358
TAZYGYŞ [ta:zyğyş],
iş ady. Tazykmak
ýagdaýy.
TAZYGYŞMAK [ta:zyğyşmak],
işl. Birtopar
goýun tazygyp gaçmak, gitmek.
Otlap ýören
goýunlar bir zatdan ürküp tazygyşdylar.
TAZYKDYRMAK
[ta:zykdyrmak],
işl.
Tazykmaga
mejbur etmek, tazykmagyna sebäp
bolmak, ürküzip gaçyrmak.
Goýunlary tazykdyrmak.
TAZYKMA [ta:zykma],
iş ady. Tazykmak
ýagdaýy.
Goýunlaryň tazykmasy çopanyň aladasyny
köpeltdi.
TAZYKMAK [ta:zykmak],
işl. Ürküp gaçmak,
ürküp baş bermän gitmek, ürküp gaçyp gitmek.
Aýlanmasak, goýunlar guzularyny yzyna tirkäp,
haýsy-da bolsa bir tarapa tazygyp gidiberjekler
(
Türkmenistan
).
TAZYKMAKLYK [ta:zykmaklyk],
iş ady.
Tazykmak ýagdaýy.
TE [te:], Türkmen milli elipbiýiniň
T
harpynyň
ady.
TEATR [tea:tr / tiýa:tyr],
at. 1.
Sahnada drama
eserlerini görkezmek sungaty.
2. Sahnalaşdyrylýan
oýunlar, şowhunly aýdym-sazlar goýulýan we
görkezilýän jaý.
Teatra gitmek.
Teatrlary bina etmek.
TEBÄHET [tevähet],
at. Gylyk-häsiýet, boluş.
Tebähedi göçen (göterilen) gylygy, bolşy
düýbünden erbetlige tarap üýtgän; nebsine haý diýip
bilmeýän (adam hakynda).
TEBÄREK [tevä:rek],
at. Gurhanyň 67-nji
süresiniň ady.
TEBIGAT [tevi:ğat],
at. 1. Älemde bar bolan
organiki we organiki däl ähli zatlar.
2. Şäherleriň,
obalaryň we ş.m. daşyndaky, töweregindäki daglyk,
tokaýlyk, baglyk, gözel ýerler, şäheriň daşy, açyk
meýdan.
Saglyk ýolunyň özboluşly, täsin tebigaty bar.
3. Organiki, organiki däl dünýäni öwrenýän ylym we
şol hakdaky okuw dersi.
4.
göç.m. Gylyk-häsiýet,
asyl boluş.
Gyzlaryň tebigaty näzik bolýar
(
Myraly
).
TEBIGATÇY [tevi:ğatçy],
at. 1. Tebigaty
öwrenýän adam.
2. Tebigat dersini okadýan
mugallym.
Do'stlaringiz bilan baham: