Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SYR II, at. Hor malyň gapyrgasynyň daş- töweregindäki ýelmeşip duran ýargak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet513/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   509   510   511   512   513   514   515   516   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYR II, at. Hor malyň gapyrgasynyň daş-
töweregindäki ýelmeşip duran ýargak. 
SYRAMA I, IIiş ady. Syramak ýagdaýy. 
SYRAMAK I, işl. Güýçli ýel sebäpli sowrulyp 
ýagmak, sowrulyp bir ýere üýşmek (gar, çäge we 
ş.m. hakynda). Gar syraýardy, sowuk şemal degen 
ýerini kesip gelýärdi (B. Seýtäkow).
SYRAMAK II,işl. Arasyna pagtadyr ýüň salnan 
zadyň ýüzüni ýygy edip tikmek, çekmek. Ýorgany 
syramak. Don syramak. 
SYRAT [sy:rat], at. Adamyň gelşikli, görmegeý 
daş keşbi, görki. Onuň syratyny bir gezek görseň, ol 
saňa gündiz dynç, gije uky bermeýär (B. Seýtäkow).
SYRAT [syra:t], at. Dini düşünjä görä, 
jähennemiň üstündäki gyldan inçe, gylyçdan ýiti 
köpri. – Syrat köprüsi gyldan inçe, gylyçdan hem 
ýitiräk – diýýär (Kemine). 
SYRATLY [sy:ratly], syp. Daş görnüşi görmegeý, 
owadan, peşeneli, gelşikli. Aýnanyň syratly göwresi 
nepis çekilen surata çalym edýär (B. Kerbabaýew).
SYRATLYLYK 
[sy:ratlylyk], 
at. 
Syratly 
bolmaklyk, syraty barlyk. 
SYRATLYRAK [sy:ratlyra:k], syp. Azda-kände 
syratly. Ýigitleriň has syratlyragy
SYRATMAKişl. Syramak işini birine etdirmek. 
SYRATSYZ [sy:rassyz], syp. Syraty ýok, syratly 
däl.
SYRATSYZLYK [sy:rassyzlyk], at. Syraty 
ýokluk, syratly dällik, syratsyz bolmaklyk. 
SYRAÝYŞiş ady. Syramak ýagdaýy. 
SYRÇA, at. 1.Daşdan, demirden ýasalan 
gaplaryň we ş.m. içine, ýa bolmasa, daşyna çalynýan 
ýalpyldawuk reňk. Içi ak syrça çalnan ýaşyl jamy 
nahardan dolduryp getirdi (N. Pomma). 2.Dişiň 
daşynyň ýylpyldawuk örtügi. Düýe çaly dişiň 
syrçasyna oňat täsir edýär.  
◊ Syrçasy suw götermez girrik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   509   510   511   512   513   514   515   516   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling