Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TEL II, at, k.d. Depe, baýyr. Çykaryň toplary  telge rowana (Abdysetdar Kazy).  TELBE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet592/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   588   589   590   591   592   593   594   595   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEL II, at, k.d. Depe, baýyr. Çykaryň toplary 
telge rowana (Abdysetdar Kazy). 
TELBE [telve], syp. Akylyndan azaşan, däli. 
Telbeler dek özüm urdum her ýana (Magtymguly). 
TELBELEMEK [telvelemek] işl.,gepl.d. Telbe 
bolmak, akylyndan azaşmak, däliremek. Hassa 
köňlüm hyýalyndan daglara düşdi telbeläp (Gaýyby).  
TELBELIK [telvelik], at. Telbäniň ýagdaýy, 
akyldan azaşanlyk, dälilik. Telbelikden bilmän ýagşy-
ýamany, Diwana men, akyl-huşum ýok meniň 
(Kätibi). 
TELEBÄSLEŞIK [televä:sleşik], at. Telewizor 
gepleşikleri boýunça geçirilýän ýaryş, bäsleşik.
TELEÇIat. Çapaga meňzeş kiçi balyk. 
TELEDESGA [teledesğa:], at. Telewideniýe 
gepleşigi bilen baglanyşykly gerekli, ulanylmagy 
zerur bolan enjamlar toplumy.
TELEGRAF [teleğyra:f], at. Telegrammalary 
ibermek, kabul etmek we eýesine gowşurmak işini 
amala aşyrýan ýöriteleşdirilen aragatnaşyk kärhanasy. 
TELEGRAMMA [teleğyra:mma], at. Telegraf 
boýunça iberilýän habar. 
TELEFAKS 
[telefa:ks, 
at. 
1. 
Telefon 
aragatnaşygynyň üsti bilen ýazmaça maglumaty 
ugratmak we kabul etmek üçin çap ediji ýörite enjam. 
Telefaksyň üsti bilen ugratmak. 2. Şol enjamyň üsti 
bilen ugradylýan ýa-da kabul edilýän ýazmaça habar, 
maglumat. Telefaks almak. 3. Aragatnaşygyň şu 


361 
görnüşinden peýdalanmak üçin abonentiň ýörite san 
belgisi.
TELEFON [telefo:n], at. Aradaşlyga gepleşik 
sesini, habary eşitdirmek üçin ulanylýan tehniki 
gurluş, enjam, elektrik aragatnaşygynyň bir görnüşi, 
şeýle hem gepleşik enjamy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   588   589   590   591   592   593   594   595   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling