Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet583/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   579   580   581   582   583   584   585   586   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TASSYKLAMAKLYK [tassy:klamaklyk], iş 
ady. Tassyklamak ýagdaýy.
TASSYKLANMAK [tassy:klanmak], işl. 1. Bir 
işe, wezipä, bellenmek, tassyk edilmek. 2. Makul 
bilinmek, makullanmak.
TASSYKLAŞMAK [tassy:klaşmak], işl. Biri-
biriniň aýdanyny makullamak, dogry diýip tapmak, 
makullaşmak, bilelikde tassyklamak. Hawa, şeýle-le 
– diýşip, ýerli-ýerden onuň gürrüňini tassyklaşdylar 
(A. Gowşudow). 
TASSYKLATDYRMAK [tassy:klatdyrmak], işl. 
Bir zady tassyk etdirmek. Öz aýdan sözlerini kim-de 
bolsa birine tassyklatdyrmak isläp: Şeýle dälmi-
aýt, Annamyrat? – diýdi (B. Kerbabaýew).
TASSYKLATMAK [tassy:klatmak], işl. 1. Bir 
işe, wezipä belletmek, tassyk etdirmek. 2. Kabul 
etdirmek, makullatmak.
TASSYKLAÝYŞ 
[tassy:klaýyş], 
iş 
ady. 
Tassyklamak ýagdaýy. 
TASSYKNAMA [tassy:kna:ma], at. 1. Bolup 
geçen bir hereketiň, edilen işiň netijesi hakynda 
ýazylan resmi hat. 2. Subutnama. Bu sungat 
baýramçylygy iki ýurduň doganlygynyň aýdyň 
tassyknamasy boldy. 
TASYL, at. Bir zady etmegiň ugur-ýoly. Meniň 
maşgalamyň içiniň iň bir bihepbesi, hiç zadyň 
usulyny, tasylyny bilmän ýöreni şu Güjükdir (A. 
Gowşudow). 
TAŞA, at. Mal-garanyň daşyna gorag üçin 
edilýän agyl, aýmança. Ýylgynlardan kesip, 
mellekleriň gyrasyna taşa etmeklik karar edildi 
(

Nesil

). 
TAŞLAMA, 1. iş ady. Taşlamak ýagdaýy. 
Eliňdäki işiňi ýere taşlamaňy bes et! 
TAŞLAMAK, işl. 1. Zyňyp goýbermek, 
oklamak. 2. Bir zady ulanmagy bes etmek, goýmak. 
Men çilimi taşladym. 3. Galdyrmak, goýup gitmek. 
Hiç kim obany taşlap göçmedi (

Edebiýat we 
sungat

). 4. Ýazmak, düşemek. Dört töweregine giň 
edip keçe taşlap, seleň ýer etdiler (B. Seýtäkow). 5
Guzlamak, dogurmak. Baýtalynyň gün-sähedi dolup, 
tazyň çagasy ýaly bir zat taşlady (

Görogly

). 6. Ýüz 
öwürmek, ýanynda ýaşamazlyk. Imansyz atasyndan-
a muňa rehnet bolmady, çagajykka taşlap gitdi (T. 
Gurbanow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   579   580   581   582   583   584   585   586   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling