Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet502/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   498   499   500   501   502   503   504   505   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝŞÜRMEK [süýşürmök] II, işl. Tygşytlap 
goýmak, harçlaman tygşytlamak. Sygyr alar ýaly 
puljagaz süýşürmek hakynda oýlansaň, has gowy 
bolardy (B. Kerbabaýew). 
SÜÝŞÜRMEKLIK [süýşürmöklük] I, iş ady. 
Süýşürmek, gozgamak ýagdaýy. 
SÜÝŞÜRMEKLIK [süýşürmöklük] II, iş ady. 
Süýşürmek, tygşytlamak ýagdaýy. 
SÜÝŞÜRMEZLIK [süýşürmözlük], iş ady. 
Süýşürmek işini ýerine ýetirmezlik. 
SÜÝŞÜRTMEK [süýşürtmök] I, işl. Süýşürmek 
işini başga birine etdirmek. Ýük galdyrylýan sandygy 
diwara tarap süýşürtmek. 
SÜÝŞÜRTMEK 
[süýşürtmök] 
II, 
işl. 
Süýşürmäge mejbur etmek, süýşürmäge mümkinçilik 
döretmek, 
süýşürer 
ýaly 
etdirmek. 
Pul 
süýşürtmek.Galla süýşürtmek. 
SÜÝŞÜŞ, iş ady. Süýşmek ýagdaýy. 
SÜÝŞÜŞMEK [süýşüşmök], işl. Ýuwaşlyk bilen 
bir tarapa hereket etmek, ýerinden gozganmak 
(birnäçe adam ýa-da zat hakynda). Bulutlar 
süýşüşýär, ýyldyrym çakýar. 
SÜÝT I, at. 1. Çaga emdirmek üçin aýallaryň 
göwüs we süýdemdirijileriň ýelin mäzlerinde döreýän 
ýokumly ak suwuklyk. Dünýä inip agzyň süýde 
ýetende, Gyzgyn süýdün emdir ene ýüregi (M. 
Myşşyýew). 2. Sygyr, düýe, ýylky, goýun, geçi we 
ş.m. käbir haýwanlardan saglyp alynýan iýmitlik 
suwuk önüm. Sygyr diňe alty aý süýt berýär. 3. Käbir 
ösümlikleriň baldajyklaryndan çykýan ak ergin. 
Süýtden aýyrmak emýän çagany ene süýdüni 
emmekden kesmek. Süýdüne galmak çagasy 
süýtden aýrylmanka göwreli bolmak. Süýdüni 
ýandyrmak saglyp duran düýe, sygyr bir sebäbe görä
sagdyrmazlyk, süýdüni kesmek. Süýt haky köne 
däbe görä, gyz çykarylanda, gyzyň ejesine emdiren 
süýdi mynasybetli guda tarapyndan belli bir 
mukdarda berilýän hak. Süýt kädi uly göwrümli, içi 
boş, süýt sagylýan, suw daşalýan kädi. Aýallar süýt 
kädilerini, 
kersen-çanaklaryny, 
gazanlaryny 
ýuwuşdyryp taýýarlapdyrlar (H. Derýaýew). Süýt 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   498   499   500   501   502   503   504   505   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling