Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet581/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   577   578   579   580   581   582   583   584   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TARKYLDATMAK [tarkyllatmak], işl. 1. Agaja, 
demre gaty zat bilen urup, tarkyldadyp seslendirmek. 


353 
Ol pyýada derwezäniň bir tarapyna söýenip, 
derwezäni tarkyldatmaga durdy (A. Gowşudow). 2
Atmak, atyp goýbermek. Seniň eliňe ýarag berseler, 
elbetde, tarkyldadarsyň (B. Kerbabaýew).
TARKYLDAÝYŞ 
[tarkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Tarkyldamak ýagdaýy. 
TARKYLDY [tarkylly], at. 1. Gaty zatlar biri-
birine degende çykýan sesiň ady. Az salymdan soň 
gapynyň ýuwaşja kakylýan tarkyldysy ýene-de 
gaýtalandy (N. Geldiýew). 2. Tüpeň sesi. Bir tarkyldy 
eşidildi. 
TARLAMAiş ady. Tarlamak ýagdaýy. 
TARLAMAKişl.Traktor ýörände, motor işlände 
we ş.m. ýagdaýda tarryldyly ses döremek. 
TARLAMAKLYKiş ady. Tarlamak ýagdaýy. 
TARLAŇat. Laçyna meňzeş elguş. Tarlaň kimin 
dalmanyp, akyl huşum alyp sen, Her kim görse 
jemalyň, janyna ot salyp sen (Mollanepes). 
TARLAŞMAK, işl. Birnäçe zat tarlamak. Olar 
gaty-gatydan tarlaşyp, pessejikden uçýardylar (H. 
Ysmaýylow).
TARLATDYRMAK
işl. 
Maşyn-motorlary
tarryldyly seslendirmek, tarlatmaga ýol bermek, 
mümkinçilik döretmek.
TARLATMAK, işl. Tarryldyly seslendirip 
sürmek. Bu günem hemişeki ýaly motoryny tarladyp 
geler (T. Gurbanow). Ol traktoryny tarladyp gelýär
TARLAWUK [tarlowuk], at, ösüml.d. Göktorla 
meňzeş gawunyň bir görnüşi. Akmaňyz tarlawuklar, 
garrygyzlar, gülabylar ýylmanak endamlaryny tor 
bilen bezäp, müňlerçesi düňderilişip ýatyr (B. 
Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   577   578   579   580   581   582   583   584   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling