Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet575/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   571   572   573   574   575   576   577   578   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Taňry ýalkasyn 
minnetdarlyk, hoşallyk 
bildirilip aýdylýan alkyş.
TAP [ta:p], at. 1. Ýagdaý, hal, saglyk derejesi. 
– Bolýar-da, öz tabyňy özüň gowy bilýärsiň – diýip 
goýdy (A. Gowşudow). 2. Ugur, ýol, usul. Tapypdyr 
ol bejerginiň tabyny, Gumlaşdyryp gowaçanyň 
düýbüni (A. Salyh). 3. Ýagdaý, reje. Tohum 
alşymyzam, 
ekiniň 
häzirki 
taby-da 
oňat 
(

Türkmenistan

). 4. Ýer suwarylandan soň topragyň 
ekmäge ýaramly bolan derejesi. Taba gelen ýerleriň 
üstüni sypalap geçýän mylaýym bahar şemaly 
ýowşan, bozagan bilen garaganyň turşumtyk ysyny 
garyşdyryp getirýärdi (A. Gowşudow).

Taba gelmek ýer suwarylandan soň, sürüm 
ýagdaýyna gelmek. Tapdan düşmek ýagdaýy 
agyrlaşmak, güýçden gaçmak. Tap getirip bilmek 
döz gelmek, çydamak, razy bolmak.
TAPAN-TUPAN: tapan-tupan zady tapan ähli 
zatlaryny, näme tapsa. Garryja aýal bolsa tapan-
tupan zadyny berip, toklusyny oňat semredipdir 
(Ertekiler). 
TAPAR-TAPMAZ, syp. Özüni oňarmaýan, 
mätäçlik çekýän. Biz tapar-tapmaz däl, gelin 
edinmäge, toý gurmaga gurbumyz ýetýär (B. 
Kerbabaýew).  
TAPAR-TAPMAZLYK, at. Özüni zordan 
oňarmaklyk, pukaralyk.
TAPAWUT [tapa:wut], at. Bir zadyň ikinji bir 
zatdan aýratynlygy, parhy.
TAPAWUTLANDYRMAK 
[tapa:wutlonnur-
mok], işl. Bir zady beýlekiden aýyl-saýyl etmek. 
Kartalary biri-birinden tapawutlandyrmak kyn, 
olaryň 
uzynlygy-da, 
giňligi-de 
bir 
meňzeş 
(

Türkmenistan

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   571   572   573   574   575   576   577   578   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling