Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Tebit ýaly örän yssy. Jaýyň içi tebit ýaly  gyzypdyr.  TEBITLEME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet588/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   584   585   586   587   588   589   590   591   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Tebit ýaly örän yssy. Jaýyň içi tebit ýaly 
gyzypdyr. 
TEBITLEME [tevitleme], iş ady. Tebitlemek 
ýagdaýy. 
TEBITLEMEK [tevitlemek], işl. Jazlap, ýagda 
daglamak, gyzgyn ýagda bişirmek. Ysmanagy
tebitlemek.  
TEBITLEMEKLIK [tevitlemeklik], iş ady. 
Tebitlemek ýagdaýy.
TEBITLENMEK [tevitlenmek], işl. Jazlap ýaga 
daglanmak, ýagda daglanyp bişirilmek. Ysmanak 
gaýnadylyp, tebitlenip goýuldy. 
TEBITLEŞDIRMEK 
[tevitleşdirmek], 
işl. 
Jazlap ýaga daglaşdyrmak, gyzan ýaga daglaşdyryp, 
taýýar edişdirip goýmak. Dursun ysmanakdyr 
selmeleri tebitleşdirip, börek üçin taýýarlap goýdy. 
TEBITLETMEK [tevitletmek], işl. Tebitlemek 
işini birine etdirmek. Ol gaýnadylan ysmanagy 
tebitletdi. 
TEBITLEÝIŞ [tevitleýiş], iş ady.Tebitlemek 
ýagdaýy. 
TEBLE [tevle] I, at. Mallaryň irişmesiniň 
ýüpüniň ujuna berkidilýän halkalyja ujy çiş, demir 
gazyk. Ol atyndan çalt düşüp, atyň teblesini ýere 
kakdy. 
TEBLE [tevle] IIat, ser. TeblehanaSiz baryň 
Baýandyr hanyň teblesinden iki sany şabaz ýüwrük at 
getiriň (

Kitaby dedem Gorkut

). 
TEBLEBAZ [tevleva:z] at. Attutar. Garçgaly 
teblebazly han ýigit, Ahuw gözli, şasuwarym sen ýigit 
(

Melike – Dilaram

).  
TEBLEHANA [tevleha:na], at. At daňylýan 
ýörite jaý, athana. Ýaňky at tutan nöker baýyň atyny 
teblehana alyp gitdi. 
TEBSIR [tevsir], at, k.d., serTefsir.
TEBSIREME [tevsireme], iş ady. Tebsiremek 
ýagdaýy. 
 TEBSIREMEK 
[tevsiremek], 
işl. 
1
Suwsuzlykdan, teşnelikden ýaňa agzyň kepemek, 
guramak, suwsamak, suw islemek. Seýdi diýer, iki 
çeşmim gurydy, Suw tapmady, tebsiredi dodagym 
(Seýdi). 2. göç.m. Söýgi, isleg-arzuw duýgusy 


359 
güýjemek. Meniň suwsuzlykdan ýaňa agzym 
tebsiredi. 
TEBSIREMEKLIK [tevsiremeklik], iş ady. 
Tebsiremek ýagdaýy. 
TEBSIREŞMEK [tevsireşmek], işl. Birnäçe 
bolup, köpçulikleýin tebsiremek, suwsamak. 
TEBSIRETMEK [tevsiretmek], işl. Suwsatmak. 
TEBSIREÝIŞ [tevsireýiş], iş ady. Tebsiremek 
ýagdaýy. 
TEÇJAL [teçja:l / tetja:l], at. Harteçjal. 
TEDBIR [tetbi:r], at, k.d. Alaç, çäre. Sabyr 
eýlemek bile bitmez bu işiň, Tedbirin edere ýokdur hiç 
kimiň (

Şasenem – Garyp

). Häzir siziň öýüňizge 
baryp, bu işleriň tedbirini kylmagymyz gerek 
(

Kasym oglan

). 
TEFSIR [tefsi:r], at. Haýsydyr bir tekste 
(kanunlara, kadalaşdyryjy namalara, kitabyň içinde 
her hili wakalara, adam atlaryna we ş.m. ) beriilýän 
düşündirişler. 
TEG [teğ], üml. Owlagy kowmak üçin ulanylýan 
söz. 
TEGBENT [teğvent], at. Hala, kürtä, gyňaja we 
beýleki eşiklere salynýan pişme şekilli nagyş. 
TEGEK [teğek], at. 1. Daşyna sapak saralan tigir. 
2. Daşyna nämedir bir zat saramak üçin agaçdan ýa-
da metaldan bolan enjam.  

Tegek bolmak iýilýän zat aňry geçmän, 
bogazda galmak. 
TEGELEK [teğelek], at. 1. Dürli ululykdaky 
halka görnüşli aýlaw. Bir tegelekçörekTegelek aý. 2
Hemme nokatlary merkezden deň derejede uzaklaşan 
bitewi töwerek. Olar howlynyň daşynda uly tegelek 
gurupdyrlar. 3. göç.m. Tutuş, bütin. Men senden 
tegelek on ýaş kiçidirin. 

Tegelegi ters aýlanmak ähli ýere baryp
çykmak. 
TEGELEME [teğeleme], iş ady. Tegelemek 
ýagdaýy. 
TEGELEMEK [teğelemek], işl. 1. Tegelek
görnüşine salmak, getirmek. Ol demri tegeläp kesip, 
gazana gapak ýasady. 2. göç.m. Doldurmak. 
Guýruklaryny mazaly tegelän baggoýunlar kölegede 
ýatyrdylar. 3. Tutuş, bitin etmek. Bölüp-büçüp 
oturma-da, bahasyny ýüze tegeläý. 
TEGELEMEKLIK 
[teğelemeklik], 
iş 
ady.Tegelemek ýagdaýy. 
TEGELENIŞMEK [teğelenişmek], işl. Köp 
bolup aýlaw gurap oturmak, tegelenip oturmak. 
Adamlar bagşynyň daşynda tegelenişip oturdylar. 
TEGELENMEK [teğelenmek], işl. Tegelek 
bolmak, tegelek ýagdaýda bolmak. Küştçüler 
soňabaka tegelenip oturan uly üýşmege öwrüldi. 
TEGELETMEK [teğeletmek], işl. Tegelemek 
işini başga birine etdirmek. 
TEGELEÝIŞ [teğeleýiş], iş ady. Tegelemek 
ýagdaýy. 
TEGE-TEGE [teğe-teğe], üml. Owlagy ýanyňa 
çagyranyňda aýdylýan söz. 
TEGIN [teği:n], at, kön.s. Han maşgalalarynyň 
kiçi wekillerine berilýän dereje, at. 
TEGMIL [teğmil], at. 1. Bir zadyň degmeginden 
galýan yz, dürli reňkdäki menek. Köýnekdäki tegmil. 
2. Ýüze düşýän menek. 3göç.m. Yz, täsir.  
TEGMILLI [teğmilli], syp. Tegmili bolan, tegmil 
bolup galan. Ol indi geçmiş bolup galdy, özem 
tegmilli geçmiş (

Garagum

). 
TEH, at, k.d. Bir zadyň düýbi, asty, aşagy (ser
Teý). Tamy gaçyp inmiş ýeriň tehine (Magtymguly). 
TEHNIKA 
[te:hnika], 
at. 
1. Önümçilik 
gurallarynyň hem-de adam zähmetiniň ýokary 
öndürijiligini gazanmak üçin ulanylýan serişdeleriň, 
enjamlaryň jemi. 2. Maşynlar, mehaniki gurallar, 
gurluşlar. Tehnikany aýap saklamak.Oba hojalyk 
tehnikasyMaşyn gurluşyk tehnikasy
TEHNOLOGIÝA 
[tehnolo:ğyýa], 
at
1
Materiallary gaýtadan işlemegiň usullaryny, önümleri 
ýasamagy, taýýarlamagy we şol işler bilen 
baglanyşykly bolup geçýän ýagdaýlary, ýüze çykýan 
hadysalary öwrenýän ylmy ugur. 2. Şol ylmyň 
nazaryýet esaslaryny özünde jemleýän okuw dersi. 3
gepl.d. Okuw dersiniň mazmuny beýan edilýän okuw 
kitaby. 4. Islendik bir işde, senetçilikde, sungatda 
ulanylýan usullaryň jemi. 
TEJEGOR [tejeğor], at. Jaýyň diwarynyň 
ýokarsynda kese boýuna öňe çykyp duran haşamly 
bölegi, täjigor. 
TEJRIBE [tejiri:ve], at. Iş ýüzünde özleşdirilen 
tälim, synag, iş türgenligi, başarnygy. 2. Barlap 
görmek maksady bilen her hili şertlerde geçirilýän 
çäre, synag. Bu geçirilen tejribe örän şowly bolup 
çykdy.3. Ylmy ýol bilen alnan bilimleri iş ýüzünde 
peýdalanmaklyk, 
berkitmeklik.Talyplar 
tejribe 
geçdiler. 
TEJRIBEÇI [tejiri:veçi], at.1. Tejribe, synag 
geçirýän adam. Tejribeçiler synag meýdanyna 
geldiler.2. Belli bir ugur boýunça işlemäge başlamak 
maksady bilen tejribe geçýän talyp; öz okaýan 
ugrundan öwrenýän ýaş hünärmen. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   584   585   586   587   588   589   590   591   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling