Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAŞLAMAKLYK, iş ady. Taşlamak ýagdaýy.  Edip oturan işiňi taşlamaklyk gowy däl.  TAŞLAMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet584/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   580   581   582   583   584   585   586   587   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAŞLAMAKLYK, iş ady. Taşlamak ýagdaýy. 
Edip oturan işiňi taşlamaklyk gowy däl. 
TAŞLAMAZLYK
iş 
ady. 
Zyňmazlyk, 
äpbermezlik, ätibermezlik. 
TAŞLANDY [taşlanny], at. 1. Ulanylyşdan galan 
zat, zyňlan, taşlanan zat, zir-zibil, zyňyndy.Ol şol 
günleriň birinde oňa bir warak, taşlandy dutar satyn 
alyp berdi (N. Saryhanow). 2. Peýdalanylmasy bes 
edilen, 
ulanylmaýan. 
Garagumuň 
taşlandy 
guýularyny hem bihal görmeli däl (

Edebiýat we 
sungat

). 
TAŞLANMAK, işl. 1. Zyňylmak, oklanmak. 2
Galdyrylmak, goýlup gidilmek. 3. Düşelmek, 
ýazylmak. 
TAŞLAŞDYRMAKişl. Taşlap çykmak, birnäçe 
zady 
zyňyşdyrmak, 
zyňyşdyryp 
goýbermek, 
oklaşdyrmak. Zatlary çem gelen ýere taşlaşdyryp 
gitmäň. 
TAŞLATDYRMAK, işl., ser. Taşlatmak. Ol 
Oraza çilimini taşlatdyrdy. 
TAŞLATMAK, işl. Taşlamaga mejbur etmek
taşlar ýaly etmek; bes etdirmek. 
TAŞLAÝYŞiş ady. Taşlamak ýagdaýy. 
TATAR, at, ser. Tatarlar. Tatar dili. Tatar
edebiýaty. 
TATARLARat. Tatarystanyň ýerli halky. 
TATYRDAMAiş ady. Tatyrdamak ýagdaýy. 
TATYRDAMAK, işl. Tatyrdyly ses etmek
tatyrdyly ses çykmak. 
TATYRDAMAKLYK, iş ady. Tatyrdamak 
ýagdaýy. 
TATYRDAŞMAK
işl. 
Köpçülikleýin 
tatyrdamak. 
TATYRDATMAK, işl. Tatyrdyly seslendirip 
atmak; tatyrdyly seslendirip işletmek, sürmek. Onuň 
köneje motoryny tatyrdadyp geçip barýanyny gören 
bar
TATYRDAÝYŞiş ady. Tatyrdamak ýagdaýy. 
TATYRDYat. Awtomat, pulemýot ýaly ot açýan 
ýaraglar yzly-yzyna atylanda ýa-da sesini basýan 
enjamy işlemeýän maşynyň motory otlananda
döreýän sesiň ady. 
TAWUS [ta:wus], at. 1. Sülgünler maşgalasyndan 
bolan owadan ýelekli uly guş. 2. Gyza dakylýan at. 
TAWUŞ [ta:wuş], at. Ses, owaz. Tawuşy erem 
bilbili (Mollanepes). Garyndaşyň tawuşy garaňkyda 
belli (Nakyl). 
TAÝat. Baýtalyň bir ýaşa çenli ýaşajyk gunany. 
Hem daýymlara barýaryn, hem taýyma baş 
öwredýärin (Nakyl). 
TAÝ [ta:ý] I, at. 1. Iki sany meňzeş zadyň her 
biri, her haýsysy, jübüt zadyň biri. Köwşüň taýy. 
Jorabyň taýy. Ekiz taýy2. Deň gelýän, barabar, özi 
ýaly. Göwher sepýän üstünden ýigit bilen geliniň, 
Sahylykda taýy ýok onuň açyk eliniň (M. Seýidow).
3. Urulýan ýüküň bir gapdaly. Ynha, iki taý ýük, göter 
haýsyny göterseň (H. Derýaýew).  
TAÝ [ta:ý] II, at. Tarap, ugur, ýer. Ol kümüş 
gynly gylyjynyň baljak taýyny özüne bakan öwürdi-de 
gobsundy (B. Kerbabaýew). O taýda näme işlemekçi?  
TAÝAGATYM  [taýağatym], at. Adamyň taýagy 
zyňyp bilýän aralygy. Aralyk taýagatym ýaly ýerdi. 
TAÝAKat. 1. Goranmak we ş.m. maksatlar üçin 
ulanylýan düwünsiz, ýylmanak şaha bölegi. Çopan 
taýagy. 2. ser. Hasa. Ol taýagyna söýenip, seredip 
durdy (H. Ysmaýylow).

 Taýak gelýänçä  ýumruk bir zat bilen oňşuk 
etmek, bary bilen bazar eýlemek. Taýak iýmek pugta 
ýenjilmek, urulmak. 
TAÝAKDIKDIR [taýakdikdi:r], at. Birnäçe 
taýak dikilip oýnalýan çaga oýunlarynyň bir 
görnüşiniň ady. Geliň, taýakdikdir oýnalyň! 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   580   581   582   583   584   585   586   587   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling