Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


kesilmek belli bir sebäbe görä bişirilýän süýt çüýräp  zaýalanmak. Süýt kölüne batyrmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet503/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   499   500   501   502   503   504   505   506   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

kesilmek belli bir sebäbe görä bişirilýän süýt çüýräp 
zaýalanmak. Süýt kölüne batyrmak köp, gowy zady 
wada bermek. 
SÜÝT II: hal. süýdüne (göterimine) almak 
(bermek) belli bir mukdardaky puly birine berip, soň 
üstüne goýup almak ýa-da bermek. Süýde berip, 
ýygnar maly (Zelili). 
SÜÝTÇI [süýtçü], at. 1. Süýt getirip satýan 
adam. Her gün irden süýtçi süýt getirerdi2gepl.d. 
Süýt içmegi gowy gorýän (adam hakynda). 
SÜÝTÇÜLIK [süýtçülük], at. Oba hojalygyň 
süýt öndürmek bilen meşgul bolýan pudagy.
SÜÝTDEŞ [süýtdöş], syp. Bir eneden, bir atadan 
bolan. Süýtdeş dogan. 
SÜÝTHOR [süýtho:r], at. Peýda görmek üçin 
pul, zat karz berýän peýdakeş. 
SÜÝTHORÇYLYK [süýtho:rçuluk], at, ser. 
Süýthorlyk. 
SÜÝTHORLYK [süýtho:rluk], at. Süýthoryň 
käri, ýagdaýy. 
SÜÝTLEŇŇIÇ [süýtlöňňüç / süýtlönğüç] I, at. 
Dik baldakly, mawy gülli, ak şireli ösümlik, ot. 
Süýtleňňiç ýaly biderek haşal otlardan başga bu 
ýerde hiç zat ýokdy (A. Gowşudow).
SÜÝTLEŇŇIÇ [süýtlöňňüç / süýtlönğüç] II, at, 
haýwanat d. Üstki güberçek okarajygy gara, gyzyl 
menekli, ganatlyja möjejik, okaraň getir süýt bereýin, 
kekene kysmy möjejik. 
SÜÝTLI [süýtlü], syp. 1. Köp süýt berýän, süýdi 
köp sagdyrýan. Bu gaty süýtli sygryň tohumyndandyr 
(A. Gowşudow). 2. Içine süýt guýlan. Aknabat eje-de 
süýtli bedresini alyp öýüne girdi (A. Durdyýew). 3
Hamyr ýugrulan suwa süýt goşulan, garylan. Süýtli 
köke
Süýtli aş ser. Süýtli şüle süýtde gaýnadylyp 
bişirilýän tüwi. Süýtli şüle bişirmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   499   500   501   502   503   504   505   506   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling