Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞATYRDAMA, iş ady. Şatyrdamak ýagdaýy.  ŞATYRDAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet536/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   532   533   534   535   536   537   538   539   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞATYRDAMAiş ady. Şatyrdamak ýagdaýy. 
ŞATYRDAMAK, işl. Şatyrdyly ses çykmak, 
şatyrdyly seslenmek, şat-şat etmek. Öý çaýkanýardy, 
uklar şatyrdaýardy (B. Kerbabaýew).
ŞATYRDAMAKLYK, iş ady. Şatyrdamak 
ýagdaýy. 
ŞATYRDAŞMAK, işl. Birnäçe zat bir wagtyň 
özünde şatyrdyly seslenmek. 
ŞATYRDATMAK, işl. Şatyrdamak katdyna 
ýetirmek, şatyrdyly seslendirmek. Ýel garaja öýi 
şatyrdadyp, çaýkap başlady (B. Kerbabaýew).
ŞATYRDAÝYŞ, iş ady. Şatyrdamak ýagdaýy. 
ŞATYRDY, at. Agaç döwlende, gaty yrgyldanda, 
otda ýananda we ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady. Ol 
ilkinji sürüme başlajak bolup durka, öň ýanynda, 
bugdaýyň içinde bir şatyrdy sesi peýda boldy (A. 
Durdyýew).
ŞATYRDYLY, syp. Şatyrdysy bar bolan. 
Şatyrdyly ses. 
ŞATYR-ŞALLAKsyp. Elem-tas, baş açyk, aýak 
ýalaň. Saçyňy sallap, gowaçaň içinde şatyr-şallak 
ylgap ýörmek isleýärmiň? (A. Durdyýew). 
ŞATYR-ŞUTURhal. Derrew, dessine, şart-şurt. 
Ol şatyr-şutur gazan atardy. 
ŞAÝ I, at. 1. Dakynmak üçin gymmat bahaly 
metaldan ýasalan her hili bezeg önümleri. Watan üçin 
sarp bolsun, Meniň bezegim, şaýym (A. Nyýazow). 2
Bir zat üçin gerekli bolan enjamlar, gurallar; goşlar, 
zatlar. Soňra künde, boýunturuk, ýerdemir, mala hem-
de beýleki şaýlary howlynyň ortasyna çykaryp, birlaý 
elden geçirdiler (B. Seýtäkow). 3. Maşynyň, 
mehanizmiň, guralyň gerekli bölegi. Gerek şaýlary 
tapylsa, 
ony 
gurnaşdyrsa-da 
bolardy 
(H. 
Garabaýew).

Şaýyňy tutmak bir işi etmek üçin 
taýýarlanmak, bir zada taýýarlyk görmek; goş-
golamyňy jemlemek. – Basymrak şaýyňy tut, men 
seni alyp gitmäge geldim – diýdim (T. Gurbanow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   532   533   534   535   536   537   538   539   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling