Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TARAŞMAN
- TARAZ
- TARAZLAÝYŞ
- TARHANLYK
- TARIF
- TARK-TARK
- TARKYLDAMA [tarkyllama], iş ady. Tarkyldamak ýagdaýy. TARKYLDAMAK
TARAŞLAŞDYRMAK, işl. Taraşlap çykmak.
TARAŞLAŞMAK, işl. 1. Taraşlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup taraşlamak. TARAŞLATMAK, işl. Taraşlamagy başga birine etdirmek; taraşlamaga mümkinçilik bermek. Diwary taraşlatdy. TARAŞLAÝYŞ, iş ady. Taraşlamak ýagdaýy. TARAŞMAN [taraşma:n], at, gepl.d. Laýdan, palçykdan salnan jaýyň diwarlaryny timarlaýan ussa. TARAWA [tarawo], at. Her oraza aýynda (oraza gutarýança her gün) jemagat bolup, ýassy namazyndan soň we Witir namazyndan öň 20 gezek eglip galynýan namaz. TARAZ [tara:z], at. Ýabyň, kanalyň, derýanyň suwunyň bölünýän ýeri, saka, teraz. TARAZLAMA [tara:zlama], iş ady. Tarazlamak ýagdaýy. TARAZLAMAK [tara:zlamak], işl. Suwy taraz arkaly bölmek. TARAZLANMAK [tara:zlanmak], işl. Tarazlanyp bölünmek. Suw ýaplara tarazlanyp akdyryldy. TARAZLAÝYŞ [tara:zlaýyş], iş ady. Tarazlamak ýagdaýy. TARHAN, at, syp. 1. kön.s. Orta asyrlarda käbir türki halklarda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýan adam. 2. Islegine göra erkin hereket etmäge, ýaşamaga hukuk gazanan. Bolýar, onda, sen tarhan, ötägit! (Halk ertekisinden). Sen bir tarhan adam, näme edesiň gelse edibermeli bolarsyň-da. 3. Oglana dakylýan at. Tarhan haty kön. s. birine ýurduň hökümdarynyň ýeňillikleriň berilýändigini tassyklamak üçin beren haty. TARHANDÖKER [tarhannökör], at. Çendenaşa eli açyk, jomart, sahy. TARHANDÖKERLIK [tarhannökörlük], at. Çendenaşa jomartlyk, eli açyklyk, sahylyk. TARHANLYK, at. 1. Tarhan bolmaklyk, islegine görä hereket etmäge haklylyk. Tarhanlyk başga, işe geleňsizlik başga (B. Kerbabaýew). 2. ser. Tarhandökerlik. Tarhanlyk etmek. TARHUN [tarhu:n], at. Kökünden we baldagyndan köpelýän kiçijik süýri ýaprakly iýilýän köpýyllyk ot. Ol bazardan bir bogy tarhun satyn aldy. TARIF [tary:f], at. 1. Resmi taýdan bellenen ölçeg we haýsydyr bir zadyň bahalar (nyrhlar), tölegler sistemasy. Demir ýol tarifi. Gümrükhana tarifi. Salgytlar tarifi. Aragatnaşyk tarifi. 2. Bir zat üçin kesilýän nyrhyň, tölemeli tölegleriň tablisasy, sanawy. Töleg puluny tarif bilen deňeşdirip barlamak. TARK, s.ş.aňl.söz. Ýeke sapar tarkyldap çykýan ses, tarkyldy. – Haw, sen ýalňyşýarsyň – diýip, Annaguly sözüni soňlamanka, tark edip atdy (A. Durdyýew). TARK-TARK, s. ş. aňl. söz. Agaja, demre gaty zat bilen urlanda yzly-yzyna çykýan sesler, tark-turk. TARK-TURK, s. ş. aňl. söz. Tüpeň yzly-yzyna atylanda çykýan sesler. Häliden bäri käte bir çykýan tark-turkam ýatypdy (A. Nazarow). TARKYLDAMA [tarkyllama], iş ady. Tarkyldamak ýagdaýy. TARKYLDAMAK [tarkyllamak], işl. 1. Agaja, demre gaty zat bilen urlanda tarkyldyly ses çykmak. 2. Atylmak, göçmek (tüpeň hakynda). Tüpeňler yzly- yzyna dört gezek tarkyldady (B. Kerbabaýew). TARKYLDAMAKLYK [tarkyllamaklyk], iş ady. Tarkyldamak ýagdaýy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling