Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet555/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   551   552   553   554   555   556   557   558   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞUGUL [şuğul] I, at. 1. Biri ýa-da bir zat 
hakynda ýerliksiz ýaýradylan gürrüň. Şirin daýzanyň 
ogly Arslan hakda ýaýran şugul obanyň şugulçysy 
Mahmaldan başga hiç kimden çykmaz (N. Jumaýew). 
2. Şugulçy. Kimde bolsa bir şugul baryp ony Gully 
jinnege habar beripdir (A. Gowşudow). 
ŞUGUL [şuğul] II, at. Gurluşykda jaýyň 
diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin 
ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, 
kiriş. 
ŞUGULÇY [şuğulçy], at. Biri hakda ýakymsyz, 
ýaramaz habar ýaýradýan adam, şugulçylyk bilen 
meşgullanýan adam, gepçi, şugul. Şugulçy, gybatkeş 
arabozarlar, Doldurdy obany dürli 

myş-myşdan

(A. Kekilow).
ŞUGULÇYLYK [şuğulçuluk], at. Şugulça 
mahsus bolan gylyk-häsiýet, şugullyk. Şu ýaşdan soň 
şugulçylyk edib-ä gün görjek däl (B. Pürliýew).
ŞUGULLAMA [şuğullomo], iş ady. Şugullamak 
ýagdaýy.
ŞUGULLAMAK [şuğullomok], işl. Biri ýa-da 
bir zat hakynda bolan ýa bolmadyk wakany birine 
gizlin aýtmak. 

Her näme-de bolsa, dogany Hoşly 
molla muňa bir zat şugullandyr, şonuň üçinem bu 
meni çagyrandyr

 diýip, pikir etdi (A. Gowşudow).
ŞUGULLAMAKLYK [şuğullomokluk], iş ady. 
Şugullamak ýagdaýy. 
ŞUGULLAMAZLYK [şuğullomozluk], iş ady.
Birine ýamanlyk etmek niýeti bilen onuň eden 
zadyny başga birine aýtmak, ýetirmek, habar bermek. 
ŞUGULLANMAK [şuğullonmok], işl. Biri 
hakynda şugul ýaýradylmak.
ŞUGULLATMAK [şuğullotmok], işl. Birine biri
hakda şugul ýaýratdyrmak. 
ŞUGULLAÝYŞ [şuğulloýuş], iş ady. Şugullamak 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   551   552   553   554   555   556   557   558   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling