Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet538/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   534   535   536   537   538   539   540   541   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞAÝ-SEP, at. 1. Durmuşa çykýan gyza berilýän 
zatlar, bukja, öý goşy. Gelniniň şaý-sepinden 
garrynyň göwni hoş boldy (A. Gowşudow). 2
Gymmat bahaly metaldan ýasalan bezegler, şaýlar.
ŞAÝY, at. 1. kön.s. Agramy 0,75 grama deň 
bolan kümüş pul. Ýüz tümenlik sözüň şaýa almazlar, 
Her kişiniň ygtybary bolmasa (Magtymguly). 2
Gymmaty bäş köpüge barabar bolan metal pul. Akly 
kämil bolan pendimi tutar, Akmaklar göwherin bir 
şaýa satar (Hatam şahyr). Almaly algymy bir şaýy 
galdyrman aldym diýip ýaz (A. Gowşudow). 
Üçlügini, manadyny, Şaýysyny, köpügni – Artdyranja 
puljagazyn Atdy şonuň içine (K. Gurbannepesow). 

Bäş şaýy edinmek (gazanmak) az-kem pul 
toplamak, ýygnamak. Onuň bar arzuwy bäş şaýy 
edinmekdi. Gara şaýa degenok hiç zada ýaranok; 
beren puluň köp, ýaramaz (hili pes zat hakda). Gara 
şaýy ş köpük (serKöpük II). Iki şaýy on köpük. 
On şaýy elliköpük. Üç şaýy on bäş köpük.
ŞAÝYLYK, at. Bäş köpüklik metal pul. Şeýle 
şaýylyklar bir syhly gabat gelip dur (

Edebiýat we 
sungat

). 
ŞAZADA [şa:za:da], at. 1. Şanyň nesli, 
patyşanyň ogly. Onuň adyna şazada Mahmyt han 
goýdular (

Asly – Kerem

). 2. Adam ady. 
ŞE [şe:], Türkmen milli elipbiýiniň 

Ş

harpynyň 
ady. 
ŞEHIT [şehi:t], at. 1. Hak işiň ugrunda gurban
bolan adam. 2. Öz ajalyna ölmedik adam (ýer 
titremesinde, çölde suwsuzlykdan we ş.m. pajygaly 
ýagdaýlarda heläk bolan).
ŞEHITLIK [şehi:tlik], at. Şehit bolmaklyk.
ŞEJER, at, k.d. Agaç, daragt. Nowruz ötdi, pasly-
bahar ýetişdi, şejerler gögermiş ýaz seni gözlär 
(

Saýatly – Hemra

). Şejer miweden owwal görkezer 
gül (Sopy Allaýar). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   534   535   536   537   538   539   540   541   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling