ŞEKILLENDIRIŞ
[şekillenniriş],
iş ady.
Şekillendirmek ýagdaýy.
Şekillendiriş sungaty heýkelçilik, suratkeşlik,
çeper suratlandyryş sungatynyň umumy ady.
Türkmenistanyň Milli muzeýinde şekillendiriş
sungatynyň ähli görnüşine degişli işler bar.
ŞEKILLENDIRME [şekillennirme], iş ady.
Şekillendirmek ýagdaýy.
ŞEKILLENDIRMEK
[şekillennirmek],
işl.
Şekillendiriş sungaty esasynda suratlandyrmak.
Halkyň deňiz ýaly giň çylşyrymly durmuşyndan
bölekleri şekillendirip, gözüniň öňüne getirýärdi (A.
Gowşudow).
ŞEKILLENDIRMEKLIK [şekillennirmeklik],
iş ady. Şekillendirmek ýagdaýy.
ŞEKILLENIŞ, iş ady. Şekillenmek ýagdaýy.
ŞEKILLENME, iş ady. Şekillenmek ýagdaýy.
ŞEKILLENMEK, işl. Suratlanmak, belli bir
sypatda, şekilde görkezilmek, belli bir şekile girmek.
Olaryň göwreleri salgym bolup boýdan-başa
şekillenýärdi (A. Gowşudow).
ŞEKILLENMEKLIK, iş ady. Şekillenmek
ýagdaýy.
ŞEKILLI I, syp. Owadan, görnükli, görmegeý,
yşnakly. Şekilli maşgala.
ŞEKILLI II,
Ýaly, kimin, dek, görnüşli
diýen
ýaly many aňladýan sözsoňy kömekçi. Dokmaçylar
hiç zat ýok ýerden egren şekilli bolup başlapdyrlar,
soň olary ýüwürdişdirip bolupdyrlar (
Türkmen halk
ertekileri
).
ŞEKILLILIK, at. Owadanlyk, görnüklilik,
görmegeýlik, yşnaklylyk. Ahalteke atynyň şekilliligi
görenleri haýran galdyrýar.
ŞEKILSIZ, syp., gepl.d. Gelşiksiz, betgelşik.
ŞEKLI, syp. Şeki bar, şeksiz däl, şübheli. Seniň
şekli, şübheli zadyň maňa gerek däl.
Do'stlaringiz bilan baham: |