Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet499/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   495   496   497   498   499   500   501   502   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝRENJEŇRÄK [süýrönjöňürä:k], syp. Az-
kem süýrenjeň, yzagalagrak. 
SÜÝRENMEK [süýrönmök], işl. 1. Garnyňy 
ýere degrip, ýeriň ýüzi bilen süýşüp gitmek, 
süýşeneklemek (haýwan, adam hakynda). Esgerler 
ep-esli aralygy süýrenip geçdi. 2. Yza galmak, yza 
galyp işlemek. Öň hem yzagalaklyga ýol berip, iliň 
yzynda süýrenen däldiris. 3. Uzyn saçy ýere degmek, 
öz boýundan hem uzyn bolmak. Onuň gulaç gara 
saçlary ýerden süýrenip barýardy (H. Derýaýew). 4. 
Uzak wagt aralygyny zordan, azaply geçirmek. 
Süýrenip gyşdan çykdy. 
SÜÝRENTGI [süýröntgü], at. 1. Süýrenilip 
geçilen yz. Suwulganlaryň, syçanlaryň süýrentgi 
yzlarynyň arasynda towşanlaryň, tilkileriň irimçik 
yzlary hatara möhüm bolup görünýärdi (B. 
Kerbabaýew). 2. Gapana dakylýan çeňňek. 
SÜÝREŞMEK [süýröşmök], işl. 1. Süýremäge 
kömekleşmek. 2. Bileleşip süýremek. 3. göç.m. 
Zorluk bilen alyp gaçmaga ýardam bermek. 
SÜÝRETMEK [süýrötmök], işl. Süýremek işini 
başga birine etdirmek; süýremäge mejbur etmek
süýremegine ýol bermek.
SÜÝREÝIŞ [süýröýüş], iş ady. Süýremek 
ýagdaýy. 
SÜÝRÄBERMEK [süýrä:vermek], işl. Süýräp 
başlamak, süýremegini dowam etdirmek.
SÜÝRI [süýrü], syp. Süýnmek şekilli, süýnmek. 
Süýri garpyz.
SÜÝRÜJE [süýrüjö], syp. Süýrüden göze 
ýakymly (gowy görülýän kiçijik zat hakynda). 
Süýrüje terne. 
SÜÝŞENEKLEME [süýşönöklömö], iş ady. 
Süýşeneklemek ýagdaýy. 
SÜÝŞENEKLEMEK [süýşönöklömök], işl. 
Ýatyp ýa-da oturyp ýuwaşjadan bir tarapa süýşmek, 
süýşüp öňe hereket etmek. 
SÜÝŞENEKLEMEKLIK [süýşönöklömöklük], 
iş ady. Süýşeneklemek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   495   496   497   498   499   500   501   502   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling