Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet539/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   535   536   537   538   539   540   541   542   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞEJERE, at. 1. Ata-baba nesli; nesil daragty. 2
Bir urugyň nesilleriniň garyndaşlyk aragatnaşygynyň 


325 
yzygiderligini beýan edýän hasap ýazgysy. Hany, sen 
ol türkmen taryhynyň şejeresini nätdiň? (B. 
Kerbabaýew).
ŞEK, at. 1. Birine ýa-da bir zada bolan şübhe, 
müňkürlik, şek-şübhe. 2. Birine ýöňkelýän günä, 
garalyk, şyltak, töhmet. Meniň özümçe bar-ýoklar 
maňa şek getirjek bolsa, onda men beýle mejlise 
goşulmak islämok  (B. Kerbabaýew).

Şek ýetirmek zyýan etmek, zelel getirmek
gara ýokdurmak, mertebesini peseltmek.
ŞEKER, 
at. 
1
Gant 
şugundyryndan, 
şekerçiňrikden alynýan ýokumly, süýji önüm. 2
göç.m. Lezzetli, şirin, süýji. Lebi şeker, agzy gunça, 
Ol zülpi tardan aýryldym (Magtymguly). Aýt, haýsy 
bagyň bezegi bolup, Haýsy çeşmäň şeker suwundan 
içdiň (M. Seýidow).
ŞEKERÇIŇRIK, at. Palajynyň şiresinden şeker 
alynýan ösümlik. Birden ýoluň iki tarapyny hem 
ösgün şekerçiňrik tutýar (S. Ataýew).
ŞEKEREK, at, Üzüm, igde ýaly käbir ir-
iýmişleriň owunjak süýji görnüşi. 
ŞEKERLI, syp. Düzüminde şeker bolan; şeker 
goşulan, şeker garylan. Şekerli köke. 
ŞEKIL, at. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň suraty. 
Hala Magtymgulynyň şekili çitilipdir. 2. Biriniň ýa-da 
bir zadyň meňzedilip ýasalan görnüşi, nusgasy. Ol 
palçyklardan atlaryň şekillerini ýasaýarlar (B. 
Seýtäkow).
ŞEKILJIKat. Kiçi şekil.
ŞEKILLENDIRILMEK [şekillennirilmek], işl. 
Biriniň, 
bir 
zadyň 
daş 
görnüşi, 
sypaty 
suratlandyrylmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   535   536   537   538   539   540   541   542   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling