Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet596/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   592   593   594   595   596   597   598   599   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ten bermek razy bolmak, uýmak, boýun 
bolmak. Magtymguly aýdar sözlerim hakdyr, Emma 
ki hak söze ten beren ýokdur (Magtymguly). Ten 
bilmez bolmak ten agyryny, urgyny duýmazlyk. Ten 
bilmez bolaýypdyryn, köwşümiň aýagyma degenini-
de bilmändirin. 
TENDIRMEK [tennirmek], işl. Çala bişirmek. 
TENEat,gepl.d. Adamyň, haýwanyň eti-gany.
TENEÇIR Iat. Uzyn bedenli, goşa ganatly, çalt 
uçýan, ýyldyrawuk möjejik. 
TENEÇIR IIat, zergärç. 1. Gulakhalka, ysyrga. 
Gyzjagazyň gulagynda gyzyl teneçir ýaldyraýardy. 2
Gyzlaryň tahýanyň etegine dakyp, gulaklarynyň, dört 
örüm saçlarynyň üstünden goýberýän şelpeli şaýy.
TENEKAR [teneka:r], at. 1. Metal zatlary sepläp 
tutdurmak, kebşirlemek üçin ulanylýan ak un ýaly 
himiki jisim. Gulag-a beýlede dursun, tagsyr, 
burnunyň ornuna tenekar sepip, burun goýýarlar 
(

Görogly

). 2. göç.m. Dermanyň ornuny tutýan 
zatlar; derman, em. Çorba adamyň jany üçin 
tenekardyr (

Watan

). 
TENELIsyp. Eti-gany ýerinde, gurat, semiz.
TENGIN [tenğin], at. Gyzgyn, yssylyk zerarly 
tene, bedene örýän owunjak düwürtik, örgün. 
Çaganyň alkymyna tengin örüpdir. 
TENHA [tenha:], hal. Ýalňyz, täk, ýeke, ýeke 
özi, bir özi. Indi bolmady, Göroglynyň üstüne tenha 
özüm gideýin (

Görogly

).
TENHALYK [tenha:lyk], at. Ýalňyzlyk, täklik, 
ýekelik. 
TENMEiş ady. Tenmek ýagdaýy. 
TENMEK, işl. Gyzgyn, yssy zerarly teniň bişip,
owunjak düwürtik örmek. Onuň endamy doly tenipdi. 
TENNIS [te:nni:s], at. Ýörite meýdançada ýa-da 
stoluň üstünde kiçijik top we raketka bilen oýnalýan 
sport oýny. 
TENTEKsyp. Akyly ýetmez, kelesaň, düşünjesi 
pes, akylyny aldyran. Akmak özün akyl diýr, Tentek 
özün sag saýar (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   592   593   594   595   596   597   598   599   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling