Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
TAGMALAMAK [tağmalamak], işl. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TAGMALAŞMAK [tağmalaşmak], işl. Tagmalamaga kömek etmek. 2
- TAGMALAÝYŞ
- TAGSYP
- TAGSYPSYZ
- TAGSYR
- Tagta mündürmek
- TAGTA
- TAGTABITI
- TAGTALAMAZLYK
TAGMALAMAK
[tağmalamak], işl. 1. Gyzdyrylan demri, çişi we ş.m. zatlary mallaryň bedenine basyp bellik etmek. Düýäni tagmalamak. 2. Bir zada bellik etmek, yz galdyrmak. TAGMALAMAZLYK [tağmalamazlyk], iş ady. Tagma basmazlyk. TAGMALAŞDYRMAK [tağmalaşdyrmak], işl. Birnäçe goýna, geçä we ş. m. tagma basyp çykmak. Ownuk mallary tagmalaşdyrmak işi gutardy. TAGMALAŞMAK [tağmalaşmak], işl. Tagmalamaga kömek etmek. 2. Bilelikde tagmalamak. Olar dowarlary tagmalaşyp ýör. TAGMALATMAK [tağmalatmak], işl. 1. Tagmalamak işini başga birine etdirmek, tagmalamaga mümkinçilik bermek, tagmalamaga ýol bermek. Sen hem goýunlaryňy iliňkä garyşmaz ýaly derrew tagmalat. TAGMALAÝYŞ [tağmalaýyş], iş ady. Tagmalamak ýagdaýy . TAGMALY [tağmaly], syp. Tagmasy bar, tagma basylan. Tagmaly mal. TAGMASYZ [tağmasyz], syp. Tagmasy ýok, tagma basylmadyk. Düýeleriň arasynda bir tagmasyz düýe bar. TAGNA [tağna], at, k.d. Teýene, kinaýa, ýaňsy, şyltak, nähak ýüklenýän ýazyk, garalyk. Rakybyň tagna sözleri Jana dert oldy, dert oldy ( Görogly ). Bir tagna söz üçin munça gaçar sen, Aşyk bolsaň, niçe ýanyp-öçer sen ( Şasenem – Garyp ). TAGNALY [tağnaly], syp. Teýeneli, kinaýaly, töhmetli, myjabatly. Onuň häzirki han diýeni Öweziň gulagyna kinaýa bilen aýdylýan sözler bolup degdi we tagnaly sözler bilen özi masgaralanýan şekilli göründi (A. Gowşudow). TAGSYP [tağsy:p], at, k.d. Ar-namys. Ýomut- gökleň tagsyp edip özünden, Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez (Magtymguly). TAGSYPLY [tağsy:ply], syp. Arly-namysly. Bir tagsyply goç ýigit, Är ýanynda bellidir (Zelili). TAGSYPSYZ [tağsy:psyz], syp. Arsyz-namyssyz TAGSYR [tağsy:r] I, at. Günä, ýazyk, etmiş, kemçilik. Eý, şazada, biziň tagsyrymyzy geçgil! Sizi bigünä urduk diýdiler ( Asly – Kerem ). TAGSYR [tağsy:r] II, at. Belent derejeli adamlara (köplenç, işan-mollalara) ýüzlenilende 343 hormat edilip aýdylýan söz. Tagsyr, patyşamyz, biz siziň ýurduňyzga Genji-Garabagdan gelipdik ( Nejep oglan ). TAGSYRLY [tağsy:rly], syp., k.d. Günäli, ýazykly, etmişli, asy. Her kim bolsa, şa ýanynda tagsyrly, Arz edip günäden ýuwsun diýdiler (Şabende). TAGT[tağyt] I, at. Häkimiýet nyşany hökmünde ulanylýan aýratyn kürsi, şalaryň oturýan ýeri. Derse han oglana beglik berdi, tagt berdi. Oglan tagta çykdy ( Kitaby dedem Gorkut ). Tagta mündürmek patyşa etmek, häkimiýet başyna geçirmek. Tagtdan düşürmek häkimiýet başyndan aýyrmak, patyşalykdan mahrum etmek. TAGT [tağyt] II, at. Ýeriň suwarylyp, sürüme taýýar bolan yzgarlylyk ýagdaýy. Ýer tagt däl. Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir. Tagtdan çykmak sürüljek ýeriň yzgary gaçmak, gatamak. Siz ýeri ertir süräýmeseňiz, tagtdan çykar. Tagta gelmek tagt bolmak (ýer hakynda). Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir. Tagta getirmek tagt bolmak derejesine ýetirmek, tagt etmek. Tagt suwy sürüljek ýere öňünden tutulýan suw. Tagt suwuny tutup ýören daýhanlaryň ýanyna bardyk. TAGTA [tağta] I, at. Agaçdan, pürsden dürli galyňlykda, ýasy görnüşde kesilen agaç (gurluşyk materialy). TAGTA [tağta] II, at. Hat ýazmak üçin belli bir ölçegdäki ýukajyk kagyz, list. Bukjanyň içindäki üç tagta kagyz çykdy (N. Saryhanow). TAGTA [tağta] III, at. Baýryň, dagyň üstünde ekin ekmäge ýaramly düz, tekiz giden meýdan. Şu beýik dagyň üstünde ýüzlerçe gektar meýdany bolan tagta bardy (A. Gowşudow). TAGTA [tağta] IV, at. Ýüzüne hek bilen hat ýazylýan okuw enjamy. Annagözel tagtada A -nyň suratyny çekdi (A. Alamyşow). TAGTABITI [tağtaviti], at. Jandarlaryň gany, ösümlikleriň şiresi bilen iýmitlenýän mugthor mojejik. TAGTAÇA [tağtaça], at. Üstünde oturmak, ýatmak üçin tagtadan edilen ýörite seki, meýdança. TAGTALAMA [tağtalama], iş ady. Tagtalamak ýagdaýy. TAGTALAMAK [tağtalamak], işl. Tamyň üstüni ýapmak, bir ýeriň daşyny baglamak we ş. m. üçin tagta çüýlemek, tagta kakmak. Tamyň üstüni tagtalamak. Goýun ýatagynyň daşyny tagtalamak. TAGTALAMAZLYK [tağtalamazlyk], iş ady. Tamyň üstüni tagta bilen örtmezlik. TAGTALANMAK [tağtalanmak], işl. Tamyň üstüni ýapmak, bir ýeriň daşyny baglamak we ş.m. üçin tagta çüýlenmek, tagta kakylmak. Tamyň üsti tagtalandy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling