Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet557/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   553   554   555   556   557   558   559   560   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞUMJARMAKLYK [şumjormokluk], iş ady. 
Şumjarmak ýagdaýy. 
ŞUMJARTMAK [şumjortmok], işl. Şumjarmaga 
mejbur etmek.
ŞUMJARYŞ [şumjoruş], iş ady. Şumjarmak 
ýagdaýy. 
ŞUMJARYŞMAK [şumjoruşmok], işl. Birnäçe 
bolup şumjarmak. Näme, şumjaryşyp otyrsyňyz, 
turuň! 
ŞUMLUKat. 1. Ýaman, agyr ýagdaý, kynçylyk, 
görgi. Mal eýesine çekmese – şumluk (Nakyl). 2
Erbetlik, ýaramazlyk, pislik. Ol şumlukda aýyplanan 
şumroý garrynyň biridir (N. Pomma).
ŞUMROÝ [şumro:ı], syp. Betnyşan, bedroý. 
ŞUMROÝLYK 
[şumro:ıluk], 
at. 
Şumroý 
keşplilik, bedroýlyk, betnyşanlyk. 
ŞUNÇA [şunço], hal. Şeýle derejede, köp, örän 
köp, juda kän. Şunça pakyrlyga urdum özümi, 
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy (Magtymguly). 
Aşyklaryň, aýdymlaryň mekany, Şunça bakdym, 
senden gözüm doýmady (M. Seýidow). 
ŞUNLUKDA [şunlukdo], giriş s. Şunuň bilen 
birlikde, şunuň bilen, şeýlelikde. Şunlukda, barmaly 
ýerimize birneme gijräk bardyk. 
ŞUŇKAR, at, şahyr. Aw awlaýan guş, laçyn. 
Meňzäp şuňkara, humaýa, Albaýyma gelseň näder 
(Zynhary). 
ŞURRUK, syp. Suwuk, goýy däl (ýagsyz, içi 
huruşsyz çorba hakynda). Şurruk çorba. 


336 
ŞUWLAMA [şuwlomo], iş ady. Şuwlamak 
ýagdaýy. 
ŞUWLAMAK 
[şuwlomok], 
işl., 
ser. 
Şuwwuldamak. Ýalaňaç galan şahajyklar naýynjar 
şuwlady. 
ŞUWLAMAKLYK [şuwlomokluk], iş ady. 
Şuwlamak ýagdaýy. 
ŞUWLAŞMAK 
[şuwloşmok], 
işl., 
ser. 
Şuwwuldaşmak
ŞUWLAÝYŞ [şuwloýuş], iş ady. Şuwlamak 
ýagdaýy. 
ŞUWWULDAMA 
[şuwwullomo], 
iş ady. 
Şuwwuldamak ýagdaýy. 
ŞUWWULDAMAK 
[şuwwullomok], 
işl. 
Şuwwuldyly ses çykmak, şuwwuldyly seslenmek, 
şuwlamak. Ýel misli bir gaýgyly heň çalýan ýaly 
şuwwuldaýardy. 
ŞUWWULDAMAKLYK [şuwwullomokluk], iş 
ady. Şuwwuldamak ýagdaýy. 
ŞUWWULDAŞMAK 
[şuwwulloşmok], 
işl. 
Dumly-duşdan şuwwuldyly ses etmek. Oklar 
şuwwuldaşyp geçýär. 
ŞUWWULDY [şuwwully], at. Güýçli ýeliň, 
atylýan okuň we ş.m. hereketi netijesinde çykýan 
örän zarply, çasly, gaty sesiň ady. Bular böwürlerini 
diňşirgenip, gykylygyň haýsy ugurda çykanlygyny 
biljek boldular, şemalyň şuwwuldysyndan başga hiç 
hili ses eşidilmedi (A. Gowşudow).
ŞÜBHE [şüvhö], at. Biri ýa-da bir zat hakynda 
betgümanlyk, şek, müňkürlik, güman.
ŞÜBHELENDIRMEK [şüvhölönnürmök], işl. 
Şübhe döretmek, şübhelenmäge mejbur etmek. 
Bularyň agşamky üýtgeşik hereketleri Bahary 
şübhelendirdi (A. Gowşudow). 
ŞÜBHELENME 
[şüvhölönmö], 
iş 
ady. 
Şübhelenmek ýagdaýy. 
ŞÜBHELENMEK [şüvhölönmök], işl. Birine ýa-
da bir zada betgüman bolmak, şübhe etmek, 
müňkürlik, ynanmazlyk etmek. Emma käbirleri bu 
işleriň ýerine ýetirip boljagyna şübhelenýän ýaly 
etdiler (A. Gowşudow). 
ŞÜBHELENMEKLIK [şüvhölönmöklük], iş 
ady. Şübhelenmek ýagdaýy. 
ŞÜBHELENMEZLIK [şüvhölönmözlük], iş ady. 
Şübhe etmezlik. 
ŞÜBHELENIŞ 
[şüvhölönüş], 
iş 
ady. 
Şübhelenmek ýagdaýy. 
ŞÜBHELI [şüvhölü], syp. 1. Birine ýa-da bir 
zada gümanly, şübhesi bolan, betgüman, müňkür, 
ynanmazlyk edýän. – Bu nämäniň şatlygy? – diýip, 
Guwanç onuň ýüzüne şübheli seredýär (N. 
Jumaýew). 2. göç.m. Näbelli, nämälim, anyk 
bolmadyk, aýdyň däl, gümana. Özüni ölümden 
gutaran adamyny tanamak, onda-da ozal diňe bir 
sapar özüni bir şübheli ýerde gören ýigidi tanamak 
we onuň bilen gürrüňdeş bolmak arzuwy Gurt gartyň 
ýüreginde joşup tolgunýardy (A. Gowşudow). 
ŞÜBHELILIK 
[şüvhölülük], 
at. 
Şübheli 
bolmaklyk, betgümanlyk, müňkürlik. Ol adam 
şübhelilik bilen göz aýlady. 
ŞÜBHESIZ [şüvhösüz], syp. 1. Şübheli däl, 
gümansyz, şeksiz. Onuň şeýle boljagyna şübhesiz 
ynanýardy (B. Pürliýew). 2. göç.m. Gümansyz, 
gürrüňsiz, ikuçsuz, hökmany. Üsti şeýle hasylly 
topragyň astynyň-da gudratynyň känligi şübhesizdir 
(B. Kerbabaýew).
ŞÜDÜGÄR 
[şüdüğä:r], 
at. 
Ekin, 
hasyl 
ýygnalandan soň, sürlüp ýa-da agdarylyp goýlan ýer.
ŞÜDÜGÄRLEME [şüdüğä:rleme], iş ady. 
Şüdügärlemek ýagdaýy. 
ŞÜDÜGÄRLEMEK [şüdüğa:rlemek], işl. Ekin, 
hasyl ýygnalandan soň, ýeri sürüp ýa-da agdaryp 
goýmak, şüdügär edip goýmak. Ozaldan suwarymly 
ýerleri şüdügärlemek gerek. 
ŞÜDÜGÄRLEMEKLIK [şüdüğä:rlemeklik], iş 
ady. Şüdügärlemek ýagdaýy. 
ŞÜDÜGÄRLENMEK [şüdüğä:rlenmek], işl. 
Şüdügär 
edilmek. 
Ol 
ýabyň 
aňyrsyndan 
şüdügärlenen meýdanlar uzalyp gidýär. 
ŞÜDÜGÄRLETMEK [şüdüğä:rletmek], işl. 
Şüdügär etdirmek. 
ŞÜDÜGÄRLEÝIŞ [şüdüğä:rleýiş], iş ady. 
Şüdügärlemek ýagdaýy. 
ŞÜDÜGÄRLIK [şüdüğä:rlik], at. Şüdügär edilen 
ýerler, şüdügär edilip goýlan meýdan, giden şüdügär
ýer. 
ŞÜKÜR, hal. 1. Kaýyl, razy. Şükür, indi ýar 
mekany göründi, Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere 
(

Saýatly – Hemra

). Hernä gözlerim abat galypdyr, 
şuňa-da şükür (A. Gowşudow). 2. Saglyk-amanlyk 
soraşylanda 

gurgun, sag

diýen manyda ulanylýan 
söz. 3. Oglana dakylýan at.

Şükür et! 

bolanyna, baryna razy bol

diýen 
manyda birine göwünlik bermek üçin ulanylýar. Bu 
dünýäňe mahsus ähli zatlaryň, Senden sowlup 
geçmeýänne sükür et (G. Ezizow).
ŞÜKÜRLI [şükürlü], syp. Kanagatly, sabyrly, 
sabyr-kanagat edýän. 
ŞÜLE [şülö], at. Ýagy azrak, suwy köpräk 
guýlup, tüwüden bişirilýän nahar. 

Süýtli şüle süýtde gaýnadylyp bişirilýän tüwi. 
Süýtli şüle bişirmek. 
ŞÜWELEŇ [şüvölöň], at. 1. Şowhun, şagalaň, 
gyzgalaň, keýp, hezillik. Baýram bolsa işe şüweleň 
berip: 

Boluň, haýdaň!

diýip, käwagt aýdyma 
gygyryp işleýärdi (A. Durdyýew). 2. Sungatyň, 
medeniýetiň 
dürli 
görnüşleri 
görkezilýän 
jemgyýetçilik baýramçylygy. Kino şüweleňi. 
ŞÜWELEŇÇI 
[şüvölöňçü], 
at. 
Şüweleňi 
halaýan. 
ŞÜWELEŇLI [şüvölöňlü], syp. Şowhunly, 
şagalaňly, gyzgalaňly. Näme üçindir, bularyň 
dymyşmasy hem şüweleňli nahar iýmesi uzaga 
çekmedi (N. Pomma).
ŞÜWLÜM, at. 1. ser. Şüweleňli. 2. Ýakym, 
ýaramlylyk. Diliniň şüwlümine görä, şähti biraz 
açylyp başlan Aýgül oňa ýylgyryp garanda, ýene 
degjek ýaly görünse-de, sözi halys ýürekden çykan 
ýoldaşlarynyňkyça eşidilmedi (B. Kerbabaýew).
ŞÜWLÜMLI, syp. Işdä bilen iýilýän, iýmäge 
ýakymlydan ýaramly. Tutan awlaryny bişirip, 


337 
çopanlar bilen şüwlümli nahar iýip, deňňenä deň 
şärik edipdirler (N. Pomma).
ŞWED [şive:t], at, ser. ŞwedlerŞwed dili. 
ŞWEDLER [şive:tler], at. Şwesiýanyň esasy 
ilatyny düzýän halk. 
ŞWEÝSARIÝALY 
[şiveýsa:riýaly], 
ser. 
Şweýsariýalylar. 
ŞWEÝSARIÝALYLAR [şiveýsa:riýalylar], at. 
Şweýsariýanyň ýerli halklary, ýerli ilaty. 
ŞYBGA [şyvğa], at, gepl.d. Iýerlik zat. Ol 
gazananja pullarynyň bolgusyzlar üçin bäş gün şybga 
bolanyny islänokdy.  
ŞYBYK 
[şyvyk], 
at. 
Baş 
tarapyndaky 
okarajygyna temmäki guýlup çilim çekilýän naýly 
enjam. 
ŞYBYRDAMA [şyvyrdama], iş ady. Şybyrdamak 
ýagdaýy. 
ŞYBYRDAMAK [şyvyrdamak], işl. Şybyrdyly 
ses etmek, şybyrdyly ses çykarmak, şybyrdyly 
seslenmek. Dünýä çal çäkmenini geýnip, iňňäň ujy 
ýaly owunjak ýagyş şybyrdap başlady (B. 
Kerbabaýew). 
ŞYBYRDAMAKLYK [şyvyrdamaklyk], iş ady. 
Şybyrdamak ýagdaýy. 
ŞYBYRDAŞMAK [şyvyrdaşmak], işl. Şybyrdyly 
seslenmek. Gollaryny çar tarapa ýaýan hem başyny 
belent tutup oturan goçak agajyň eliň aýasy bilen 
kybapdaş ýapraklary öwüsýän ýuwaşja şemala 
şybyrdaşýardy (A. Nazarow).
ŞYBYRDATMAK [şyvyrdatmak], işl. Şybyrdyly 
ses döretmek, şybyrdyly ses çykarmak. Şemal 
agaçlaryň ýapraklaryny şybyrdatdy. 
ŞYBYRDAÝYŞ 
[şyvyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Şybyrdamak ýagdaýy. 
ŞYBYRDY [şyvyrdy], at. Ýagyş ýaganda, şemal 
agaçlaryň, ösümlikleriň ýapraklaryny yrgyldadanda 
şybyrdap çykýan sesiň ady. Asmandan inýän suwuň 
şybyrdysy, her hili gülleriň tolkun atyp gelýän yslary 
ýadyňa köp zatlary salýar (B. Pürliýew).
ŞYBYR-ŞYBYR 
[şyvyr-şyvyr], 
s.ş.aňl.söz. 
Ýagyş ýaganda, şemal agaçlaryň, ösümlikleriň 
ýapraklaryny yrgyldadanda we ş.m. ýagdaýlarda 
döreýän ses. Ýagyş ilkagşamdan şybyr-şybyr saz edip, 
agaçlaryň tylla ýapragyny ýuwdy.
ŞYGAR [şyğa:r], at. 1. Esasy, baş pikiri, 
meseläni, syýasy talaby aňladýan gysga ýüzlenme, 
çagyryş. 2. Ýüzlenme ýa-da çagyryş mazmunly 
ýazylan wagyz. 
ŞYGGYLDY [şyğğylly], at. Gaýnajak bolup 
duran suwuň, käbir zadyň hereketinde döreýän sesiň 
ady. Uçar birneme silkinýär we ýygnalýan tigirleriň 
häsiýetli şyggyldysy eşidilip başlaýar (

Watan

). 
ŞYGLAMA [şyğlama], iş ady. Şyglamak 
ýagdaýy. 
ŞYGLAMAK [şyğlamak], işl. Şyggyldyly ses 
etmek, şyggyldyly ses çykarmak, şyggyldyly 
seslenmek; gaýnamaga ýakynlamak (suw hakynda). 
Elindäki sübsäni hol aňyrda goýdy-da, ýaňy şyglap 
ugran güpüň oduny ölçerişdirdi (

Türkmenistan

). 
ŞYGLAŞMAK [şyğlaşmak], işl. Birnäçe kitir, 
semawar şyglamak. Şyglaşyp dur iki sany, Örän 
ullakan semawar (Ç. Aşyrow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   553   554   555   556   557   558   559   560   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling