Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞAÝ II, at, gepl.d., ser. Şaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet537/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   533   534   535   536   537   538   539   540   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞAÝ IIat, gepl.d., ser. Şaýy
ŞAÝAT [şa:ýa:t], at. Bir wakany, ýagdaýy gözi 
bilen gören, eşiden, gerek bolanda şaýatlyk edýän 
adam. Men şol ýerde ýeke däldim, meniň ýedi sany 
şaýadym bar (A. Gowşudow).
ŞAÝATLAŞMAK [şa:ýa:tlaşmak], işl. Jedelde, 
dawada, şaýat gözleşmek, şaýat tutuşmak. Meniň 
pikirimçe, bu arada dawalaşyp, şaýatlaşyp ýörer ýaly 
zat ýok (A. Gowşudow).
ŞAÝATLYK [şa:ýa:tlyk], at. Şaýat bolmaklyk.

Şaýatlyk etmek şaýat bolmaklyk, şaýat bolmak, 
tassyklamak.
ŞAÝATNAMA [şa:ýa:tna:ma], at. Bir ýagdaýy, 
wakany we ş.m. tassyklamak üçin ýazylan hat.  
ŞAÝLAMAiş ady. Şaýlamak ýagdaýy. 
ŞAÝLAMAK, işl. 1. Şaý dakmak, şaý bilen 
bezemek. Kerpiç-kerpiç dogabaglar bilen atyň tä 
gulagyna çenli şaýlapdyr (B. Kerbabaýew). 2
Şaýyny tutmak, taýýarlamak, gerekli zat bilen üpjün 
etmek. Azygyň şaýla bu başda, Ýol uzakdyr, tut 
serişde (Zelili). Şat hoşlaşyp, gujaklaşyp, Ony ýola 
şaýlaýar (R. Seýidow).
ŞAÝLAMAKLYKiş ady. Şaýlamak ýagdaýy. 
ŞAÝLANMAK, işl. 1. Şaý dakynyp bezenmek. 
Aýlar gelýär aýlanyp, Gyzlar gelýär şaýlanyp (Halk 
döredijiliginden). 2. Ugramak üçin ýol şaýyňy 
tutmak. Hoş gal munda, hoş gal, gözel Aşgabat, 
Ogullaryň bu gün ýola şaýlandy (M. Seýidow).
ŞAÝLATMAK, işl. Gerekli şaý-sep bilen üpjün 
etdirmek. 
ŞAÝOL [şa:ýo:l], at. Uly, giň, göni hem esasy 
ýol. Gün dogaly bäri gaýraky şaýoluň gatnawy 
kesilmeýärdi (B. Seýtäkow). Garaşsyzlyk şaýoly. 
Magtymguly şaýoly. Bitaraplyk şaýoly. Görogly 
şaýoly.  
ŞAÝRATMAK, işl. Ýaramaz ýola düşmek, erbet 
gezmek. Şaýradyp ýörmek

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   533   534   535   536   537   538   539   540   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling