TANYŞMAKLYK, iş ady. Tanyşmak ýagdaýy.
Bize onuň bilen tanyşmaklyk zerur gerek.
TANŞYLMAK, işl. Biri-biriň bilen tanyşlyk
açylmak. Soraşyk-ideşik üsti bilen tanşylýar (A.
Gowşudow).
TAŇ [ta:ň] I, syp. Geň, täsin, üýtgeşik, ilde ýok
zat. Ataň eden işi älemge taňdyr, Häli saňa şadyr,
magşar gedaňdyr (Mollanapes). Ger gözlesem,
rakyplara taň bolur (Mätäji).
TAŇ [ta:ň] II: taň etmek gowy etmek, oňarmak.
Ekipsiň, taň edipsiň, ol ýorunjany ata-baba ekilmän
ýatan şor ýere ekmek nämä gerek, ýer gytmy? (A.
Gowşudow).
TAŇKA, at. Çaý gaýnatmak üçin ýuka demirden
ýasalan tüňçäniň, tüňňüriň bir görnüşi. Ol eşeginiň
içirgisini düşekçe edinip, çäkmeniniň syýy bilen
taňkaň gulpundan tutup, düşekçede ornaşykly oturdy
(
Edebiýat we sungat
).
TAŇK-TAŇK, s. ş. aňl. söz. Yzly-yzyna çykýan
taňkyldyly ses. Ussa kätmeni taňk-taňk edip, derrew
bejerdi-de, ony synlamaga durdy.
TAŇKYLDAMA
[taňkyllama],
iş
ady.
Taňkyldamak ýagdaýy.
TAŇKYLDAMAK
[taňkyllamak],
işl.
Taňkyldyly ses çykmak, taňkyldyly seslenmek (bat
bilen demir demre degenda çykýan ses hakynda).
Ussanyň çekijiniň sesi taňkyldap çykýardy (
Watan
).
TAŇKYLDAMAKLYK [taňkyllamaklyk], iş
ady. Taňkyldamak ýagdaýy.
TAŇKYLDATDYRMAK [taňkyllatdyrmak], işl.
Başga birine taňkyldyly ses çykartdyrmak. Üzüme
gonan guşlary ürküzmek üçin ogluna bedräni
taňkyldatdyrdy.
TAŇKYLDATMAK [taňkyllatmak], işl. Bedräni
we ş. m. urup, tüpeň atyp, taňkyldyly ses çykarmak.
Bedräni taňkyldatmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |