Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet511/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   507   508   509   510   511   512   513   514   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYPDYRYLMAK, işl. 1. Tutup duran zadyň 
eliňden goýberilmek. 2. göç.m. Halas edilmek, 
boşadylmak. Sypdyrylmadyk bolsa, ele düşjekdi. 3
Bir zat görmezlikden, bilmezlikden aýrylmazlyk. 4
Bir söz aýtmasyz ýerde aýdylmak, diliňden 
gaçyrylmak. 
SYPJYGRAK [sypjyğyra:k], syp. Birneme 
sypjyk. 
SYPJYK, syp. Bir zady ýerine ýetirmekden 
boýun towlaýan, aňsat el bermeýän, sapalakçy. Öz-ä 
suwgysymlan ýaly sypjyg-ow! 2. Elde-aýakda 
durman, sypyp barýan, geçip barýan. Bagt diýlen zat, 
gör, nähili sypjyk zat, ony tutdummykam diýseňem 
sypjap dur (B. Kerbabaýew).
SYPJYKLABERMEK [sypjykla:vermek], işl. 
Sypjyklap başlamak. 
SYPJYKLAMA, iş ady. Sypjyklamak ýagdaýy. 
SYPJYKLAMAK, işl. Bir zatdan boýun 
gaçyrmak üçin bahana gözlemek, sapalak atmak. 
SYPJYKLAŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
sypjyklamak. 
SYPJYKLAÝYŞ, iş ady. Sypjyklamak ýagdaýy. 
SYPJYKLYK, at. Sypjygyň gylyk-häsiýeti.
–Tarhan batyryň ýeke özi hem bir zat eder-le – diýip, 
sypjyklyk etdi (G. Kulyýew).
SYPJYRDYLMAK, işl. Teniň bir ýeriniň 
hamynyň ýüzi soýulmak, sypyrylmak. 
SYPJYRMAiş ady. Sypjyrmak ýagdaýy. 
SYPJYRMAK, işl. Teniň bir ýeriniň hamynyň 
ýüzüni soýmak, sypyrmak. Agaçlaryň şahalary, çöp-
çalamlar onuň el-ýüzüni sypjyrypdyr (B. Pürliýew).
SYPJYRMAZLYK, iş ady. Bir zadyň ýüzüni 
sypjyryk etmezlik. 
SYPJYRTMAK, işl. Bir zada degrip, teniň bir 
ýeriniň hamynyň ýüzüni soýdurmak, sypyrtmak. 
Eliňi agaja sypjyrtmak. 
SYPJYRYBERMEK 
[sypjyryvermek], 
işl. 
Sypjyryp başlamak. 
SYPJYRYK, at. Teniň hamynyň sypjyrylan ýeri, 
soýuk. Ýüzüniň sypjyrygy bildirip durmak. 
SYPJYRYK-SYPJYRYK
at
Köp 
sanly 
sypjyryk. Endam-jany sypjyryk-sypjyryk bolan eken.


310 
SYPJYRYLMAK, işl. Teniň bir ýeriniň 
hamynyň ýüzi soýulmak, sypyrylmak. Ol ýere 
ýykylsa-da, süňňüne zat bolman, diňe tirsegi 
sypjyrylypdyr (B. Kerbabaýew).
SYPJYRYŞ, iş ady. Sypjyrmak ýagdaýy. 
SYPMAiş ady. Sypmak ýagdaýy. 
SYPMAK, işl. 1. Elden ýa-da bir zatdan belli bir 
sebäbe görä gaçmak, düşmek. Küýze elimden sypdy. 
2.Birinden ýa-da bir zatdan bir tär, ýol bilen 
gutulmak, dynmak, boşamak.
SYPMAZLYK, iş ady.. Sypmak hereketi amala 
aşmazlyk. 
SYPYBERMEK [sypyvermek], işl. Sypyp 
başlamak. 
SYPYNÇ: sypynç bermezlik ýol bermezlik, 
ganalga bermezlik, sypdyrmazlyk, goýbermezlik. 
Nätjek, enemiň höçjetligi, bir diýen ýerini depip 
durmagy maňa sypynç bermedi (R. Gelenow). 
SYPYNDYRMAK, işl. Iş-güýç arasynda ýa-da 
bir zatdan birneme boşatmak, maý tapdyrmak, eliňi 
boşatmak. Sypyndyrman gaýgy-gam, Girdabyna 
salypdyr (A. Kekilow).
SYPYNMAiş ady. Sypynmak ýagdaýy. 
SYPYNMAK, işl. Işden birneme boşaşmak, iş 
arasynda maý tapmak, eliň boşamak. 
SYPYNMAKLYKiş ady. Sypynmak ýagdaýy. 
SYPYNMAZLYK, iş ady.. Maý tapmazlyk, eliň 
boşamazlyk. 
SYPYNYLMAK, işl. Bir zatdan birneme 
boşaşylmak, maý tapylmak, eliň boşamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   507   508   509   510   511   512   513   514   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling