Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞABRAŞMAK [şavraşmak], işl. Tutuşlygyna,  hemmesi şabrap durmak. Seçekleri şabraşyp duran  ýüpek gyňaç.  ŞABRATMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet521/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   517   518   519   520   521   522   523   524   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞABRAŞMAK [şavraşmak], işl. Tutuşlygyna, 
hemmesi şabrap durmak. Seçekleri şabraşyp duran 
ýüpek gyňaç. 
ŞABRATMAK [şavratmak], işl. Şabrap duran 
derejä ýetirmek, seçelendirmek. Şar gara saçlaryny 
maýdaja örüp, garagotazyň bagy ýaly şabradyp, iki 
ýan çekgesinden goýberipdir (N. Pomma). 


315 
ŞABYRDAMA [şavyrdama], iş ady. Şabyrdamak 
ýagdaýy.  
ŞABYRDAMAK [şavyrdamak], işl. Şabyr-şabyr 
ses etmek, şabyrdyly seslenmek. Ýagyş bolsa, şol bir 
şabyrdap ýagyp durdy (A. Gurbanow). 
ŞABYRDAŞMAK [şavyrdaşmak], işl. Bilelikde 
şabyrdamak, şabyrdyly ses etmek. Üzüm agajynyň 
çygar çybyklary onuň geýiminden asylyşýardylar, 
şabyrdaşyp seslenýärdiler (A. Gowşudow). 
ŞABYRDATMAK 
[şavyrdatmak], 
işl. 
Şabyrdamak derejesine ýetirmek, şabyrdyly ses 
etdirmek. Şabyrdadyp şelpe kakýan eli kirşiň üstünde 
pelesaň urýar (N. Pomma). 
ŞABYRDAÝYŞ 
[şavyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Şabyrdamak ýagdaýy. 
ŞABYRDY [şavyrdy], at. Şabyrdap güýçli 
ýagýan ýagyşdan, batly sepilýän suwdan çykýan 
sesleriň ady. Ýagşyň şabyrdysyndan başga gögüň 
gübürdisi tama düşüp ýaňlanýardy (A. Gowşudow).
ŞABYR-ŞABYR [şavyr-şavyr], s.ş. aňl.söz. 
Şabyrdap güýçli ýagýan ýagyşdan, batly sepilýän 
suwdan çykýan sesler. Şabyr-şabyr edip ýagýan 
ýagyş derrew töweregi suw-sil etdi. 
ŞADALAK [şa:da:lak], at. Gaýygyň, nawuň 
uzynlygyna berklik we durnuklylyk üçin goýulýan 
esasy pürs. 
ŞADESSAN [şa:dessa:n], at, ser. Epos 1
ŞADÄNE [şa:dä:ne], at. Ýere ýazylyp ösýän 
ýaprakly, burçuň dänesi ýaly däneli ýaz oty.
ŞADYHORRAM [şa:dyhorrom], syp. Örän şat, 
keýpi juda kök, hiç bir aladasyz, şadyýan. Bular ol 
baga baryp, säher çagynda otdan doýup, şadyhorram 
bolup ýör ekenler (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞADYHORRAMLYK [şa:dyhorromluk], at. 
Şadyýanlyk, keýpi köklük, şadyýan ýagdaýda 
bolmaklyk. Meniň günüm şadyhorramlykda geçýär 
(B. Pürliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   517   518   519   520   521   522   523   524   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling