Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAMDYRÇY, at. Tamdyr ussasy. TAMDYRLAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet570/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   566   567   568   569   570   571   572   573   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAMDYRÇYat. Tamdyr ussasy.
TAMDYRLAMAiş ady. Tamdyrlama ýagdaýy. 
TAMDYRLAMAK, işl. Tamdyrda et, balyk, 
gutap ýaly zatlary bişirmek, taýýarlamak. Balygy 
tamdyrlamak gerek. 
TAMDYRLAMAKLYK, iş ady. Tamdyrlamak 
ýagdaýy. 
TAMDYRLAŞMAK, işl. Et, balyk, gutap ýaly 
zatlary tamdyrda bişirmäge kömek etmek. 
TAMDYRLAÝYŞ
iş 
ady. 
Tamdyrlamak 
ýagdaýy. Onuň balygy tamdyrlaýşy bilen bişirişi 
maňa ýarady. 
TAMDYRLY, syp. Tamdyry bar. Tamdyrly öý – 
döwletli öý (Nakyl). 
TAMDYRLYKsyp. Tamdyrda bir gezek bişirer 
ýaly taýýarlanan ýa-da niýetlenen (hamyr, un, odun-
çöp). 
TAMDYRODUN 
[tamdyro:dun], 
at. 
Tamdyrtowy. 
TAMDYRSYZ, syp. Tamdyry ýok. Tamdyrsyz 
oňmak. 
TAMDYRSYZLYK, at. Tamdyry bolmazlyk, 
ýokluk. Indi tamdyrsyzlykdan kösenmeýäris. 
TAMDYRTOWY, at. Çörek bişirmek üçin 
tamdyrda ýakar ýaly odun-çöp. 
TAMDYRTOWULYK [tamdyrtowuluk], syp. 
Tamdyrtowy eder ýaly gerek bolan (odun-çöp). Ol
hamyr edensoň, tamdyrtowulyk taýýarlamaga durdy. 
TAMGA [tamğa], at, kön.s., ser. Tagma
TAMLYK [ta:mlyk], at. Tamyň köp salnan ýeri, 
birtopar tamly ýer. Köne tamlyklar. 
TAMMAN [tamma:n],at.Balak. 
TAMŞANDYRMAK 
[tamşannyrmak], 
işl. 
Tamakin etmek, agzyny suwartmak. Ol gowrulan 
etiň ysyny alyp, agzyny tamşandyrdy. 
TAMŞANJYRAMAK, işl. Az-kem tamşanmak. 
Ol tamşanjyrap, birnäçe gezek suw owurtlady 
(

Türkmenistan

). 
TAMŞANMAiş ady. Tamşanmak ýagdaýy. 
TAMŞANMAK, işl. 1. Tamakin bolup, agzyňy 
suwartmak, ýuwdunmak. Ol gyzjagazyň sebedini 
görende, işdämenlik bilen tamşandy (B. Gurbanow). 
2. Azajyk iýmek, garbanmak, döwüm-dişlem iýmek. 
TAMŞANMAKLYK, iş ady. Tamşanmak 
ýagdaýy. 
TAMŞANYŞiş ady. Tamşanmak ýagdaýy. 
TAMŞANYŞMAK, işl. Birnäçe adam bolup 
tamşanmak. 
TAM-TARSY [ta:m-tarsy], at. Tam, tamkepbe we 
ş.m. 
TAMUG [tamu:ğ], at, k d., ser. Tamy. Behişt 
gaçyp çykmyş arşyň öýüne, Tamug gorkup inmiş 
ýeriň teýine (Magtymguly). 
TAMY, at. Dini düşünjä görä, günäli adam 
ölensoň, onuň janynyň o dünýäde jezalandyrylýan 
ýeri, dowzah, jähennem. Jaýyň bolar tamy-dowzahy-
sakar, Eger ýaman bolsa päl, Amangeldi (Baýly 
şahyr). 

Tamy ýaly örän yssy, gyzgyn (jaýyň içi 
hakynda).
TANA [ta:na] I, at. Burnuň iki sany deşigi we 
deşigiň daş ýüzüniň galyp duran ýeri. Bir namardyň 
maljagazy ösende, Tanasy ýellenip, özün tanamaz 
(Şeýdaýy). 
TANA [ta:na],at, ýerli g. Göle. Gyzym-gyzym gyz 
tana, Gyzyma geler ýüz tana (Hüwdüden).  
TANALMAK, işl. Biriniň kimdigi ýa bir zadyň 
nämedigi bilinmek, belli bolmak.
TANAMA, iş ady. Tanamak ýagdaýy. Ony 
tanama gerekmi?  
TANAMAK, işl.1. Biriniň özüňe tanyşdygyny 
ýa-da bir zadyň özüňkidigini ýa başga biriniňkidigini 
ýüze çykarmak, bilmek. 2. Biri ýa-da bir zat hakynda 
haýsydyr bir maglumatlar almak, gowulygyny ýa-da 
erbetligini öz ýanyňdan bilmek. Ýigidi dostundan 
tana (Nakyl). 
TANAMAKLYKiş ady. Tanamak ýagdaýy.


348 
TANAMAZLYKiş ady. Tanap durmazlyk, tanap 
bilmezlik.
TANAP, at. 1. Ýüňden, çöpürden, zygyr 
süýüminden, kendir soýkasyndan işilen gysgarak 
ýüp. Taýhar tanapynyň ýetdiginden şol gelýän gara 
bakan urundy (B. Kerbabaýew). 2. kön.s. Gektaryň 
bäşden bir bölegine barabar bolan ýer ölçegi, ini-
boýy 60 arçyna deň bolan ýer bölegi. Kakasyndan 
galan bir tanap ýere Ýaban her ýyl bugdaý ekýär (O. 
Ödäýew). 

 Tanap tutmak ýeriň çägini, meýdanyny tanap 
bilen ölçäp takyklamak. Tanapyndan çekmek birine 
haý-küş etmek, öz ugruna goýbermezlik. 
TANAPLAMAiş ady. Tanaplamak ýagdaýy. 
TANAPLAMAK, işl. Tanap bilen daňmak, 
baglamak. 
TANAPLAMAKLYK, iş ady. Tanaplamak 
ýagdaýy. 
TANAPLANMAK, işl. Tanap bilen daňylmak, 
baglanmak. Eşek tanaplandy. 
TANAPLAŞMAK, işl. Tanap bilen mallary
zatlary daňyşmak, tanap bilen baglaşmak. 
TANAPLATMAK, işl. Başga birine tanap bilen 
daňdyrmak. Ol eşegini tanaplatdy. 
TANAPLAÝYŞiş ady. Tanaplamak ýagdaýy.
TANATMAKişl. 1. Biriniň kimdigini, bir zadyň 
nämedigini bildirmek; özüniň kimdigini aýtmak. 2
Halk, il içinde özüni belli etmek. Ýagşylykda ile özün 
tanadan, 
Alkyş 
alyp, 
derejesi 
zor 
bolar 
(Magtymguly).  
TANAÝYŞiş ady. Tanamak ýagdaýy.
TANBUR [tanbu:r / tambu:r], at, sazç. Uzyn 
sapy, kiçijik kädisi, on alty-on dokuz sany perdesi, üç 
sany kirşi bolan gadymy saz guraly. Tanbur alyp 
beýik nagra çaldyrsam, Ýa reb, habar bilerinmi, ýar, 
senden (Magtymguly). 
TANGYR [tanğyr], syp. Öň gören adamyny, 
zadyny soň gowy seljerip, tanap bilýän. Tüweleme, 
sen-ä gaty tangyr ekeniň! (A. Durdyýew). 
TANGYRLYK [tanğyrlyk], at. Öň gören zadyňy 
soň gowy tanap bilijilik, tangyr bolmaklyk. Oňa 
tangyrlyk bilen ýiti-ýiti garady (G. Kulyýew).
TANK [taňk], at, harby. Top hem-de pulemýot 
bilen ýaraglandyrylan, tutuş demirden zynjyr tigirli, 
ok geçmeýän söweş maşyny. Derýanyň boýy bilen 
gelýän tank badyny sähel haýalladyp, güzere 
pagşyldap urdy (N. Jumaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   566   567   568   569   570   571   572   573   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling