Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet577/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   573   574   575   576   577   578   579   580   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAPYŞDYRMAK I, işl. Birnäçe zady yzly-
yzyna tapmak. Gerekli zatlaryny tapyşdyrdy. 
TAPYŞDYRMAK II, işl. 1. Biri-birine 
ýelmeşdirmek, 
birleşdirmek. 
Gapyrgamy 
tapyşdyrdyň-la.2. Durmuş gurmak üçin gyz bilen 
oglany duşurmak, sataşdyrmak. 
TAPYŞMAiş ady. Tapyşmak ýagdaýy. 
TAPYŞMAK I, işl. Bir zady tapmaga kömek 
etmek. 
TAPYŞMAK II, işl. 1. Biri-biriňi tapmak, biri-
biriňe sataşmak. Altyn bilen meniň şu gije şu ýerde 
tapyşmaly wadamyz bardy (A. Durdyýew). 2. 
Birleşmek, birikmek, sepleşmek. Obanyň aňyrsynda 
iki baýyr tapyşyp, olaryň arasy jülge bolup gidýär 
(

Türkmenistan

). Gyz birden ýylgyrdy, birdenem 
onuň gara gaşlary tapyşdy (

Edebiýat we sungat

). 3
Goşulyşyp durmuş gurmak, är-aýal bolmak. Indi 
ikimize tapyşmaga wagt ýetdi (A. Durdyýew). 
TAPYŞMAKLYKiş ady. Tapyşmak ýagdaýy. 
TAPYŞYK, at, ser. Duşuşyk. Häzirki tapyşykda 
ol özüni bütin dünýäniň bagtly adamsy hasap etdi (B. 
Kerbabaýew).
TAR [ta:r], at.1. Köp kirişli, uly kädili, kiriş kakar 
bilen çalynýan halk saz guraly. 2. Owaz döretmek 
üçin saz gurallaryna dakylýan inçe polat sim, çig 
ýüpek ýa-da haýwan içegelerinden taýýarlanýan kiriş. 
Gyjakçylar çalsa elde baryny, Sen çekýärsiň 
tamdyranyň taryny (N. Pomma). 3. şahyr. Saçyň, 
ýüplügiň we ş.m. bir gaty, dini. Baglanandyr boýnum 
taryna gyzyň (Mätäji). 

Taryna kakmak pikirini bilmek üçin birini 
barlap görmek. 
TARA, at. Öý şertlerinde ýüpek, nah mata 
dokamak üçin gadymdan bäri ulanylýan dokmaçylyk 
guraly. Dilmaç bolsaň, araçy ýaly munuň sözüni oňa, 
onuň sözüni bolsa muňa ýetirmeli, meňzedip aýtsam, 
taranyň ikibaka argaç geçirýän mäkisi bolmaly (B. 
Kerbabaýew).
TARAÇ, at, k. d. Talaň. Golumdaky şuňkar 
guşum uçurdym, Taraç aldy, maly-mülküm galmady 
(

Şasenem – Garyp

). 

Taraç etmek talamak. Pelek meni hasrat bile 
öldürip, Taraç etdi bu kerwenni sen eşit (

Melike-
Dilaram

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   573   574   575   576   577   578   579   580   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling