Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞEÝLEKIN [şeýleki:n], syp., gepl.d. Diýseň,  örän, şeýle bir. Şeýlekin gowy zat eken. ŞEÝLELIKDE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet545/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   541   542   543   544   545   546   547   548   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞEÝLEKIN [şeýleki:n], syp., gepl.d. Diýseň, 
örän, şeýle bir. Şeýlekin gowy zat eken.
ŞEÝLELIKDE, giriş s. Şunuň ýaly, şeýlelik 
bilen, şunuň netijesinde, netijede. Şeýlelikde, bäş-alty 
aýyň içinde özüň bir çekeneli adam bolarsyň (H. 
Derýaýew).
ŞEÝTAN [şeýta:n], at. 1. Adamlary aldap, 
azdyryp, ters ýola salýan hyýaly jandar, iblis, melgun. 
Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, Gyjalata goýar, 
bilgil bu işi (Magtymguly). 2. göç.m. Aldawçy, 
mekir, hilegär; ýeser. Emma ony towlaýan bir ala 
şeýtan bar (A. Gowşudow).

 Şeýtana sapak beren örän hilegär, mekir, köp 
bilmiş. Şeýtan deşikler sazç. dutaryň owazynyň dury 
we ýakymly çykmagy üçin gapagynyň ýüzünden 
edilýän owunjak deşikler. Şeýtan eşegi sazç. dutaryň
gulagy bilen şeýtan perde aralygynda goýulýan eşek. 
Şeýtan herrik dutaryň kirişlerini kädä birikdirmek 
üçin goýlan enjam. Şeýtan perde sazç. dutaryň iň 
ýokarky perdesi. Şeýtanyň şägirdi dogrusyny 
aýtmaýan kezzap, ýalançy. 
ŞEÝTANLYK [şeýta:nlyk], at. Aldawçylyk, 
mekirlik, hilegärlik, melgunlyk. Ol şeýtanlyk bilen 
garaýardy. 
ŞEÝTANÝASSYK [şeýta:nýassyk], at, sazç
Dutarda baş perde bilen şeýtan perdäniň aralygynda 
kirişleri göterip duran eşege meňzeş plastmassa 
bölek. 
ŞEÝTEL, at. Aşyk, humar ýaly oýunda utan 
adamyň oýnaman oturan öz tarapdarlaryna berýän 
paýy, peşgeşi. Maňa-da şeýtel berjek diýdi (A. 
Atajanow). 
ŞEÝTMEiş ady. Şeýtmek ýagdaýy. 
ŞEÝTMEKişl., gapl.d. Şeýle etmek, şunuň ýaly 
etmek, şuňa meňzeş etmek. Wah, şeýdägede, munuň 
başyny bogup dynaýandan gowusy ýokdy (H. 
Derýaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   541   542   543   544   545   546   547   548   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling