Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ŞYRKYLDAMAZLYK [şyrkyllamazlyk], iş ady.
Şyrkyldyly ses çykarmazlyk. ŞYRKYLDAŞMAK [şyrkyllaşmak], işl. Birnäçe zatdan şyrkyldyly ses çykmak. ŞYRKYLDATMAK [şyrkyllatmak], işl. Şyrk- şyrk etdirip ses çykarmak. Çalasynlyk bilen barmaklaryny syrkyldatdy ( Edebiýat we sungat ). Gapyny şyrkyldadyp ýapdy. ŞYRKYLDAÝYŞ [şyrkyllaýyş], iş ady. Şyrkyldamak ýagdaýy. ŞYRKYLDY [şyrkylly], iş ady. Demir we ş.m. zatlar biri-birine degende, gapy ýaly zatlar açylyp- ýapylanda döreýän sesiň ady. ŞYRLAMA, iş ady. Şyrlamak ýagdaýy. ŞYRLAMAK, işl. Ýabyň düýbi bilen akýan suw şyrryldyly seslenmek, şyrryldamak, şyr-şyr etmek (ser. Şirlemek). Şyrlap akmak. ŞYRLAMAKLYK, iş ady. Şyrlamak ýagdaýy. ŞYRLAŞMAK, işl. Az möçberdäki akar suw şyr- şyr edip seslenip akmak. Salmalardan şyrlaşyp akýan suwlar gawun joýalaryny doldurypdy. ŞYRLATMAK, işl. Az suw goýberip akdyrmak. ŞYRLAÝYŞ, iş ady. Şyrlamak ýagdaýy. ŞYRPYLDAMA [şyrpyllama], iş ady. Şyrpyldamak ýagdaýy. ŞYRPYLDAMAK [şyrpyllamak], işl. Mata, ýüp gaýçy, syndy bilen çalasyn gyrkylanda şyrpyldyly ses çykmak. ŞYRPYLDAMAKLYK [şyrpyllamaklyk], iş ady. Şyrpyldamak ýagdaýy. ŞYRPYLDAMAZLYK [şyrpyllamazlyk], iş ady. Şyrpyldyly hereket etmezlik. ŞYRPYLDAŞMAK [şyrpyllaşmak], işl. Şyrp- şyrp edip kesmek, gyrkmak, gyrmak (köp sanly gaýçy, syndy hakynda). Şyrpyldaşýan syndylaryň sesi eşidilýärdi. ŞYRPYLDATMAK [şyrpyllatmak], işl. Şyrpyldyly seslendirip, kesip goýbermek (matanyň bir bölegi, ýüp hakynda). ŞYRPYLDAÝYŞ [şyrpyllaýyş], iş ady. Şyrpyldamak ýagdaýy. ŞYRPYLDY [şyrpylly], at. Bir zat başga bir ýere gaty degende, gaýçy bilen çalasyn gyrkylanda we ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady. ŞYRRYLDAMA [şyrryllama], iş ady. Şyrryldamak ýagdaýy. ŞYRRYLDAMAK [şyrryllamak], işl. ser. Şyrlamak. Suw şyrryldap akýar. ŞYRRYLDAMAKLYK [şyrryllamaklyk], iş ady. Şyrryldamak ýagdaýy. ŞYRRYLDAMAZLYK [şyrryllamazlyk], iş ady. Akanda şyr-şyr etmezlik, syrryldap seslenmezlik. ŞYRRYLDAŞMAK [şyrryllaşmak], işl. Köp ýerde şyrryldyly seslenip akmak. ŞYRRYLDATMAK [şyrryllatmak], işl. Şyr-şyr etdirip, çala akdyrmak. ŞYRRYLDAÝYŞ [şyrryllaýyş], iş ady. Şyrryldamak ýagdaýy. ŞYRRYLDY [şyrrylly], at. Suw çala akanda döreýän sesiň ady. Ternawdan akýan suwuň şyrryldysy galmady. ŞYR-ŞYR, s.ş.aňl.söz. Suw aşaklygyna çala akanda döreýän ses. Şyr-şyr edip akmak. ŞYTDYLDAMA [şytdyllama], iş ady. Şytdyldamak ýagdaýy. ŞYTDYLDAMAK [şytdyllamak], işl. Üstünden düşýän agram sebäpli şytdyldyly ses çykmak, şytdyldyly seslenmek, şyt-şyt etmek. Köne pürsler agrama çydaman şytdyldaýardy. ŞYTDYLDAMAKLYK [şytdyllamaklyk], iş ady. Şytdyldamak ýagdaýy. ŞYTDYLDAŞMAK [şytdyllaşmak], işl. Birnäçe zatdan şytdyldyly ses çykmak. 340 ŞYTDYLDATMAK [şytdyllatmak], işl. Şyt-şyt etdirmek. ŞYTDYLDAÝYŞ [şytdyllaýyş], iş ady. Şytdyldamak ýagdaýy. ŞYTDYLDY [şytdylly], at. Berk, gaty zatlar çat açanda, agaç ýaý berende we ş.m. ýagdaýlarda döreýän sesiň ady. Ýanyp duran tut agaçlarynyň şytdyldysy galmady. ŞYTYRDAMA, iş ady. Şytyrdamak ýagdaýy. ŞYTYRDAMAK, işl. Agram düşüp şytyrt etmek, şytyrdyly seslenmek. Oglanjygyň münen şahasy çalaja şytyrdady. ŞYTYRDAMAKLYK, iş ady. Şytyrdamak ýagdaýy. ŞYTYRDAŞMAK, işl. Birnäçe zatdan şytyrdyly ses çykmak. ŞYTYRDATMAK, işl. Agaja, onuň şahasyna agramyňy salyp, şytyrdamak derejesine ýetirmek. ŞYTYRDAÝYŞ, iş ady. Şytyrdamak ýagdaýy. ŞYTYRDY, at. Gury, gaty zat, odun-çöp döwlende, ýagyş damjalanda we ş.m. ýagdaýlarda döreýän sesiň ady. T T, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi dördünji harpy. TABA [ta:va], ser. Saç. TABAK [ta:vak], at. 1. Nahar iýmek üçin ulanylýan okara, jam ýaly gaplaryň umumy ady. Aýrana gelen tabagyny gizlemez (Nakyl). 2. göç.m. Içi naharly gap. Ol tabak çekilýänçä, özüne bir güýmenje tapdy (B. Kerbabaýew). 3. Keçä salynýan tegelek nagyş. TABAKDAŞ [ta:vakdaş], at. Biri bilen bir tabakdan nahar iýýän, bile bir tabakdan naharlanýan (adam). TABAKLAMA [ta:vaklama], iş ady. Tabaklamak ýagdaýy. TABAKLAMAK [ta:vaklamak], işl. Tabaga salmak, tabak bilen almak. TABAKLAMAKLYK [ta:vaklamaklyk], iş ady. Tabaklamak ýagdaýy. TABAKLAÝYŞ [ta:vaklaýyş] iş ady. Tabaklamak ýagdaýy. TABAMA [ta:vama], iş ady. Tabamak ýagdaýy. TABAMAK [ta:vamak], işl. Ýaňy ösüp başlamak, çykyp ugramak (sakgal, murt hakynda). Murty taban. TABAMAKLYK [ta:vamaklyk], iş ady. Tabamak ýagdaýy. TABLISA [tavli:sa], at. Maglumatlaryň we ş.m. sanawy, olaryň aýry-aýry grafalardaky ýazgysy. TABAÝYŞ [ta:vaýyş], iş ady. Tabamak ýagdaýy. TABLISA [tavli:sa], at. Belli bir sistema salnan san bilen baglanyşykly ýa-da beýleki maglumatlaryň grafalar boýunça ýerleşdirilen sanawy. Ligarifmler tablisasy. Nyrhlar tablisasy. Tablisa girizmek, goşmak. Mendeleýewiň tablisasy (D.I.Mendeleýewiň himiki elementleriň periodik sistemasy). Statistik maglumatlary tablisalara geçirmek. Köpeltmek tablisasy. TABŞYRMA [tavşyrma], iş ady.Tabşyrmak ýagdaýy. TABŞYRMAK [tavşyrmak], işl. 1. Biriniň üstüne bir zady ýerine ýetirmek borjuny ýüklemek, tabşyryk bermek. 2. Birine bir zady gaýta-gaýta aýtmak. Men saňa gijä galma diýip öwran-öwran tabşyrdym ahyry. 3. Öz ýerine ýetirýän işini başga birine bermek. Nobatçylygy tabşyrmak. 4. Bir zady eýesine bermek, gowşurmak. Kitaphanadan alan kitaplaryňy tabşyrmak.5. Bilim derejäň anyklanýan synagdan üstünlikli geçmek. Hemme sapaklaryňy 5-lik baha tabşyrmak. 341 TABŞYRMAKLYK [tavşyrmaklyk], iş ady. Tabşyrmak ýagdaýy. TABŞYRMAZLYK [tavşyrmazlyk], iş ady. Tabşyrmak işini amal etmezlik. TABŞYRTMAK [tavşyrtmak], işl. Tabşyrmagy başga biriniň üstüne ýüklemek, tabşyrmaga mejbur etmek. Daýhanlara gök önümleri wagtynda tabşyrtmak gerek. TABŞYRYK [tavşyryk], at. 1. Birine tabşyrylan iş, görkezme. 2. Birine berilýän nesihat, wesýet, maslahat.Bu bolsa ýaşulularyň tabşyrygydy (A. Gowşudow). 3. Birine belli bir möçberde buýrulan ýumuş. Akmyrat, sen mugallymyň düýnki tabşyrygyny eýýäm ýadyňdan çykardyňmy? (A. Durdyýew). 4. Nädogry edilen iş, hereket üçin berilýän duýduryş, käýinç. Şeýle işleri üçin Pökgene birnäçe sapar berk tabşyryklar hem berlipdi (A. Gowşudow). TABŞYRYLMAK [tavşyrylmak], işl. 1. Birine bir ýumuş, iş etmek, iş buýrulmak. Men tabşyrylan işi edip, hakymy alýaryn (B. Seýtäkow). 2. Nygtalyp aýdylmak, nesihat edilmek. Şondan soň gürrüň iş hakynda başlanda brigadirlere edilmeli işler tabşyryldy (A. Gowşudow). 3. Bir zat berilmek, gowşurylmak, geçirilmek. Etrap boýunça bir günde ýyllyk borçnamanyň 2,3 göterimine barabar pagta tabşyryldy ( Türkmenistan ). 4. Birine bir zat ýüklenmek, borçly edilmek. Çagalar öýüniň birine ýolbaşçylyk etmeklik maňa tabşyryldy ( Nesil ). TABŞYRYŞ [tavşyryş], iş ady. Tabşyrmak ýagdaýy. Onuň okan derslerinden synag tabşyryşy köplere görelde bolsun. TABŞYRYŞDYRMAK [tavşyryşdyrmak], işl. 1. Birnäçe işi, ýumşy ýerine ýetirmegi başga adamlara tabşyryp çykmak. Ol öz işgärlerine ertir pagta ýygmaga gitmegi tabşyryşdyrdy. 2. Birnäçe zady eltmeli ýerine gowşurmak, kabul edýän edara bermek. Häzir Gözel eje birinji orny alyp, halylaryny tabşyryşdyrdy (A. Gowşudow). TABYN [ta:vy:n], syp. 1. Boýun egen. 2. Garaşly bolan. TABYNLYK [ta:vy:nlyk], at. 1. Tabyn ýagdaýda bolmaklyk. TABYRDAMA [tavyrdama], iş ady. Tabyrdamak ýagdaýy. TABYRDAMAK [tavyrdamak], işl., ser. Tapyrdamak. Akmaýa tabyrdap galan köşekden gorkusyna ýykyldy (B. Kerbabaýew). TABYRDAMAKLYK [tavyrdamaklyk], iş ady. Tabyrdamak ýagdaýy. TABYRDAMAZLYK [tavyrdamazlyk], iş ady. Tabyrdyly hereket etmezlik. TABYRDAŞMAK [tavyrdaşmak], iş ady. Bile tabyrdamak, köp bolup tabyrdamak. Tabyrdaşyp galan taýçanaklar, göýä bir zatdan ürken ýaly, ümdüzine tutdurdylar. TABYRDATMAK [tavyrdatmak], işl. Tabyrdyly aýak sesini çykarmak. TABYRDAÝYŞ [tavyrdaýyş], iş ady. Tabyrdamak ýagdaýy. Atlaryň tabyrdaýşy gulaga diýseň ýakymly eşidilýärdi. TABYRDY [tavyrdy], at. Mal-gara goşulyşyp çapyşanda, tarsa ýerinden turanda we ş.m. ýagdaýda döreýän aýak sesiniň ady, tapyrdy. Mes atlaryň zarp bilen inýän ykjam toýnaklary tabyrdy turuzýar (B. Kerbabaýew). TABYRDYK [tavyrdyk], at. Şahly iri mallara, dowarlara, düýelere degýän ýokanç kesel. TABYT [ta:vyt], at. Üstünde öliniň jesedini goýup götermek üçin agaçdan ýasalan enjam. Ýer goýnuna girdi münüp tabytlar, Magtymguly aýdar, deň-duş ýigitler (Magtymguly). Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek ( Myraly ). TAGA [tağa], at, k.d. Daýy. Tagalarym, tagalarym, Hassa bolsam, sagalaram, Eşidiň beg- agalarym, Nejebe gurbana geldim ( Nejep oglan ). TAGAÇJYP [tağaçjyp], at, k.d. Geň-enaýy, ajaýyp, täsin üýtgeşik. Şerh eýlesem, şahym, biziň ýerleri, Gör neneň tagaçjyp illeri bardyr (Magrupy). Mamanyň uklaman, horlaman ýatmagy örän tagaçjyp bir zatdy (B. Kerbabaýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling