TANKÇY [taňkçy], at, harby. Tank goşunlarynyň
esgeri, tank sürýän esger.
TANKYDY [tanky:dy / taňkydy], syp. Tankyda
degişli, tankyt häsiýetli, tankytly.
TANKYT [tanky:t / taňky:t], at. 1. Birine ýa-da
bir zada baha bermek üçin derňemek, ara alyp
maslahatlaşmak. Edebi tankyt. 2. Kemçilikleri ýüze
çykarmak üçin edilýän düýpli bellikler.
TANKYTÇY [tanky:tçy / taňky:tçy], at. 1.
Biriniň edýän işini, hereketini, özüni alyp barşyny
tankyt edýän adam. 2. Çeper eserlere tankydy göz
bilen garaýan we baha berýän edebi işgär.
TANKYTÇYSUMAK
[tanky:tçysumok
/
taňky:tçysumok], at. Bolgusyz tankytçy, zoraýakdan
tankytçy boljak bolýan adam. Garýagdynyň dosty
tüýs gybatçydy, tankytçysumakdy (A. Kowusow).
TANKYTLAMA [tanky:tlama / taňky:tlama], iş
ady. Tankytlamak ýagdaýy.
TANKYTLAMAK
[tanky:tlamak
/
taňky:tlamak], işl. Tankyt etmek, biriniň ýa-da bir
işiň kemçiliklerini, ýalňyşlaryny aýtmak.
TANKYTLAMAKLYK
[tanky:tlamaklyk
/
taňky:tlamaklyk], iş ady. Tankytlamak ýagdaýy.
TANKYTLANMAK
[tanky:tlanmak
/
taňky:tlanmak], işl. Tankyda sezewar bolmak, tankyt
edilmek, ýazgarylmak. Ýöne welin bu ýerde
tankytlanan ýoldaşlar näderkäler (B. Pürliýew).
TANS [tanys], at. 1. Sazly ýerine ýetirilýän
sazlaşykly hereketlerden durýan sungat. Ýaşlar tans
edýärler. 2. gepl.d. Köpçülikleýin tans edilýän ýer.
Ol joralary bilen tansa gitdi.
Tans edersiň
etmäbilseň etme, etmejek
bolubam gör
diýen manyny berýär. Meniň diýenimi
etmän tansam edersiň. Tans etmek tansy ýerine
ýetirmek.
TANSÇY [tanysçy], at. Tans oýnuny ýerine
ýetirýän, ökde tans edýän adam. Siz ilkinji suratda
gyzlaryň tansçylar toparyndan birnäçesiniň hytaý
tansyny ýerine ýetirişini görýärsiňiz (
Nesil
).
Do'stlaringiz bilan baham: |