Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TARAPGÖÝLIK [tarapgö:ýlük], at. Tarapgöý  bolmaklyk, tarapgöý häsiýetlilik.  TARAPLAÝYN: hemme taraplaýyn


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet579/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   575   576   577   578   579   580   581   582   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TARAPGÖÝLIK [tarapgö:ýlük], at. Tarapgöý 
bolmaklyk, tarapgöý häsiýetlilik. 
TARAPLAÝYN: hemme taraplaýyn hemme 
tarapdan, her tarapdan, doly, jikme-jik. Barlag 
gelende iş hemme taraplaýyn barlandy. Her 
taraplaýyn ser. Hemme taraplaýyn.
TARAPLY, syp. Tarapy bar bolan. Köp taraply 
dörtburçluk. 

Bir taraply doly däl, çäkli. Hüjüm bir 
taraplydy. Köp taraply dürli, birnäçe görnüşli. Bu 
günler çagalaryň köp taraply işleriniň iň bir möwç 
urýan pursaty (

Mugallymlar gazeti

). 
TARAPYN [tarapy:n], hal. Tarapyndan. Beýle 
zatlar Alla tarapyndyr. 
TARAŞ: taraş bermek pil bilen ýylmamak, 
endiganlamak, taraşlamak. Tümüň agzynyň käbir 
ýerlerini gyrdaşdyryp, ýylmamaga, taraş bermäge 
durdy (A. Gowşudow). 
TARAŞKEPJEat. Pagsany, gory tekiz gyrmak, 
ýylmamak üçin agzy ýasy pil, kepje.
TARAŞLAMAiş ady. Taraşlamak ýagdaýy. Indi 
diwaryň taraşlama işi galdy. 
TARAŞLAMAK, işl. 1. Pil bilen ýylmamak, 
timarlamak, bejermek, endiganlamak. Kä eline pilin 
alyp, taraşlardy joýasyny (M. Seýidow). Meret 
atyzlaryň arasyndaky çiljagazlary taraşlap ýördi (B. 
Öwezow). 2. Bir zada timar bermek, syntgylamak, 
sünnälemek. Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, 
Senden soňkulara ýadygär bolar (Magtymguly). 
TARAŞLAMAKLYK, iş ady. Taraşlamak 
ýagdaýy.
TARAŞLANMAKişl. Üsti, ýüz tarapy pil bilen 
ýylmanmak, rejelenmek, bejerilmek, timarlanmak, 
tekizlemek. Gyralary mazaly taraşlanan ýabyň iç 
ýüzi kem-kemden derläp, çaý içýän adamyň maňlaýy 
ýaly, derçigmäge başlady (B. Öwezow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   575   576   577   578   579   580   581   582   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling