Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞADYMAN [şa:dyma:n], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet522/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   518   519   520   521   522   523   524   525   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞADYMAN [şa:dyma:n], syp. 1ser. Şadyýan 1
Hemra şadyman bolup bir söz diýdi (

Hüýrlukga – 
Hemra

). 2. Oglana dakylýan at. 
ŞADYMANLYK 
[şa:dyma:nlyk], 
at, 
ser. 
Şadyýanlyk. Ili şatlyk, şadymanlyk güldürse, Maňa 
hemra bolan ganly çykypdyr (Magtymguly). 
ŞADYÝAN [şa:dyýa:n], syp. 1. Şat, keýpi kök, 
wagty hoş, şähdaçyk, şadyýana, şadyman. Toý 
lybasyn geýer garrylar, ýaşlar, Hemmeler şadyýan, 
belentdir başlar (A. Kekilow). 2. at, ser. Şatlyk 2
Nagra kakyp, surnaý çalyp, şadyýan... Dokuz gündür 
döwran sürdi köşgünde (

Zöhre – Tahyr

).  

 Şadyýan kakmak şadyýan çalmak. Hanyň gyzy 
seýle çykar, Kenizler şadyýan kakar (Kemine) 
ŞADYÝANA [şa:dyýa:na], hal, ser. Şadyýan
Çaga şadyýana böküp oýnaýar. 
ŞADYÝANLYK [şa:dyýa:nlyk], at. Şatlyk, keýpi 
köklük, wagtyhoşluk. On gije-gündizläp şadyýanlyk 
etdiler (

Görogly

). 
ŞAGAL [şağal], at. 1. Itler maşgalasyndan bolan, 
köplenç, maslyk bilen iýmitlenýän ýyrtyjy haýwan. 
Şagal awun şir iýmez (Nakyl). Gawunyň ýagşysyn 
şagal iýr bolsa, Namarda duş etdiň ýaryň ýagşysyn 
(Magtymguly). 2göç.m. Mekir, hilegär, kezzap. 

Şagala şam bolmak zähmetiň hözirini dahylsyz 
adam görmek. Der döküp gazananyňy şagala şam 
etme. Şagal mesligi az wagtlyk dowam edýän 
şagalaň, oturylyşyk, keýp-sapa. Şagal mesligini 
etmek
ŞAGALAŇ 
[şağalaň], 
at. 
Toý-tomaşanyň 
şowhuny, dabarasy. Ol toý adamsy, şatlyk adamsy, 
şagalaň adamsy (B. Kerbabaýew).  
ŞAGALAŇÇY [şağalaňçy], at. Toý-tomaşany, 
şadyýanlygy gowy görýän, şadyýan adam. 
ŞAGALAŇLY 
[şağalaňly], 
syp. 
Şatlykly, 
şowhunly, dabaraly. Sen gözel görnüşden, şagalaňly 
durmuşdan ýüz dönderip, nirä gitjek? (B. 
Kerbabaýew).
ŞAGALAŇSYZ [şağalaňsyz], syp. Şatlyksyz, 
şowhunsyz, dabarasyz. Toýsuz, şagalaňsyz, şatlyksyz 
ýaşaýşyň kime geregi bar? (B. Kerbabaýew).
ŞAGGA [şağğa], hal. Birden, birbada, batly (der 
bilen baglylykda ulanylýar). Der şagga ýagyrnymyza 
çykdy (N. Baýramow). Şagga der gelmek. Şagga der 
inmek.
ŞAGGYLDAMA 
[şağğyllama], 
iş 
ady. 
Şaggyldamak ýagdaýy. 
ŞAGGYLDAMAK [şağğyllamak], işl. Şag-
şag edip, şaggyldyly seslenip, şaglap, batly akmak. 
Suw şaggyldap akýar.
ŞAGGYLDAMAKLYK [şağğyllamaklyk], iş 
ady. Şaggyldamak ýagdaýy. 
ŞAGGYLDAŞMAK [şağğyllaşmak], işl. Suw 
birnäçe ýerde şaggyldyly seslenip akmak. Dag 
ýerindäki suwlar şaggyldaşyp akýar. 
ŞAGGYLDATMAK 
[şağğyllatmak], 
işl. 
Şaggyldyly seslendirmek. 
ŞAGGYLDAÝYŞ 
[şağğyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şaggyldamak ýagdaýy. 
ŞAGGYLDY [şağğylly], at. Köp suwuň güýçli 
akmagy, aşak dökülmegi we ş.m. hereketler bilen 
baglanyşykly döreýän sesiň ady. Niredendir güňleç 
şaggyldy sesi eşidilýär (A. Gowşudow). 
ŞAGLA [şağla], syp. 1. Ýuka, aňyrsy görnüp 
duran, syk däl. Bir mahal sapaklar köp üzülerdi, käte 
mata endigan çykmazdy, onuň kä ýeri hasa ýaly 
şaglarak bolardy (

Edebiýat we sungat

). Şagla 
perde. 2. Iri gözli (elek we ş.m. hakynda). Şagla elek 
ŞAGLAMA [şağlama], iş ady. Şaglamak 
ýagdaýy. 
ŞAGLAMAK [şağlamak], işl. 1. Şag-şag edip 
seslenmek (köplenç, güýçli akýan suw hakda). Ol 
şaglap akýan çeşmäni höwes bilen synlap otyrdy. 2
Deňizde turan gaý sebäpli köp mukdarda kenara 
üýşmek (ownuk balyklar hakda). 
ŞAGLAMAKLYK [şağlamaklyk], iş ady.
Şaglamak ýagdaýy. 
ŞAGLAŞMAK [şağlaşmak], işl. Birnäçe ýerde 
şaggyldyly 
seslenip 
akmak. 
Suwlar 
akýar 
salmalardan şaglaşyp (R. Seýidow).
ŞAGLATMAK [şağlatmak], işl. 1. Şaglar ýaly 
derejede bat bilen akdyrmak, ýokardan aşaklygyna 
dökmek. Suwy ýokardan şagladyp goýberdi. 2
göç.m. Aýtmak, diýmek. Taraşlap şaglatgyn köňle 
geleniň, 
Senden 
soňkulara 
ýadygär 
bolar 


316 
(Magtymguly). 3. Tiz satyp gutarmak. Ol bazarly 
harytlaryny bir ýanyndan şagladyp satyp gutardy. 
ŞAGLAWUK [şağlowuk], at. Suwuň ýokardan 
güýçli inýän akymy, şaggyldap inýän ýeri, şarlawuk. 
Esli ýöränlerinden soň, Permanyň şol aşakdaky 
synlan şaglawuk çeşmesiniň gözbaşynyň ýanyndan 
çykdylar (A. Gowşudow).
ŞAGLAÝYŞ [şağlaýyş], iş ady. Şaglamak 
ýagdaýy. 
ŞAGRAMA [şağrama], iş ady. Şagramak 
ýagdaýy. 
ŞAGRAMAK [şağramak], işl. 1. Gaty guramak, 
çygy galmazlyk. Günde ýatan odunlar şagrapdyr.2
Gowy gurany üçin biri-birine degende şagyrdyly ses 
çykarmak. Seren erikleriň-ä şagrap duran kişde 
bolupdyr. 3. göç.m. Pytramak, pytraşyp ýatmak. Şol 
ertirden bäri atymy biýol sürüp gelşime, gumlarda-
da, düzlerde-de şagrap ýatan küýze jäçleriniň, kerpiç 
döwükleriniň arasyndan saýlanyp bilmedim (H. 
Derýaýew). 
ŞAGRAMAKLYK [şağramaklyk], iş ady. 
Şagramak ýagdaýy. 
ŞAGRAŞMAK [şağraşmak], işl. 1. Bir zadyň
gaty gurap, şagrap durmagy (gamyş, agaç şahalary 
we ş.m. barada). Daşarda şagraşyp duran gury 
gamyşlar şuwwuldaýardy. 2. göç.m. Gaty gowy 
gurandygy üçin seçelenip durmak. Ol şagraşyp duran 
erik kişdelerini halta guýup başlady
ŞAGRATMAK [şağratmak], işl. Şagyrdyly 
seslendirmek (şagramak sözüniň 2-nji manysy 
boýunça). Kişdeleri şagradyp, gapyrjaga guýdy.
ŞAGRAÝYŞ [şağraýyş], iş ady. Şagramak 
ýagdaýy.
ŞAG-ŞAG [şağ-şağ], s.ş.aňl.söz. Suw beýikden 
pese bat bilen akanda we ş.m. ýagdaýda çykýan 
sesler.

Şag-şag etmek ser. Şaglamak 1. 
ŞAGYRDAMA [şağyrdama], iş ady. Şagyrdamak 
derejesi. 
ŞAGYRDAMAK [şağyrdamak], işl. Şagyr-şagyr 
etmek, şagyrdyly seslenmek. Tamyň depesinden 
sallanyşyp duran buz şelpeleri käýarym şagyrdap 
ýere gaçýardy (P. Rejebow).
ŞAGYRDAMAKLYK [şağyrdamaklyk], iş ady. 
Şagyrdamak ýagdaýy. 
ŞAGYRDAŞMAK 
[şağyrdaşmak], 
işl. 
Köpçülikleýin şagyrdamak. Guran gamyşlar biri-
birine degip şagyrdaşdylar. 
ŞAGYRDATMAK [şağyrdatmak], işl. Şagyrdyly 
seslendirmek. Aýal şaýlaryny şagyrdadyp turdy (B. 
Seýtäkow).  
ŞAGYRDAÝYŞ 
[şağyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Şagyrdamak ýagdaýy. 
ŞAGYRDY [şağyrdy], at. 1. Gür ösen agaçlaryň 
şahalary, gaty gury zatlar biri-birine degende döreýän 
sesiň ady. Arka taraplarynda bir şagyrdy eşidilýän 
ýaly boldy (A. Gowşudow). 2. Guralyň, enjamyň we 
ş.m. zatlaryň näsazlygyndan ýüze çykýan garyşyk 
sesleriň ady. Birden radionyň içinde şagyrdy köpeldi. 
ŞAGYR-ŞAGYR [şağyr-şağyr], s.ş.aňl.söz. 
Gaty gury zatlar, ýuka demir bölekleri ýa-da ýuka 
metal gaplar biri-birine degende döreýän sesler. 
ŞAGYRT [şağyrt], s.ş.aňl.söz. Gaty gury zatlar 
biri-birine degende döreýän ses. Şagyrt etmek. 
ŞAH, at. Käbir haýwanlaryň kelle süňki bilen 
utgaşyp çykýan uzyn, ujy ýiti sünk; şaha-şaha bolup, 
çykýan buýnuz. Ahyry geçijik möjegiň garnyndan 
şahyny ildirip silkipdir (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞAH [şa:h], at, ser. Şa 
ŞAHA [şaha] I, at. 1. Agajyň ýa-da ösümligiň 
esasy düýp baldagynyň gapdalyndan gögerip çykýan 
uly gollary, pudak. Her şahadan ýüp salyp, 
Hiňňildik asaýmaly (A. Kekilow). 2. Ylmyň, 
önümçiligiň we ş.m. bir ugry, bölümi, pudagy. 3. Bir 
zadyň bölünip gidýän ugry, gol. 
ŞAHA [şaha] II, at. Derýadan ýa-da ýapdan baş 
alýan suw ýoly, goly. Obanyň gyrasyndan Murgap 
derýasynyň bir şahasy akyp geçýär. 
ŞAHAÇA [şahaça], at. Bir zadyň böleginiň kiçi 
ugry, goly.
ŞAHADATNAMA [şaha:datna:ma], at. 1. Bir 
zady, biriniň şahsyýetini tassyklaýan resminama. 
Şahsy şahadatnama. Dogluş hakynda şahadatnama. 
Sürüjilik 
şahadatnamasy. 
2
Orta 
mekdebi 
tamamlanlara berilýän resminama. 
ŞAHALAMAiş ady. Şahalamak ýagdaýy. 
ŞAHALAMAK, işl. Şaha çykarmak, şaha 
ýaýratmak.
ŞAHALAMAKLYK
iş 
ady. 
Şahalamak 
ýagdaýy.
ŞAHALANMAK, at. Şaha çykaryp başlamak, 
şaha ýaýradyp ugramak. 
ŞAHALAÝYŞiş ady. Şahalamak ýagdaýy. 
ŞAHAMÇAat. Ýuridik şahs bolan bir edaranyň 
ýerleşýän ýerinden başga ýerde ýerleşýän we onuň 
ähli borçlaryny ýa-da borçlarynyň bir bölegini, şol 
sanda wekilçilik borçlaryny amala aşyrýan bölümi.
ŞAHANA [şa:ha:na], at, kön.s. Şalara mynasyp, 
şalaryň geýýän lybaslary (egin-eşik). Aşyk Ahmede 
şahana lybaslar geýdirip, ýolga rowana kyldylar 
(

Saýatly – Hemra

). Märeke bu ýigidi patyşa 
tagtyna çykaryp, şahana lybaslar geýdirip oturdanlar 
(A. Salyh). 
ŞAHANDAZ [şahanna:z], syp. Şowhunly 
märekäni, 
saz-söhbeti, 
oturylyşygy, 
meýlisi, 
gürrüňçiligi halaýan. Mürçe gözelleri şahandaz bolar 
(Kemine). Şahandazdyr biziň iller (G. Ezizow). 
ŞAHANDAZLYK [şahanna:zlyk], at. Şahandaz 
häsiýetlilik, şahandaz bolmaklyk. Ili-güni gülüşdirip, 
keýpiköklük, şahandazlyk bilen gün geçirýän 
Japbaklar bihepbe däldiler (B. Kerbabaýew). 
ŞAHLAK, syp. Uly hem uzyn şahly. Şahlak 
sygyr. 
ŞAHLYsyp. Şahy bolan. 
ŞAHLYJA, 1syp. Kiçijik şahly. Şahlyja owlak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   518   519   520   521   522   523   524   525   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling