Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet568/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   564   565   566   567   568   569   570   571   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 
Talak 
haty 
nikanyň 
bozulýandygyny 
tassyklaýan şahadatnama. 
TALAMA [ta:lama], iş ady. Talamak ýagdaýy. 
TALAMAK [ta:lamak], işl. Biriniň emlägini, 
zadyny güýç bilen, zorluk bilen elinden almak.
TALAMAKLYK [ta:lamaklyk], iş ady. Talamak 
ýagdaýy. Birini talamaklyk gowy zadyň üstünden 
eltmez. 
TALANMAK [ta:lanmak], işl. Emlägi elinden 
güýç bilen zorluk edilip alynmak. 
TALANT [tala :nt], at. Aýratyn zehin, özboluşly 
ukyp. Her kim öz ugruna talantdyr, / talant! (G. 
Ezizow).  
TALANTLY[tala:ntly], syp. Talanty bar bolan. 
Talantly ýazyjy. 
TALAŇ [ta:laň], at. Biriniň emlägini, zadyny 
güýç ulanyp, zor bilen basyp alyş. Iki göç-de bir 
talaň (Nakyl). 
TALAŇÇYLYK [ta:laňçylyk], at. Talaň bilen 
meşgullyk, garakçylyk. 
TALAŇÇYLYKLY [ta:laňçylykly], syp. Talaň 
salynýan, talaňa düşýän.
TALAŇLY [ta:laňly], syp. Talaň salnan, talaň 
düşen. Oňarman, iki eliňi burnuna sokup gelseň-de, 
başyň ölümli, malyň talaňly (B. Seýtäkow). 
TALAP, at. 1. Hökmany ýerine ýetirmek şerti 
bilen edilýän berk buýruk. 2. Kanuny isleg. Söwda 
işgärleri alyjylaryň ösen talabyny ödäp bilmelidir. 3
Iş, zähmet, gazanç. Ol talap gözläp, nireleredir 
aýlap-ýyllap çykar giderdi (N. Saryhanow). 

 Talap etmek 1) tutanýerlilik bilen soramak. Söz 
arasyna söz goşmazlygy, sözleýäne päsgel bermezligi 
talap edýärin (B. Kerbabaýew). 2) kireýine iş etmek, 
gazanç etmek. Görogly düýn talap eder ýaly bir 
amatly ýer görüpdi (

Görogly

). 
TALAPKÄR [talapkä:r], syp. 1. Talap ediji. 
Talapkär tomaşaçylar täze oýundan hoşal boldular. 2
Iş, zähmet, gazanç edýän. Ol köp işleýän, talapkär, 
zähmetkeş adam. 
TALAPKÄRÇILIK [talapkä:rçilik], at, ser. 
Talapkärlik.
TALAPKÄRLIK [talapkä:rlik], at. Talap edijilik, 
talap bildirmeklik.
TALAPLY, syp. Zähmet çekip, işläp, gazanç 
edýän, gazançly. Oglum, sen talaply ogul bolmaga 
çemeliň! (

Görogly

). 
TALAPLYLYKat. Zähmet çekip, gazanç edip
bilmeklik, gazançlylyk. 
TALAPNAMA [talapna:ma], at. Birine ýa bir 
edara, kärhana bildirilýän, hödürlenýän talap haty. 
TALAŞ, at, şahyr. Iş-pişe, endik, dalaş. El 
götergil beýle nähak talaşdan, Puluň köýer, janyň 
ýanar bu başdan (Magtymguly). 

Talaş etmek elde baryny edip işlemek, jan 
etmek, dalaş etmek. 
TALAŞMAK [ta:laşmak], işl. Bilelikde talamak, 
talamaga gatnaşmak. 
TALATDYRMAK [ta:latdyrmak], işl. Biriniň 
öýüni, emlägini başga birine zorluk bilen aldyrmak. 
TALATMAK [ta:latmak], işl. Talamaga mejbur 
etmek, talamaga ýol bermek. 
TALAWLAMA [talowlomo], iş ady. Talawlamak 
ýagdaýy. Ol taýagyny talawlamasyny barha 
çaltlandyrýardy. 
TALAWLAMAK [talowlomok], işl. Eýläk-
beýläk bulaýlamak, salgamak. 
TALAWLAMAZLYK [talowlomozluk], iş ady. 
Talawlamak hereketini etmezlik. 
TALAWLAŞMAK [talowloşmok], işl. Bir zady 
(taýagy, gamçyny) bilelikde bulaýlamak, salgamak. 
TALAWLATMAK [talowlotmok], işl. Eliňdäki 
taýagy we ş.m. dik galdyryp, eýläk-beýläk 
hereketlendirmek. Eliňdäki taýagyi talawlatmak. 
TALAWLAÝYŞ 
[talowloýuş], 
iş 
ady. 
Talawlamak ýagdaýy. 
TALAÝYŞ [ta:laýyş], iş ady. Talamak ýagdaýy. 
TALGAT [talğat], at, k.d. Görk, görmek, keşp. 
Mahy talgat boldy gaýyp, nury iman kaýdadyr 
(Allaguly Allahy). 
TALGATLY [talğatly], syp., k. d. Görkli, 
görmekli. Apytap talgatly husny meşhuryň, Bir şirin 
tilliniň dagy men, dagy (

Şasenem – Garyp

). 
TALH, syp. Ajy. Talha döndi agzym baly, Ösdi 
aýralyk şemaly (

Şasenem – Garyp

). Baraly, soraly, 
nedir ahwaly, Biziň üçin talhmy aby-zülaly (Zelili). 
TALHAN, at. Gowrulan una ýa-da gowurga 
ununa toşap garylyp taýýarlanýan iýmit. Allaý-allaý 
alhanym, Bal goşulan talhanym (Hüwdüden). Çörek 
çeýneý bilmez, talhandyr aşy, Dert ýamany 
garrylykdyr, ýaranlar! (Magtymguly). 
TALWAS [talwa:s], at, ser. Telwas. ...Däli 
köňlüm talwas eder güllere (Kemine).
TALYP [ta:ly:p], at,taryh. 1. Orta dini bilim 
berýän medresäniň okuwçysy. Egindeş talyplar bilen 
bilelikde tälim almak onuň ýetip bilmeýän arzuwydy 
(G. Kulyýew). 2. Ýokary we ýörite orta bilim berýän 
dünýewi okuw jaýynda okaýan okuwçy. Institutyn 
talyby
TALYPLYK [ta:ly:plyk], at. Talyp bolmaklyk, 
talybyň ýagdaýy. Talyplyk ýyllary
TAM [ta:m], at. Gurluşyk enjamlaryndan ýaşaýyş 
we hojalyk bähbitleri üçin salynýan kiçiräk jaý. Tam 
üstünde tamymyz, Goşadyr eýwanymyz (Halk 


347 
döredijiliginden). Ýykyljak tamy bir kerpiç daýamaz 
(Nakyl). Edil şol demde gara öýüň bäş ädim 
öňündäki daş tamyň gapysy şarkyldap açyldy-da, 
işigiň eňsisi serpilen gara öýüň bosagasynda Enebaý 
ejäniň äpet göwresi peýda boldy (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Ol 
ýüzüni aşak salyp, ýeňsesinden iterilen ýaly, göni 
tamyna gitdi  (A. Durdyýew).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   564   565   566   567   568   569   570   571   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling