Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet526/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   522   523   524   525   526   527   528   529   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞALKYLDAMAKLYK [şalkyllamaklyk], iş ady. 
Şalkyldamak ýagdaýy. 
ŞALKYLDAŞMAK [şalkyllaşmak], işl. 1
Birden köp zat şalkyldamak. Onuň eli, aýagy 
şalkyldaşyp ýatyr. 2. göç.m. Köpçülik bolup işsiz 
entemek. Köçede şalkyldaşyp ýörmek gowy däl. 
ŞALKYLDATMAK 
[şalkyllatmak], 
işl. 
Şalkyldamaga sebäp bolmak. 
ŞALKYLDAÝYŞ 
[şalkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şalkyldamak ýagdaýy. 
ŞALKYLDY [şalkylly], at. Köplenç, sygyr gaty 
ýörände toýnagyndan çykýan sesiň ady 
ŞALLAK, at. 1. Suwda kelläňe kakyp ýüzüp 
gaçyp oýnalýan oýun. 2. Gamçy ýaly urulýan zat 
Halwany hekim iýer, şallagy  ýetim (Nakyl). 
ŞALLAKLAMA, iş ady. Şallaklamak ýagdaýy. 
ŞALLAKLAMAK, işl. 1. Aýaklaryňy, elleriňi 
galgatmak, hereketlendirip ýatmak (adam hakda). 
Çaganyň aýaklary şallaklaýardy. 2. gepl.d. Art 
aýaklaryny deň hereketlendirip hyzzyn atmak (eşek 
hakda). 
ŞALLAKLAMAKLYK, iş ady. Şallaklamak 
ýagdaýy. 
ŞALLAKLAŞMAK
işl. 
Köpçülikleýin 
şallaklamak.
ŞALLAKLATMAK, işl. Aýagy, eli çalt-çaltdan 
hereketlendirmek, hereket etdirmek. Çagajyk elini, 
aýagyny şallakladyp oýnap ýatyrdy. 
ŞALLAKLAÝYŞiş ady. Şallaklamak ýagdaýy.
ŞALLAKY, at. 1. Ujuna üşgi ötürilip, demir, 
kümüş ýaly metal önümleri, şonuň ýaly-da agaç 
önümlerini deşmek, oýmak üçin ulanylýan örän 
ýönekeý gurluşly ussaçylyk guraly. 2. gepl.d. 
Şallaklap ýören, haýýarlyk edýän, bedasyllyk edýän. 
Şallaky adam. 
ŞALPYLDAMA 
[şalpyllama], 
iş 
ady. 
Şalpyldamak ýagdaýy. 
ŞALPYLDAMAK [şalpyllamak], işl. Şalpyldyly 
ses çykmak, şalpyldyly seslenmek. Men şalpyldap, 
howuzdan çykyp başladym (

Edebiýat we sungat

). 
ŞALPYLDAMAKLYK [şalpyllamaklyk], iş ady. 
Şalpyldamak derejesi. 
ŞALPYLDAŞMAK [şalpyllaşmak], işl. Köp 
bolup şalpyldamak. Çagalar suwda şalpyldaşyp 
oýnaýardylar. 
ŞALPYLDATMAK 
[şalpyllatmak], 
işl. 
Şalpyldyly ses çykartmak. Suwy şalpyldadyp dökmek. 
ŞALPYLDAÝYŞ 
[şalpyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şalpyldamak ýagdaýy. 
ŞALPYLDY [şalpylly], at. Suwuklykda edilýän 
hereket, tolkun zerarly döreýän sesiň ady. Suwuň 
şalpyldysy. Tolkunlaryň şalpyldysy. 
ŞALPY-ŞARAŇ, syp. Üsti-başyna suw syçrap, 
dökülip öl-myžžyk. Üsti-başymyz şalpy-şaraň boldy. 
ŞALPY-ŞARAŇLYK, at. Şalpy-şaraň ýagdaýda 
bolmaklyk. 
ŞALTAK, at. 1. Maýyp, agsak. Şaltak düýe. 2
göç.m. Käbir mallaryň guýruk tarapyndaky gatap 
galan hapa, çaňňalak. 
ŞALT-PALT: şalt-palt bolmak derrew oňa-muňa 
harçlanyp gutarmak, sowulmak. Alan aýlygymam bäş 
günüň içinde şalt-palt boldy. Şalt-palt etmek 
derrew oňa-muňa harçlap gutarmak, sowmak. Puluňy 
iki günüň içinde şalt-palt edäýmegin.  
ŞALT-ŞALThal, ser. ŞaltyldySygyrlar şaltda-
şalt ýöreşýärdiler. Göleler dyzaşyp garaşýardylar (Ç. 
Gurbangylyjow). 
ŞALTYLDY [şaltylly], at. Käbir toýnakly mal 
ylganda çykýan sesiň ady. 
ŞALY [şa:ly], at. 1. Ýere bol suw yzygiderli 
goýberilip ýetişdirilýän däneli ekin. Şaly suwsuz 
bolmaz, palaw  bugsuz (Nakyl). 2. Şol ekiniň daşy 
arassalanmadyk dänesi.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   522   523   524   525   526   527   528   529   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling