
SÜÝJETMEK [süýjötmök], işl. 1. Bir zadyň 
tagamyny gowulandyrmak, süýjüligini artdyrmak. Şol 
howza ýygnanýan suw ýere siňip, guýa syzmalydy 
hem-de onuň suwuny süýjetmelidi (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Özüňde bar zadyň geregini artdyrmak, 
gerekletmek, elýetmez zat ýaly görkezjek bolmak. – 
Bir günlük gulakhalkaňy beräý diýdim weli, bermejek 
bolýaňmy, nämemi, süýjedip bildiň.
SÜÝJEÝIŞ [süýjöýüş], iş ady. Süýjemek 
ýagdaýy. Onuň diliniň süýjeýşini bir görsene. 
SÜÝJÄBERMEK [süýjä:vermek], işl. 1. Süýjäp 
ugramak. 2. Birek-birege bolan gadyryň artyp 
başlamak. 
SÜÝJI [süýjü] I, syp. 1. Ýakymly tagamy bar 
bolan, tagamly. Süýji suwlary tygşytlamak meselesine 
goşant goşdy (

Edebiýat we sungat

). 2. göç.m. 
Lezzet berýän, ýakymly, mylaýym. Süýji söz. 
Süýji içege on iki barmak mal içegesiniň 
ýogyn içegä golaý iýilýän bölegi. Süýji keseli ganyň 
düzüminde gandyň köpelmegi bilen bagly döreýän 
kesel. 
SÜÝJI [süýjü] II, at. Gant, kemput, nabat ýaly 
önümleriň umumy ady. Hawa, hawa, şeýt, ol 
betbagtlaryň çaýy, nasy, süýjüsi hem adamyny 
maýyrjak (A. Durdyýew).
SÜÝJÜDAN [süýjüda:n], at., ser. Süýjügap. 
Aýnagözel eje gantdyr nabatly süýjüdany hem getirip, 
çäýneginiň gapdalynda goýdy (N. Baýramow). 
SÜÝJÜGAP [süýjüğa:p], at. Süýji salynýan gap.
SÜÝJÜLIK [süýjülük], at. 1. Süýji tagamlylyk. 
Men bir gawunymyň süýjüligini görkezeýin. 
(

Myraly

). 2. Lezzetlilik, ýakymlylyk, keýpi-
sapalyk. Özüniň dünýäden dadan ajy we 
süýjüliklerini ýadyna düşürýärdi. 3. Içine köke-süýji 
salnyp tikilen kiçijik haltajyk (gelin edinýän ýere 
toýa barýan aýallaryň atgulagyň ýany bilen eltýän 
köýmeti). 
◊ Süýjülik bilen gatnaşalyň 

birek-biregiň sylag-
hormatyny saklap gatnaşalyň

diýen manyly alkyş 
sözi. Süýjülik suwy gelin bilen ýigide nika gyýlanda 
gant eredilip dadyrylýan süýji suw. 
SÜÝJÜMTIK [süýjümtük], syp. Çala süýji. 
Süýjümtik suw. 
SÜÝJÜRÄK [süýjürä:k], syp. Azda-kände süýji 
tagamly. 
SÜÝKDÜRMEK 
[süýkdürmök], 
işl. 
1
Süýdürmek. Nurjahan süýkdüren sümegini eline 
orady-da jogap berdi (B. Kerbabaýew). 2. Sözi, 
gürrüňi, sesi we ş.m. sokdurmak, uzaltmak, çekmek. 
– Hä, şeý diýsene – diýip, sözüni süýkdüren soň, 
göwünlik berdi (H. Garabaýew).
SÜÝKELMEK [süýkölmök], işl. Bir zat başga 
bir zada degip sürtülmek. Diwara süýkelmek. 
SÜÝKEME [süýkömö], iş ady. Süýkemek 
ýagdaýy. 
SÜÝKEMEK [süýkömök], işl. Bir zady ikinji bir 
zada sürtmek, oýkamak, syhamak. Arkaňy diwara 
süýkäp durma! Kemençäni gyjagyň taryna süýkäp 
çalmak. 
SÜÝKEMEKLIK [süýkömöklük], iş ady. 
Süýkemek ýagdaýy. 
SÜÝKEMEZLIK 
[süýkömözlük], 
iş ady. 
Süýkemek hereketini etmezlik. 
SÜÝKENMEK [süýkönmök], işl. 1. Öz bir ýeriňi 
başga bir zada degirmek, oýkamak. Gotur at çöpden-
çöpe süýkenip, agaçdan-agaja oýkanyp galyberdi 
(

Görogly

). 2. göç.m. Bir hyýal bilen birine lak 
atmak, degen bolmak. Söýmedige süýkenme (Aýtgy). 
SÜÝKEŞ [süýköş]:süýkeş çekimsizler bir-birine 
ýakynlaşýan gep agzalarynyň döreden yşlarynyň 
arasyndan howanyň süýkeşip çykmagy bilen hasyl 
bolýan sesler. Mysal üçin: s, f, h, ş we ş.m. süýkeş 
çekimsizlerdir. 
SÜÝKEŞMEK [süýköşmök], işl. Süýkemäge 
kömekleşmek. 


298 
SÜÝKETMEK [süýkötmök], işl. Süýkemegi 
birine etdirmek. 
SÜÝKEÝIŞ [süýköýüş], iş ady. Süýkemek 
ýagdaýy. 
SÜÝKÄBERMEK [süýkä:vermek], işl. Süýkäp 
ugramak. 
SÜÝKME [süýkmö], iş ady. Süýkmek ýagdaýy. 
SÜÝKMEK [süýkmök], işl. Sogup, süýnüp 
gitmek. Nurjahan ony susak bilen ýokary galdyranda, 
emaý bilen süýgüp akýardy (B. Kerbabaýew).
SÜÝME [süýmö], iş ady. Süýmek ýagdaýy. 
SÜÝMEK [süýmök], işl. Bir zady çekip, ýenjip 
süýndürmek, uzaltmak, sozmak. Bular ýüplük 
süýmekde we egirmekde özara ýaryş çagyrdylar (A. 
Durdyýew). 
SÜÝMEKLIK [süýmöklük], iş ady. Süýmek 
ýagdaýy.
SÜÝMEZLIK [süýmözlük], iş ady. Bir zady 
çekip, ýenjip uzaltmazlyk, sozmazlyk. 
SÜÝNDÜRMEK [süýnnürmök], işl. 1. Süýnýän 
zatlary, mysal üçin, rezini çekmek, dartmak. 2
Pişge edilen ýüňi süýmek. Nurjahan pişgäni endigan 
süýndürip, bir sydyrgyn towlady (B. Kerbabaýew). 3
Uzaldyp, sokduryp gürlemek, geplemek. Ol sesini 
adatdan daşary süýndürip gepleýärdi (N. Jumaýew). 
4. göç.m. Urup ýere ýazmak, urup ýatyrmak, urup 
ysgyndan düşürmek. 
SÜÝNME [süýnmö], iş ady. Süýnmek ýagdaýy. 
SÜÝNMEGRÄK [süýnmögürä:k], syp. Boýy 
inine görä uzynrak, süýrüräk. 
SÜÝNMEK [süýnmök] I, işl. 1. Boýuna ýa-da 
inine uzalmak; sozulyp uzalmak. Rezini çekseň 
süýnýär. Mata inine süýnýär. 2. gepl.d. Çalt hereket 
edip gitmek. Ýüwrüklikde deňi-taýy bolmadyk at, 
atylan ok ýaly süýnüp gaýdýar (B. Seýtäkow). 3
Uzynlygyňa, uzaboýuňa gyşarmak, uzalyp ýatmak. 
Ol hiç kime seretmän, hemişeki ýatýan düşekçesine 
baryp süýndi (O. Ödäýew). 
SÜÝNMEK [süýnmök] II, syp. Boýuna uzalyp 
giden, süýri. Akly, saryly, süýnmek, togalak 
garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähnet daşlary 
ýaly (B. Kerbabaýew). 
SÜÝNMEKLIK [süýnmöklük], iş ady. Süýnmek 
ýagdaýy.
SÜÝNMEZLIK [süýnmözlük], işl. Süýnüp 
durmazlyk. 
SÜÝNÜBERMEK [süýnüvermek], işl. 1. 
Süýnüp ugramak. 2. Süýnüp ýatybermek. Nahar 
iýmän, gelen dessiňe-de bir süýnübermek bolarmy? 
SÜÝNÜP-SARKMAK, 
işl. 
Näz-kereşmeli 
sülmüremek. Ol howlukman, keremara ýerinden 
turdy, 
süýnüp-sarkyp 
çaýyny 
içdi 
(G. 
Gurbansähedow). 
SÜÝNÜŞ, iş ady. Süýnmek ýagdaýy. 
SÜÝNÜŞMEK [süýnüşmök], işl. Kem-kemden 
süýnmek (birnäçe zat hakynda). 
SÜÝPENT [süýpent], at. Gaýygy desse arkaly 
saga, çepe öwürýän ýasy tagta. 
SÜÝR: süýr depe bir zadyň depesi, ýokarsy, 
üsti, çür başy. Belent dagyň süýr depesine çenli 
dyrmaşyp çykan daragtlar tebigatyň baky gözelligi 
bolup görünýärdi (G. Kulyýew). Süýr günortan 
günüň günortan bolan wagty, gün orta bolan çagy. 
Tomsuň süýr günortany bäş-alty oglan bolup 
ugradyk (A. Gowşudow). 
SÜÝREDILMEK [süýrödülmök], işl. Bir zadyň 
süýrelmegini gazanmak. Diňe bir suwy, azygy däl, 
uzyn turbalar-da düýelere süýredilip çekdirilýän 
çaglary bolýardy (B. Kerbabaýew). 
SÜÝREG [süýröğ], at. 1. Süýreme, süýräp, 
tirkäp alyp gitme, çekme, tirkeg. Aryp ýadan bolsaň, 
men seni süýrege alaýyn (

Görogly

). 2. göç.m. 
Goldaw, hemaýat, kömek, ýardam, arka. Süýregiň 
bolmasa, bitiren işiň görnügi ýok (B. Gulow). 
SÜÝREKLEME 
[süýröklömö], 
iş 
ady. 
Süýreklemek ýagdaýy. 
SÜÝREKLEMEK [süýröklömök], işl. Süýräp, 
itekläp alyp gitmek. 
SÜÝREKLEMEZLIK [süýröklömözlük], iş 
ady. Süýräp, itekläp alyp gitmezlik. 
SÜÝREKLENMEK 
[süýröklönmök], 
işl. 
Süýrelip, iteklenip alnyp gidilmek. 
SÜÝREKLEŞMEK [süýröklöşmök], işl. Birnäçe 
bolup süýreklemek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   492   493   494   495   496   497   498   499   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling