ŞEÝTMEKLIK, iş ady. Şeýtmek ýagdaýy.
ŞÄGIRT [şä:ğirt], at. Ussadyň, ussanyň
okuwçysy, tälim alýan, kär öwrenýän kömekçisi.
Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter (Nakyl).
ŞÄGIRTLIK [şä:ğirtlik], at. Şägirdiň käri, işi,
ýagdaýy, şägirt bolmaklyk. Ýaşlaryň bir bölegi
kärhanalardaky önümçilik ussalarynyň ýanyna
şägirtlige giderler.
ŞÄHDAÇYK, syp. Keýpi kök, şat, şadyýan,
göwni hoş. Dumly-duşdan gelen şähdaçyk, şadyýan
adamlar şäheri hyryn-dykyn doldurýardy (B.
Kerbabaýew).
ŞÄHDAÇYKLYK,
at.
Keýpi
köklük,
göwnühoşluk. Gidende yzynda şähdaçyklyk bilen
ýyljyraklap galan agtygynyň ýagdaýyny bütinleý
bozuk halda gördi (B. Soltannyýazow).
ŞÄHER, at. Dolandyryş söwda, senagat we
medeni merkez, köp ilatly ýer.
ŞÄHERARA
[şähera:ra],
syp.
Şäherleriň
baglanyşygyny üpjün edýän, şäherler arasynda
hereket edýän (aragatnaşyk, gatnaw we ş.m.
hakynda). Şäherara awtobus.
ŞÄHERLEŞMEK, işl. Şähere öwrülip barmak,
şähere meňzemek. Bu oba şäherleşen obady (A.
Ahundow-Gürgenli).
ŞÄHERLI, syp. Şäherde ýaşaýan, şäheriň
ýaşaýjysy. Şäherli adamlarda onuň ýanyna,
Getirdiler daýy-ýeňňelerini (G. Ezizow).
ŞÄHT, at. Ruhy ýagdaý, keýp. Tämiz ýaz şemaly
öpýär ýüzüňi, Aýlanyňda çar tarapa gözüňi, Şähdiň
açýar janly görnüş her ýanda (A. Kekilow).
ŞÄNIK [şä:nik], at. Käbir hasyl getirýän
agaçlaryň gaty gabykly, içi tohumly, maňyzly dänesi
(erik, şetdaly we ş.m.). Aglama, jigim aglama,
Şetdaly kakyp bereýin. Şetdalynyň şänigni, Boýnuňa
dakyp bereýin (Hüwdi).
Do'stlaringiz bilan baham: |