Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet553/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   549   550   551   552   553   554   555   556   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞÖHLE, at.1. Ýagtylyk çeşmesinden we ş.m. 
düşýän ýagtynyň inçe zolaklary. Kireňsiz asmanda 
aşak sallanan Gün özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi (A. 
Gowşudow). 2. Bir zadyň ýalkymy, nury, ýagtysy. 
Şiriniň hemrasy, Leýliniň taýy, şöhläňden gizlener 
asmanyň Aýy (Kemine). 3. fiz. Bir jisim bölejiginiň 
ýa-da elektromagnit yrgyldylarynyň energiýasynyň 
akymy. Munuň özi atomyň kömegi bilen has agyr 
keselleri şöhle arkaly bejermeklige hyzmat edýär (K. 
Berdiýew). 

Şöhle keseli radioaktiw maddalaryň bedene, 
organizme täsiri bilen döreýän kesel.
ŞÖHLELENDIRMEK [şöhlölönnürmök], işl1
Şöhle ýaýmak, ýagtylyk çaýmak, ýalkym salmak, 
ýagtylandyrmak. Aýyň süýt ýaly ak ýagtysy giden çöli 
şöhlelendirdi (N. Jumaýew). 2. göç.m. Beýan etmek, 
suratlandyrmak. Ýazyjy eserde şu günki güni dogruçyl 
şöhlelendirýär. 
ŞÖHLELENME 
[şöhlölönmö], 
iş 
ady. 
Şöhlelenmek ýagdaýy. 
ŞÖHLELENMEK [şöhlölönmök], işl. 1. Şöhle 
saçmak, ýagtylyk bermek, ýalkym salmak. Körükden 
çykýan ýeliň zarbyna reňki öçügsi mele uçgunlar 
şöhlelenip, uçuşyp başlady (B. Seýtäkow). Simlerde 
güwleýän toguň badyndan, şöhlelener Watanymyň 
geljegi (A. Kowusow). 2. göç.m. Beýan edilmek, 
suratlandyrylmak. 
ŞÖHLELENMEKLIK [şöhlölönmöklük], iş ady. 
Şöhlelenmek ýagdaýy. 
ŞÖHLELENMEZLIK [şöhlölönmözlük], iş ady. 
1. 
Şöhle 
saçmazlyk. 
2
Suratlandyrylyp 
görkezilmezlik. 
ŞÖHLELENIŞ 
[şöhlölönüş], 
iş 
ady. 
Şöhlelenmek ýagdaýy. 
ŞÖHLELI [şöhlölü], syp. 1. Şöhle saçýan, yşyk, 
ýagtylyk berýän. Altyn şöhleli Günem çoguny ýazda 
imisalalyk bilen saçýar (B. Annageldiýew). 2göç.m. 
Nurly, ýagty, ajaýyp, ýalkymly. Onuň geljegi nähili 
şöhleli görünýärdi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   549   550   551   552   553   554   555   556   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling