ŞARKYLDAÝYŞ
[şarkyllaýyş],
iş
ady.
Şarkyldamak ýagdaýy.
ŞARKYLDY [şarkylly], at. Demir, tagta zatlaryň
biri-birine batly degmegi, ýere batly gaçmagy
netijesinde döreýän sesiň ady. Gapynyň şarkyldysy.
ŞARLAMA, iş ady. Şarlamak ýagdaýy.
ŞARLAMAK, işl. Şarryldyly seslenmek, şarryldy
döremek, şar-şar etmek (suw hakynda). Obanyň
ortasyndan geçýän ýapdan dury suw şarlap akýardy
(B. Gurbanow).
ŞARLAMAKLYK, iş ady. Şarlamak ýagdaýy.
ŞARLAŞMAK, işl. Birnäçe ýerde şarlap akmak.
Suwlar akdy şarlaşyp, Dumly-duşdan sil turdy (Ş.
Kekilow). Ýolda suwlar şarlaşyp, Akyp gelýär
dereden (A. Alamyşow).
ŞARLATMAK, işl. 1. Şarryldyly ses çykardyp
akdyrmak. Suwy şarladyp akdyrmak. 2. Ýalan-
ýaşyryk zady gürlemek. Şarladyp ýörmek.
ŞARLAÝYŞ, iş ady. Şarlamak ýagdaýy.
ŞARLAWUK [şarlowuk], at. 1. Beýik ýerden bat
bilen aşaklygyna gaýdýan suw akymy. 2. Oba ady.
ŞARŇYLDAMAK [şarňyllamak], işl. 1. Içi
beýik, giň hem howaly bolmak. – Bize şarňyldap
duran jaýyň içinde oturmagam miýesser etjek eken.
2. Demir zatlar biri-birine degende, käbir gurallar
işlände we ş.m. ýagdaýlarda şarňyldyly ses çykmak.
ŞARŇYLDAŞMAK [şarňyllaşmak], işl.1. Köp
zatdan şarňyldap ses çykmak. 2. Köp jaýyň içi
şarňyldap durmak. Şarňyldaşyp duran otaglar.
ŞARŇYLDATMAK
[şarňyllatmak],
işl.
Şarňyldyly ses çykartmak, şarňyldyly seslendirmek.
ŞARŇYLDAÝYŞ
[şarňyllaýyş],
iş
ady.
Şarňyldamak ýagdaýy.
ŞARŇYLDY [şarňylly], at. Demir zatlar biri-
birine degende, käbir gurallar işlände we ş.m.
ýagdaýlarda döreýän sesiň ady. Agaç kesýän
maşynlaryň şarňyldysy, bu ýerde gije ümsümligini
janlandyryjy owaz bolup durmuşa ornaşdy (K.
Berdiýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |