Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet576/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   572   573   574   575   576   577   578   579   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAPAWUTLANMA [tapa:wutlonmo], iş ady. 
Tapawutlanmak ýagdaýy. 
TAPAWUTLANMAK [tapa:wutlonmok], işl
Tapawut etmek, tapawutly bolmak, parh etmek
parhly bolmak. Daşyndan göräýmäge bu adamyň 
beýleki adamlardan tapawutlanýan ýeri ýok ýalydy 
(T. Taganow).  
TAPAWUTLANMAKLYK 
[tapa:wutlon-
mokluk], iş ady. Tapawutlanmak ýagdaýy. 


350 
TAPAWUTLANMAZLYK 
[tapa:wutlonmoz-
luk], iş ady. Tapawut etmezlik. 
TAPAWUTLANYŞ [tapa:wutlonuş], iş ady.Ta-
pawutlanmak ýagdaýy. 
TAPAWUTLY [tapa:wutly], syp. Beýlekilerden 
üýtgeşik, parhly, tapawut edýän. Beýlekilerden 
tapawutly eser. 
TAPAWUTLYLYK 
[tapa:wutluluk], 
at. 
Tapawudy barlyk, beýlekilere meňzeş dällik, 
üýtgeşikligi barlyk, parhlylyk. 
TAPAWUTSYZ 
[tapa:wussuz], 
syp. 
Beýlekilerden 
üýtgeşik 
tapawudy 
bolmadyk, 
özgelerden parhly bolmadyk, tapawut etmeýän, 
meňzeş. Atlar üçin bu ýol tapawutsyzdy (A. 
Gowşudow). 
TAPAWUTSYZLYK 
[tapa:wussuzluk], 
at. 
Tapawudy bolmazlyk,beýlekilerden üýtgeşik ýeri 
bolmazlyk, özgelerden parhy bolmazlyk, tapawut 
etmezlik, meňzeşlik.  
TAPBA, hal. Birden, duýdansyz. Bu sözlere 
gyzyň ýüzi nar ýaly gyzaryp, gawun iýmesini tapba 
kesdi (T. Gurbanow).
TAPBAT [tapba:t], at. Eliň aýa tarapy, eliň iç 
ýüzi. 
TAPBATLAMA 
[tapba:tlama], 
iş 
ady. 
Tapbatlamak ýagdaýy. 
TAPBATLAMAK [tapba:tlamak], işl. Peliň, 
ýeriň, raýyşyň we ş. m. ýüzüni piliň arkasy bilen urup 
endiganlamak, berkitmek. Basylan böwedi ýene bir 
gezek tapbatlamagyň näme aýby bar (B. 
Kerbabaýew). 
TAPBATLAMAKLYK [tapba:tlamaklyk], iş 
ady. Tapbatlamak ýagdaýy. 
TAPBATLANMAK [tapba:tlanmak], işl. Pel, 
raýyş, böwet we ş. m. piliň arkasy bilen urlup 
berkidilmek. 
TAPBATLAŞDYRMAK [tapba:tlaşdyrmak], işl. 
Birnäçe gezek tapbatlamak. Ol peliň gyralaryny pil 
bilen tapbatlaşdyrdy. 
TAPBATLAŞMAK 
[tapba:tlaşmak], 
işl. 
Tapbatlamak 
işine 
kömekleşmek; 
bilelikde 
tapbatlamak. 
TAPBATLATDYRMAK 
[tapba:tlatdyrmak], 
işl. Tapbatlamagy başga birine etdirmek. Ol pelleri 
oglanlara tapbatlatdyrdy. 
TAPBATLATMAK 
[tapba:tlatmak], 
işl. 
Tapbatlap berkitdirmek. Tapbatlatmak işi. 
TAPBATLAÝYŞ 
[tapba:tlaýyş], 
iş 
ady. 
Tapbatlamak ýagdaýy. 
TAPBYLDAMA 
[tapbyllama], 
iş 
ady. 
Tapbyldamak ýagdaýy. 
TAPBYLDAMAK 
[tapbyllamak], 
işl.
Tapbyldyly ses çykarmak, tapbyldyly ýöremek, 
tarpyldamak. 
TAPBYLDAMAZLYK [tapbyllamazlyk], iş ady. 
Tapbyldyly hereket etmezlik. 
TAPBYLDAŞMAK [tapbyllaşmak], işl. Birnäçe 
bolup tapbyldamak. 
TAPBYLDATDYRMAK [tapbyllatdyrmak], işl. 
Ýörelende aýaklaryňy ýere gatyrak urup, tapbyldyly 
ses çykartdyrmak. 
TAPBYLDATMAK [tapbyllatmak], işl. Duran 
ýa-da ýörän wagtyň aýaklaryňy ýere gaty urmak. 
TAPBYLDAÝYŞ 
[tapbyllaýyş], 
iş 
ady. 
Tapbyldamak ýagdaýy. 
TAPBYLDY [tapbylly], at. Ýörelende aýak 
sesinden ýa-da urulmakdan çykýan güňleç sesiň ady, 
tarpyldy. Öýde otyrkak daşarda bir tapbyldy eşidildi.  
TAPDYRMAK, işl. 1. Tapmaga mejbur etmek, 
tapar ýaly etmek, tapmak işini başga birine etdirmek. 
Zat hemişe tapdyrar ahyryn! (A. Gowşudow). 2
Tapmak mümkinçiligi bolmak, tapyp bolmak. Emma, 
näme üçindir, uzakdaky öri meýdanlarynda olaryň 
biri hem tapdyrmaýar (

Türkmenistan

). Gözleýän 
kitabym tapdyrarmyka? 
TAPDYRTMAKişl. Tapmak işini başga biriniň 
üstüne ýükläp etdirmek. 
TAPGYR I, syp.Aňsatlyk bilen tapýan, tapagan. 
Tüweleme, tapgyr ekeniň! 
TAPGYR II, at. 1. Iberilýän, gelýän-gidýän, bir 
ýerde okadylýan adamlaryň bir gezekdäki topary, 
toplum. Ýakyn günlerde ýaşlarymyzyň ilkinji tapgyry 
Gazagystana ugrar (

Türkmenistan

). 2. Bir zadyň 
ösüşinde, haýsydyr bir işde aýry-aýry pursatlar. 3
Gezek, ýola, sapar. Obanyň horazlary bolsa bir 
tapgyr gygyryp goýdular (A. Durdyýew).
TAPLAMA [ta:plama], iş ady. Taplamak 
ýagdaýy. 
TAPLAMAK [ta:plamak], işl. 1. Gyzdyrmak 
arkaly çekiçläp, ýenjip ýiteltmek (pyçak, pil we ş. m. 
hakynda). Ussa meniň kätmenimi taplaman, elime 
berdi (A. Gowşudow). 2. Ýasalan metal önümleriniň 
berkligini artdyrmak üçin olary gaýtadan gyzdyryp, 
soňra suwa, ýaga sokup suw bermek. Bu palta gowy 
taplanypdyr. 3. göç.m. Durmuşda, zähmetde 
berkemek, bekemek, bişişmek.
TAPLAMAKLYK [ta:plamaklyk], iş ady. 
Taplamak ýagdaýy. 
TAPLAMAZLYK 
[ta:plamazlyk], 
iş ady. 
Taplamak işini etmezlik. 
TAPLANMAK 
[ta:planmak], 
işl.
1. Gyzdyrylyp, ýenjilip ýüzi ýiteldilmek (pyçak, pil 
we ş. m. hakynda). 2. Metal önümler gaty berk 
edilmek üçin gyzarýança gyzdyrylyp suwa, ýaga 
sokulyp, suw berilmek. 3. göç.m. Berkemek, 
kämilleşmek, bişişmek, terbiýelenmek. –Biziň 
doganlarymyz otda bişip, suwda taplandy – diýip, 
Gajar seslendi (N. Jumaýew). 4göç.m. Gurplanmak, 
daýanmak, güýje gelmek, taba gelmek. Oňa birneme 
taplanýança wagtal-wagtal ýokumly naharlar gerek 
(

Edebiýat we sungat

). 5.Taba gelmek (ýer 
hakynda). 
TAPLAŞDYRMAK 
[ta:plaşdyrmak], 
işl. 
Birnäçesini ýa-da hemmesini taplap çykmak. Ussa 
orak, pyçak, palta, pil ýaly gurallaryň hemmesini 
taplaşdyryp goýdy. 
TAPLATMAK [ta:platmak], işl. Taplamak işini 
başga birine etdirmek. Işden gaýdyp gelen daýhanlar 
taplatmaga goýan pilleriniň yzyndan günüň şu wagty 
gelýärdiler (A. Gowşudow).


351 
TAPLAÝYŞ [ta:plaýyş], iş ady. Taplamak 
ýagdaýy. 
TAPMAÇA I, 1. at, ser. Matal. 2. Jogaby 
oýlanylyp tapylmaly edilip düzülýän çylşyrymly 
oýun, kim bilmeşek. 3. göç.m. Manysy öwrümli, 
göçme manyly söz, pikir, söz düzümi. 
TAPMAişl. Tapmak ýagdaýy. 
TAPMAKişl. 1. Gözläp ýa-da agtaryp, bir zady 
ele salmak. Tapan begener, tanan alar (Nakyl). 2
Pikirlenip, oýlanyp anygyny bilmek, anyklamak. 3
Hasap etmek, netije çykarmak. Aýdylan bellikleri 
dogry tapmaly. 
TAPMAKLYKiş ady. Tapmak ýagdaýy. 
TAPSYZ [ta:psyz], syp. Taby, mejaly bolmadyk, 
taby gaçan, halsyz, güýçsüz. Olar tapsyz garry däl 
ahyry. 
TAPSYZLYK [ta:psyzlyk], at. Tabyň bolmazlyk, 
taby ýokluk, mejalsyzlyk, halsyzlyk, güýçsüzlik. 
TAPYLGYSYZ [tapylğysyz], syp. Deňi-taýy 
bolmadyk, artykmaç; gymmat bahaly.
TAPYLMAK, işl. 1. Agtarylyp, gözlenip ýüze 
çykarylmak. Täze nebit ýataklary tapyldy. 2. Häzir 
bolmak, taýýar bolmak. 
TAPYNDY [tapynny], at. Agtarylyp, gözlenip 
tapylan zat.
TAPYNMAK, işl. 1. Özüň üçin bir zat tapmak
bir zatly bolmak. Bizem özümize ogul tapyndyk 
(

Görogly

). 2. Duçar bolmak, uçramak, ýolukmak. 
Bu gyzyň kakasy täze kesel tapyndy (B. Pürliýew).
TAPYRDADYŞMAK, işl. Birnäçe ýa-da köp 
bolup yzygiderli tapyrdyly ses çykarmak. Olar 
aýaklaryny tapyrdadyşyp, geçip gitdiler. 
TAPYRDAMAiş ady. Tapyrdamak ýagdaýy. 
TAPYRDAMAKişl. Düýe ýaly haýwan çaltlyk 
bilen ýerinden galanda, aýagyňy ýere batly urup, 
başly-barat, sazlaşyksyz ýörelende we ş.m. ýagdaýda 
tapyrdyly ses çykmak. Düýe tapyrdap ýerinden galdy. 
TAPYRDAMAKLYK, iş ady. Tapyrdamak 
ýagdaýy. 
TAPYRDAŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
tapyrdamak. Goýunlar bir zatdan ürküp, tapyrdaşyp 
ördüler. 
TAPYRDATMAK, işl. Aýaklaryňy ýere urup 
tapyrdy döretmek. Ol aýaklaryny tapyrdadyp ugrady. 
TAPYRDAÝYŞiş ady. Tapyrdamak ýagdaýy. 
TAPYRDYat. Düýe ýaly haýwan çaltlyk bilen 
ýerinden galanda, aýagyň ýere batly urlup, başly-
barat, sazlaşyksyz ýörelende we ş.m. ýagdaýda 
çykýan sesiň ady. Itleriň sesine we süriniň 
tapyrdysyna ol hem derrew oýandy (

Mugallymlar 
gazeti

). 
TAPYR-TUPUR, hal. Çaltlyk bilen, örän tiz, 
dessine, hasyr-husur, bada-bat. Ol aýalynyň 
soraglarynyň birine-de jogap bermän, tapyr-tupur 
ýatdy (N. Saryhanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   572   573   574   575   576   577   578   579   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling