Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ŞAPBATLAMAKLYK
- ŞAPBYLDAMA [şapbyllama], iş ady. Şapbyldamak ýagdaýy. ŞAPBYLDAMAK
- ŞAPBYLDAMAKLYK
- ŞAPBYLDAÝYŞ [şapbyllaýyş], iş ady. Şapbyldamak ýagdaýy. ŞAPBYLDY
- ŞAPLAMAK
- ŞAPLATMAK
- Şapba-şapba
- ŞAPYRDAMAKLYK
- ŞAPYRDATMAK
- ŞAPYRDYK
- ŞARAMA
- ŞARAÝYŞ
- ŞARK I
- ŞARKA
- ŞARKYLDAMA [şarkyllama], iş ady. Şarkyldamak ýagdaýy. ŞARKYLDAMAK
- ŞARKYLDAMAKLYK
Şapbat ýaly ýuka hem kiçijik. Ojagymda
şapbat ýalyjak Gyzdyrmaçjyk bişirindim (K. Gurbannepesow). ŞAPBATLAMA [şapba:tlama], iş ady. Şapbatlamak ýagdaýy. ŞAPBATLAMAK [şapba:tlamak], işl. Şapbat bilen urmak, kakmak, şarpyk çalmak. Iň soňunda göwnühoş gülüp, döşüne şapbatlady (N. Jumaýew). ŞAPBATLAMAKLYK [şapba:tlamaklyk], iş ady. Şapbatlamak ýagdaýy. ŞAPBATLATMAK [şapba:tlatmak], işl. Şapbatlamak işini birine etdirmek. ŞAPBATLAÝYŞ [şapba:tlaýyş], iş ady. Şapbatlamak ýagdaýy. ŞAPBYK, at, ser. Şapbat 2. Şapbyk çalmak. Şapbyk iýmek. ŞAPBYLDAMA [şapbyllama], iş ady. Şapbyldamak ýagdaýy. ŞAPBYLDAMAK [şapbyllamak], işl. Şapbyldyly ses çykmak, şapbyldyly seslenmek. Ol nahar iýende agzy şapbyldar durardy. ŞAPBYLDAMAKLYK [şapbyllamaklyk], iş ady. Şapbyldamak ýagdaýy. 321 ŞAPBYLDATMAK [şapbyllatmak], işl. Çeýnäp oturan çöregini her ýuwutjak bolanda dodaklaryny biri-birine ýetirip, agzyndan şapbyldyly ses çykarmak. Çaşçy Çaman palawy üznüksiz çarşaklan barmaklaryny şapbyldadyp ýalady (A. Gowşudow). ŞAPBYLDAÝYŞ [şapbyllaýyş], iş ady. Şapbyldamak ýagdaýy. ŞAPBYLDY [şapbylly], at. Nahar iýlende, ogşaşylanda we ş.m. dodaklaryň biri-birine ýapyşyp aýrylmagyndan döreýän zarply sesiň ady. Dodaklaryna erigiň şepbigi çalnan ýaly, garalary görünmänkä, şapbyldysy eşidilýär ( Edebiýat we sungat ). ŞAPLAMAK [şapylamak], işl., gepl.d., ser. Şaplaşmak. ŞAPLAŞMAK [şapylaşmak], işl. Şap bolmak, laýyk bolmak, şaplamak. Halk lakam goýýan adamsynyň göwresine, sypatyna, gaýratyna şaplaşyp duran lakam goýýan eken (N. Pomma). ŞAPLATMAK [şapylatmak], işl. 1. Birine bir zady haýdan-haý, derrew aýtmak. Bolan wakany Mätä ýerli-ýerden şapladyp habar berýärler (T. Gurbanow). 2. göç.m. Batly urmak, çalmak. Ýel gumuň iri dänelerini ýüzüňe şapladyp urýardy (B. Kerbabaýew). ŞAP-ŞAP, s.ş.aňl.söz., ser. Şapba-şapba. Ogluny dyzynyň üstünde dik durzup, şap-şap ogşap, bagryna basdy (A. Durdyýew). ŞAP-ŞUP: şap-şup etmek bir zady çaltlyk bilen iýmek, lak-luk atmak. ŞAPYRDAMA, iş ady. Şapyrdamak ýagdaýy. ŞAPYRDAMAK, işl. Şapyrdyly ses çykmak, şapyrdyly seslenmek. Ol şapyrdap başlan el çarpyşygy elini daldalap saklady (B Kerbabaýew). ŞAPYRDAMAKLYK, iş ady. Şapyrdamak ýagdaýy. ŞAPYRDAŞMAK işl. Bilelikde şapyrdamak, şapyrdyly ses etmek. Daňdan namaz wagtlary birden üç sany kepderi şapyrdaşyp, çeşmäniň başyndaky çynara gondy ( Türkmen halk ertekileri ). ŞAPYRDATMAK, işl. Şapyrdyly ses çykarmak, şapyrdyly seslendirmek. Ýel serilgi geýimleri şapyrdadýardy. ŞAPYRDAÝYŞ, iş ady. Şapyrdamak ýagdaýy. ŞAPYRDY, at. Suwuň içi bilen çalt ýörelende, ýagyş iri damjalap ýaganda, seçekli zatlara ýel degende we ş.m. ýagdaýda döreýän sesiň ady. Güýçli ýagýan ýagşyň şapyrdysy bulary oýardy (Ç. Aşyrow). ŞAPYRDYK, at, gepl.d., ser. Şabrama 2. Şapyrdyk ýaglyk. ŞAPYR-ŞUPUR, hal, ser. Şapba-şupba. Ol köne dosty bilen şapyr-şupur görüşdi. ŞAR[şa:r] I, at. 1. Togalak geometrik şekil. Şaryň üsti. 2. Şonuň ýaly görnüşli zat. Bilýardyň şary. 3. Içine ýel berlip uçurylýan zat. Asmana şar uçurmak. ŞAR [şa:r] II, Gara diýen sypatyň öňünden gelip, sypatyň artyklyk derejesini ýasaýan ownuk bölek. Dürli lybas geýip gelinler-gyzlar, Saçlary şar gara, ýüzi gunduzlar (A. Kekilow). Gyzyň şar gara saçlary şu ölügsi yşyga ýalp-ýalp edýärdi (T. Gurbanow). ŞARA, at. Ýuka dilnen bölek-bölek edilip duzlanan etden, balykdan közüň üstünde ýa-da saçda daglanyp bişirilýän nahar. Oglanlaryň biri onuň bagryndan, ýüreginden, art bududyr guýrugyndan alaga-da şara etdi (Ý. Mämmediýew). ŞARAMA [şa:rama], iş ady., gepl.d. Şaramak ýagdaýy. ŞARAMAK [şa:ramak], işl., gepl.d. Küşt oýnunda at göçülende iki mala düşmek. Altynjy göçümde onuň aty şarady. ŞARATDYRMAK [şa:ratdyrmak], işl., gepl.d. Şaratmak işini birine etdirmek. ŞARATMAK [şa:ratmak], işl., gepl.d. Şaramak ýagdaýyna düşürmek. Aty şaradyp, mugt mal almak. ŞARAÝYŞ [şa:raýyş], iş ady., gepl.d. Şaramak ýagdaýy. ŞARF, at. Boýna oramak, dakmak üçin dokalan (örülen) mata zolagy. Çaşçyň egninde köneräk gara kostýumy bardy, boýnuna ala şarf atynypdy (A. Gowşudow). ŞARK I, at, k.d. Gündogar. Şarkyň gyzy oraýany ýaglygy, Sypap-sypap, maňlaýyna daňypdyr (M. Seýidow). ŞARK II, s.ş.aňl.söz. Demir we demirden ýasalan zatlar biri-birine batly degende döreýän ses. ŞARKA, hal. Bat bilen, birden, duýdansyz, batly. Syçan girdigi, gapyrjagyň agzy şarka ýapylýandyr (G. Gurbansähedow). ŞARK-ŞARK, s.ş.aňl.söz. Demir we demirden ýasalan zatlar gaýta-gaýta biri-birine batly degende döreýän ses. Şark-şark maşyn sesi, Biri-birine garyşýar (A. Nyýazow). ŞARK-ŞURK, hal. Çaltlyk bilen, ur-tut, bada- bat, şart-şurt, birden, derrew, dessine, çalt. Horasan tilkisi ýuwaşlyk bilen gapany goýberjek bolýar weli, şark-şurk gapana düşýär galyberýär ( Türkmen halk ertekileri ). ŞARKYLDAMA [şarkyllama], iş ady. Şarkyldamak ýagdaýy. ŞARKYLDAMAK [şarkyllamak], işl. Demir we demirden, gaty agaçdan we ş.m. ýasalan zatlar biri- birine batly degende şarkyldyly seslenmek. Jaýyň gapysy şarkyldap açyldy. Edil şol demde gara öýüň bäş ädim öňündäki daş tamyň gapysy şarkyldap açyldy-da, işigiň eňsisi serpilen gara öýüň bosagasynda Enebaý ejäniň äpet göwresi peýda boldy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). ŞARKYLDAMAKLYK [şarkyllamaklyk], iş ady. Şarkyldamak ýagdaýy. ŞARKYLDAŞMAK [şarkyllaşmak], işl. Bilelikde şarkyldamak, şarkyldyly ses etmek, yzly- yzyna şarkyldamak. ŞARKYLDATDYRMAK [şarkyllatdyrmak], işl. Şarkyldatmak hereketini etdirmek. ŞARKYLDATMAK [şarkyllatmak], işl. Şarkyldyly ses çykartmak, şarkyldyly seslendirmek. Kesmikden boşan açmaňyz sygyrlar toýnaklaryny şarkyldadyp ondan-oňa hars urýarlar (B. Kerbabaýew). |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling