Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ŞEMALLAMA [şema:llama], iş ady. Şemallamak ýagdaýy. ŞEMALLAMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ŞEMALLAMA
[şema:llama], iş ady. Şemallamak ýagdaýy. ŞEMALLAMAK [şema:llamak], işl. l. Howa çykmak, tämiz howadan dem almak, ýelejiremek. Galaň burçuna çykyp, bir şemallaýan, soň öýümize gelýärin (A. Gowşudow). 2. Howa täzelenmek, şemal çalmak. Poluň aşagy şemallar ýaly diýlip, tamyň düýbünde deşik goýulýar. ŞEMALLAMAKLYK [şema:llamaklyk], iş ady. Şemallamak ýagdaýy. 326 ŞEMALLATMAK [şema:llatmak], işl. 1. Bir zady ýelejiretmek, şemally ýerde goýmak, howaly ýere çykarmak. Seniň geýimleriňi şemallatmak üçin daşaryk çykardym (N. Pomma). 2. Howasyny täzelemek, şemal çaldyrmak, ýelejiretmek . Içerini şemallatmak. ŞEMALLAÝYŞ [şema:llaýyş], iş ady. Şemallamak ýagdaýy. ŞEMDAN [şemda:n], at. Şem goýulýan, oturdylýan gap. Ýadygäriň degresinde, Lowurdap dur sekiz şemdan (K. Gurbannepesow). ŞEMHAL [şemha:l], at. Agzyndan ok salnyp, gapdalyndan pelte bilen ot berlip atylýan aýakly, uzak aralyga atýan gadymy tüpeň. Oglan derrew baryp, ýaňky atyň birine münüp, şemhaly boýnundan asyp, gylyjy biline baglady ( Türkmen halk ertekileri ). ŞEMHALÇY [şemha:lçy], at. Şemhal atýan adam. Bu sözi aýdandan soň: Bu zaňňara hiç zat kär etmändir diýip, şemhalçylar dagyň aňyrsyndan gaçyp, hol gitdiler ( Görogly ). ŞEMME, at. Demlenen çäýnegiň düýbünde galýan çaý ýapraklary, şem. Kän durmaga sabry ýokdur, Şemmesini ýakar gök çaý (K. Gurbannepesow). ŞEMPA [şempa:], at. 1. Sap ak goýun derisinden tikilýän owadan ak telpek. Onuň başynda şempa telpegi bar. 2. Inçe uzyn tüwi. Her dänesi böwrek dek, özem şempa tüwsinden, Saýlap-saýlap dogradyk käşirleriň gowsundan (M. Seýidow). ŞEMSI: şemsi ýyl hasaby: Günüň dogýan we ýaşýan wagty boýunça ýöredilýän ýyl hasaby (ser. Hijiri: hijiri-şemsi). ŞEMŞAT [şemşa:t], at. 1. Günorta ýurtlarda ösýän, örän berk, hemişe gök salyp duran agaç. Haý- haý, boýuň tubydyr, kaddyň şemşada meňzär, Zyba- näzik boýlaryň müşgül gülşada meňzär (Talyby). 2. Gyza dakylýan at. Şemşat ýaly gelşikli, enaýy, görnükli, eýjejik. ŞEMŞIR [şemşi:r], at, k.d. Gylyç. Tug göterip kyldyň söweş, Gol urup sen şemşire (Magtymguly). Şu meýdanda boýnuňyza şemşiri, Uraryn sizleri, urmasam bolmaz (Şabende). ŞENBE [şemme], at. Hepdäniň altynjy gününiň ady. ŞEPAGAT [şepa:ğat], at. Rehim, mähir, duýgudaşlyk. Şepagat uýasy bejeriş edaralarynda orta düzüme degişli lukmançylyk işgäri. ŞEPAGATLY [şepa:ğatly], syp. Rehim-şepagaty bar, mähirli, rehimli, rehimdar. ŞEPAGATLYLYK [şepa:ğatlylyk], at. Rehim- şepagaty barlyk, şepagatly bolmaklyk. ŞEPAGATSYZ [şepa:ğassyz], syp. Rehim- şepagaty ýok. ŞEPAGATSYZLYK [şepa:ğassyzlyk], at. Rehim-şepagaty ýokluk, şepagatly dällik, şepagatsyz bolmaklyk. ŞEPBEŞIK, syp. Ýelmeşip, şepbeşip, süýgüp duran, ýelmeşegen. Heniz onuň biri-birine ýelmeşen şepbeşik gaýmaklary hem gatamandyr (B. Kerbabaýew). ŞEPBEŞIŞ, iş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. ŞEPBEŞME, iş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. ŞEPBEŞMEK, işl. Ýelmeşmek, ýapyşmak, ýelmeşip, süýgüp durmak. Düýbündäki şepbeşip duran mele ýaglar günüň howruna şypyljap, biraz aşaklygyna syrykdy (N. Baýramow). ŞEPBEŞMEKLIK, iş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. ŞEPBIK, at. 1. Käbir miweli agaçlaryň (şetdaly, erik, garaly we ş.m.) gabygyna şikes ýetende ýa-da olar kesellände peýda bolýan sarymtyl, goňrumtyl, garamtyl reňkli ýelmeşegen madda. Erik agaçlarynda şepbik köp bolýar. 2. Ýelmeşýän madda, şepbeşik. Ir- iýmiş ýygnamak bilen elleri şire, şepbik bolup duran adamlar degşip gülüşýärdiler (A. Gowşudow). ŞEPBIKLEME, iş ady. Şepbiklemek ýagdaýy. ŞEPBIKLEMEK, işl. Şepbik çykmak, şepbik emele gelmek, tutmak. Erik agajy şepbikläpdir. ŞEPBIKLEMEKLIK, iş ady. Şepbiklemek ýagdaýy. ŞEPBIKLEÝIŞ, iş ady. Şepbiklemek ýagdaýy. ŞEPE, at, gepl.d. 1. Ýaş erkek adamyň bile tirkeşýän ýakyn ýoldaşy. 2 Dost, ýoldaş, halypa, gardaş diýen manyda erkek adamlara degişlilikde ulanylýan söz. Bu akgaýma tahýajygy, Neneň görýäň, Taýmaz şepe (K. Gurbannepesow). ŞER, at. 1. Haýyrly bolmadyk, haýyrsyz iş. Agşamyň haýryndan ertiriň şeri (Nakyl). Namart haýyr işigin açmaz, Muhannes şer işden gaçmaz ( Görogly ). 2. Dawa, jenjel, dawa-jenjel, galmagal, goh-galmagal. Şer bolsa, gözüň açylaýýar öýdýän. Şer aramak yrsaramak, dawa-jenjel gözlemek. ŞERAP [şera:p], at. Köplenç, üzüm ajadylandan soň sykylyp arassa suwy alnyp ýasalan içgi, çakyr. Şerabyň azy däri, köpi – öt (Nakyl). ŞERAPAT [şera:pat], at, k.d. 1. Abraý, hormat; mertebe, dereje. Ýagşydan – şerapat, ýamandan – kesapat (Nakyl). Ylmyň şerapaty – kelamyň haky, Gören barmy, bilen barmy ýaranlar (Şabende). 2. Gyza dakylýan at. ŞERBET [şervet], at. Miwäniň suwundan, şiresinden, şekerden, gantdan gaýnadylyp taýýarlanylýan içgi. Otar idim seni bagyň gülünden, Suwlar idim seni şerbet balyndan ( Görogly ). ŞERÇI, at. ser. Şermende 1. Şer etmegi gowy görýän (adam). 2. ser. Şermende 2. ŞEREBE [şereve], at. Köp duz atylan, aşa duzly suw. Gijäp çydatmaýan bolsa şerebe çalaýsak näderkä? (N. Pomma). Şerebäňi pürkmek göwne deger ýaly ajy, ýakymsyz söz aýtmak, duzlamak. Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmajagy-da dogry weli, çem gelene jabjynyp, şerebäňi pürkmek adamçylykdan däl ahyry (B. Kerbabaýew). ŞEREBELEME [şereveleme], iş ady. Şerebelemek ýagdaýy. ŞEREBELEMEK [şerevelemek], işl. 1. Şerebe çalmak, şerebä ýatyrmak. 2. göç.m. Göwne deger ýaly ajy, ýakymsyz söz aýtmak. Eýsem-de bolsa, 327 birnäçe günläp biri-biriňden ýüzüňi sowuşmak, gepleşmezlik-ýaşaýyş lezzetini şerebeleýärdi (B. Kerbabaýew). ŞEREBELEMEKLIK [şerevelemeklik], iş ady. Şerebelemek derejesi. ŞEREBELENIŞ [şereveleniş], iş ady. Şerebelenmek ýagdaýy. ŞEREBELENMEK [şerevelenmek], işl. Şerebä ýatyrylmak, şerebe çalynmak. ŞEREBELETMEK [şereveletmek], işl. Şerebä ýatyrtmak, şerebede goýdurmak. ŞEREBELI [şereveli], syp. 1. Duzly, şor, şerebe garylan. Şerebeli noýba. 2. göç.m. Göwne deger ýaly ajy, ýakymsyz. Şerebeli söz. ŞEREKET, at. Deň hukukly gatnaşyjylardan düzülýän bileleşik, birleşik. Önümçilik şereketi. ŞERH, at, k.d. Many, düşündiriş, beýan. Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp (Magtymguly). ŞERIGAT [şeri:ğat], at. Yslam dininiň kada- kanunlarynyň jemi. ŞERIM, at. Utanç, haýa. Şerim etmez sen, uýat gelmez ýüzüňe, Hemme zatdan ýek görüner gözüňe (Zelili). ŞERIMSIZ, syp. Utançsyz, haýasyz, bihaýa. ŞERIMSIZLIK, at. Utançsyzlyk, bihaýalyk. Haýasyzlyk, şerimsizlik – geline, Oral garry aýal töre ýaraşmaz (Zelili). ŞERIM-HAÝA [şerim-haýa:], ser. Şerim. Gözeliň bolmasa şerim-haýasy, Gurasyn didary, ýitsin garasy (Misgingylyç). ŞERMENDE [şermenne] I, at. Ujypsyz zat üçin haýýarlyk edýän, şerraýlyk edýän, nadaralyk edýän adam. Onuň şermendedigini, çala eliňi degirseň: Waý, öldürdi diýip gygyryp dur. Şermende-ahyry galar armanda (Nakyl). Şermendäniň şaýady ýanynda (Nakyl). Seniň nämäň artyk ötenleriňden, Şertin bozan, eý şermende, pis duşman (A. Kekilow). ŞERMENDE [şermenne] II, syp. Okamagy hem ýazmagy bilmeýän, sowatsyz, gömük. Elipden şermende. ŞERMENDELIK [şermennelik], at. Şermendä mahsus bolan gylyk-häsiýet, şermende bolmaklyk, şerraýlyk, haýasyzlyk, haýýarlyk. Gygyryp, daşdan delalat islemegi-de Uzuk özüne şermendelik bildi (H. Derýaýew). ŞERMISAR [şermisa:r], syp., k.d. Masgara, ýüzügara, müýnli, utançly. Allamyň gazaby düşdi başyma, Meniň dek hiç kişi şermisar bolmaz ( Saýatly – Hemra ). Kim dargatsa akyl bile huşuny, eder işin bilmez şermisar bolar (Magtymguly). ŞERRAÝ [şerra:ý], syp., ser. Şermende I. ŞERRAÝÇYLYK [şerra:ýçylyk], at, ser. Şerraýlyk. Uzuk şeýle agyrlyk astynda galan bolsa- da, bihuda, peýdasyz ýere şerraýlyk edip gygyrman, ýuwaş sesi bilen perýat etdi (H. Derýaýew). ŞERRAÝLYK [şerra:ýlyk], at, ser. Şermendelik. – Siz meni öýümde-de goýjak dälmi?– diýip, ol şerraýlyga tutdy. ŞERT, at. 1. Durmuşyň, işiň bir ýa-da beýleki ugry boýunça bellenen, bir zadyň kadaly işlemegini üpjün edýän ýagdaý. 2. Iki tarapyň gepleşikli, ylalaşykly ortada goýýan wadasy, talaby. 3. Berlen wada, söz, edilen äht, kasam. Günlerde bir gün Şasenem bilen Garyp ikisi şert etdiler ( Şasenem – Garyp ). 4. Bir zadyň bolup geçmegi üçin mümkinçilik ýagdaýy. Şertim şahyma etmek sözüňde durmazlyk, ähtiňi bozmaklyk, wadada tapylmazlyk. Men şertim şahyma edip, ýene-de dolanyp gelendirin ( Edebiýat we sungat ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling