Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TELKERMEK
- TELLEMEKLIK
- TELLEŞDIRMEK
- TELLI-PELLI
- Telpegi agan
- TELPEKÇI
- Telpekläp ýagmak
TELÄR [telä:r], at. 1. Öýüň işiginde, ekin
meýdanynyň düşelge ýerlerinde kölegeläp oturmak üçin, dört burçundan agaç dikeldilip, üsti gamyş-hyşa bilen örtülen bassyrma. Gowusy, sen şu teläre çykaý ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Ýüpek gurçuk tutmak üçin agaçdan galdyrylan beýik bolmadyk seki. Gurçuklar teläre çykaryldy. TELIM, çal. Birnäçe, ençeme, köp. Ondan bäri telim ýyl geçdi. TELKERIŞ, iş ady. Telkermek ýagdaýy. TELKERIŞMEK, işl. Köp ýeri telkermek, salparyşmak. TELKERME, iş ady. Telkermek ýagdaýy. TELKERMEK, işl. Giňemek, salparmak, süýnmek, gyşarmak. Onuň geýip ýören köýnegi eýýäm telkeripdir. TELKERMEKLIK, iş ady. Telkermek ýagdaýy. TELKERTMEK, işl. Gyşartmak, salpartmak. TELKI, syp. Gereginden artyk; giň, uly. Köýnegiň ýakasynyň tikilişi telki. TELLEMEK, işl., gepl.d. Bölmek. Seniň baýragyňy telläp goýduk ( Edebiýat we sungat ). TELLEMEKLIK, iş ady. Tellemek ýagdaýy. TELLENMEK, işl. 1. Bölünip-bölünip goýulmak. Et tellendi. 2. göç.m. Hereketlenmek, eýläk-beýläk gymyldamak. Ýol ýöräňde iki goluň tellener (Kemine). TELLEŞDIRMEK, işl. Bölek-bölek edişdirmek, bölüşdirmek, telläp çykmak. Gassap sygryň etini derrew sekiz bölege telleşdirip çykdy. TELLEŞMEK, işl. 1. Tellemäge kömek etmek. 2. Bilelikde tellemek. TELLETMEK, işl. Paýlatmak, böldürmek. Eti telletmek. TELLEÝIŞ, işady. Tellemek ýagdaýy. TELLI-PELLI, hal. Ýeter-ýetmez, ýykma- ýykylma, eýdip-beýdip. Telli-pelli bilen mydar edip bolmaz. TELPEK, at. Her hili uzyn tüýli deriden, baganadan we ş.m. tikilip, kellä geýilýän gap. Ak telpegiň deriden, Ýürek bagrym eriden (Läleden). Telpegi agan öň bir gezek öýlenen, öýlenip dul galan. Telpegini ters geýdirmek almytyny bermek, emini bermek. Telpegiňde dawam bar ýersiz ýere, hiç bir sebäpsiz yrsaramak. Telpegiňi göge zyňmak gaty begenmek, şatlanmak, işiň oň bolmak. Telpek goýmak biriniň haýsydyr hereketine göwnüň ýetmek, edermenligine, her bir tarapdan başarnygyna haýran galmak. TELPEKÇI, at. Telpek tikýän ussa. TELPEKLEMEK: telpek kakmak iki metr çemesi belentlikde gazyga ildirilen telpegi ylgap gelip, aýak bilen kakyp gaçyrmak bilen baglanyşykly oýun. Telpekläp oturmak gol atyp başlamak, gol ýaýradýan ýagdaýynda bolmak (gawun pazyly hakynda). Gawunlaryň telpekläp oturanlary hem, gol uzadanlary hem bardy ( Edebiýat we sungat ). Telpekläp ýagmak tozgalap ýagmak (gar hakynda). TELPEKLIK, syp. Telpek tikmek üçin gerek bolan (deri, bagana we ş.m. zatlar). Telpeklik bagana. TELPER, syp. Çuň bolmadyk, ýalpak (gap-gaç hakynda). Telper jam. TELPERLIK, syp. Ýalpaklyk, çuň dällik. TEL-TAGT [tel-tağyt]: tel-tagt bolmak içi suwdan dolmak, suwa gark bolmak (suwarylýan ýer hakynda). TELWAS [telwa:s], at. Isleg, höwes, arzuw, joşgun, hyýal, talwas. Keşt edip gezer men ilden- illere, Däli köňlüm telwas eder güllere (Kemine). Köňül telwas eder, Watanym, seni (Seýdi). TEMA [te:ma], at. Ýöredilýän pikiriň, beýan etmäniň we döredijiligiň esasy mazmyny, bagyşlanýan zady, predmeti. Hekaýanyň temasy. Gürrüňiň temasyny üýtgetmek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling