Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TEKIZLEME [teki:zleme], iş ady. Tekizlemek  ýagdaýy. TEKIZLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet590/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   586   587   588   589   590   591   592   593   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEKIZLEME [teki:zleme], iş ady. Tekizlemek 
ýagdaýy.
TEKIZLEMEK [teki:zlemek], işl. Tekiz etmek
endigan etmek, düzlemek. Häzir hojalyklarda ýerleri 
dökünlemek, tekizlemek, çil çekmek işleri gyzgalaňly 
alnyp barylýar.  
TEKIZLEMEKLIK [teki:zlemeklik], iş ady. 
Tekizlemek ýagdaýy. 
TEKIZLEMEZLIK [teki:zlemezlik], iş ady. 
Tekiz etmezlik, düzlemezlik. 
TEKIZLENMEK [teki:zlenmek], işl. 1. Tekiz 
edilmek, düzlenmek, endiganlanmak. Beýikli-pesli 
ýerler tekizlendi. 2. Tekiz örtülmek, endigan 
ýaýylmak. Gijara galyň bulut tekizlenip, asmanyň 
hemme ýerine ýazylyp gitdi. 
TEKIZLEŞDIRMEK [teki:zleşdirmek], işl. 
Tekiz edişdirmek, endiganlaşdyrmak, düzleşdirmek. 
Ýerleri tekizleşdirip, soň süreris. 
TEKIZLEŞMEK [teki:zleşmek], işl. 1. Köp 
bolup tekizlemek, düzlemäge kömek etmek. 2
Ýuwaş-ýuwaşdan tekizlenmek, kem-kem tekizlenip 
gitmek, az-owlak tekiz bolmak. Ýerlerimiz sürlüp, 
suwarylyp dura-bara tekizleşer. 
TEKIZLETDIRMEK [teki:zletdirmek], işl. 
Tekizletmek işini birine etdirmek. Mugallym ýaryş 
geçiriljek meýdançany okuwçylara tekizletdirdi. 
TEKIZLETMEK [teki:zletmek], işl. Tekizlemek 
işini birine etdirmek, düzletmek, endiganlatmak. Ol
jaý salynjak ýeriň meýdanyny traktora tekizletdi. 
TEKIZLEÝIŞ [teki:zleýiş], iş ady. Tekizlemek 
ýagdaýy. 
TEKIZLÄBERMEK 
[teki:zlä:vermek], 
işl 
Tekizläp ugramak. 
TEKIZLIK [teki:zlik], at. 1. Düzlük, endiganlyk 
derejesi. Gör, ýeriň tekizliginiň peýdasyny: Gögeren 
pagtalaryň hemmesiniň boýy gyradeň! 2. Tekiz 
meýdan, düz ýer. Şu depäniň aňyrsy giden tekizlikdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   586   587   588   589   590   591   592   593   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling